Bu pany jahan içre bolma awâra bende, Hayry goyup, başyňy sokmagyl şere, bende, Berme jana kast edip, özüň betkäre, bende, Yhlas bilen hyzmat kyl ol hasy-âma, bende, Getiripdir ol seni yok yerden bara, bende. Eyâ gapyl adamzât, öter ömrüň gaflatda, “Tutsam” diyr sen jahany bir setde, bir sagatda, Yat etmez sen hudany, bolmaz sen ybadatda, Gözleriň nämähremde, tiliň gybat, töhmetde, Haypyň gelmez janyna ey, yüzi gara, bende. Dünyälik diyp, yortar sen, yaňylmaz sen, yazmaz sen, Ugruňy tanymaz sen, hiç parahat gezmez sen, Nebsiň rayyna gidip, haramdan el üzmez sen, Teniň üzre goysalar, bir uçguna dözmez sen, Anda niçik çydar sen, salsalar nâra, bende. Haybat bilen gelerler gör içinde melekler, “Hudayyň, pygamberiň kimdir?” diyip heläkler, Jagap bermek müşgildir, titrär etler, süyekler, Aman kylmaz puşeymân, kabul bolmaz dilekler, Ygtyyar gider senden, goyarlar zora, bende. Ey Zelili, sen özüň sygyn Züljelâlyňa, Andan gayry kimiň bar, yetişerge halyňa, Nesihatyň tutam yok, eye bolgun tiliňe, El-ayagyň güwädir bar eden agmalyňa, Munda gizlin iş, anda bolar äşgäre, bende.

Köneler, sahett tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir