%d%aHz. Pygamberimiz sallallahy aleýhi wesellem:%d%a%d%a“Aýallar bilen salyhatly gatnaşykda boluň, sabyrly hereket ediň, çünki aýal gapyrga süňkünden ýaradylandyr. Bu süňk egridir. Ony düzeltmäge çalyşsaň, döwersiň, öz erkine goýberseň-de şol egriligine galar”.%d%a“Ymmatyma kynçylyk bolmajagyny bilsedim, onda olara her namazda miswak ulanmakylyryny emir ederdim”.%d%a“Sizden biri erbetlige duş gelen wagty ony eli bilen gaýtarsyn. Oňa güýji ýetmese, dili bilen onuň erbetdigini aýtsyn. Muňa-da güýji ýetmese, ýürekden ol işi, ýagdaýy ýigrensin. Munuň soňkusy imanyň iň pes derejesidir”.%d%a“Ýadynda Kurandan hiç hili aýat bolmadyk bir kişi haraba dönen bir öý kimindir”.%d%a“Kuranyň haram eden zatlaryny halal hasaplan kişiniň Kurana ynanmadygydyr”.%d%a“Kurandan bir harp okan birisi bir hasene (ýagşylyk) gazanar. Onuň ol ýagşylygyna bolsa on esse sogap berler...”.%d%a“Diňe iki kişä imriniler: Birinjisi, Kurany öwrenen we gije-gündiz ony okaýandyr. Ikinjisi bolsa, Allah Tagala tarapyndan özüne baýlyk yhsan edilip, ol baýlygyny gije-gündiz Allah ýolunda sarp edýän kişidir.”%d%a“Kuran okaýan mümin edil ütrüjje (apelsin) ýalydyr. Onuň ysy-da, tagamy-da gözeldir. Kuran okamaýan mümin hurma ýalydyr. Onuň ys-koky ýokdur, emma tagamy gowudyr. Kuran okaýan mynapyk reýhana meňzär. Onuň ysy gözeldir, tagamy welin ajydyr. Kuran okamaýan mynapyk bolsa Ebu Jehil garpyzyna meňzär. Onuň ys-kokunyň bolmaýşy ýaly, tagamy-da ajydyr.”%d%a“Allah Tagala gürrüňsiz bu Kuran bilen (amal edýän we okaýan) kowumlary beýgelder. Onuň bilen amal etmeýänleri we ony okamaýanlary bolsa peselder.”%d%a“Kimde kim Kurany okasa we ýat tutsa, Onuň halal eden zatlaryny halal, haram edenini-de haram kabul etse, Allah Tagala ol kişini jennete alar. Aýratyn hem ýakynlaryndan jähenneme girjek bolan on kişä şepagat etme haky berler”.%d%a“Kimde kim Kurany okap, onuň bilen amal etse, Kyýamat güni onuň kakasyna bir täç geýdiriler. Bu täjiň şöhlesi Günüň öýleriň içini ýagtylandyryşyndan has gözeldir. Onda siz hut Kuran bilen amal edeniň nähili şöhle saçjakdygy barada pikir edýärmisiňiz?”%d%a“Kurany Kerimi okaýan bir kimse soňradan (ol ony terk etse we okamakylygy) unutsa, Kyýamat güni ol jüzzamly (pis açan) halda Allaha gowşar”.%d%a“Kurany teganni (kadaly, labyzly) okamaýan bizden däldir”.%d%a“Allah Tagala gözel sesli Pygamberiň Kurany teganni bilen okamagyndan razy bolşy ýaly, başga hiç bir zatdan razy bolmandyr”.
Hadyslar
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- %d%aHADYSLAR ÇEMENI%d%aSemure b. Jündüb şeýle habar berýär: “Resullullah (s.a.w.) köplenç sahabalaryna: “Siziň içiňizde düýş göreniňiz barmy?” diýip sorardy. Şondan soň oturanlaryň arasynda kim düýş gören bolsa, düýşüni gürrüň bererdi. Ol (s.a.w.) hem Allanyň halan uslybynda ol düýşi ýorardy. Bir gezek Pygamberimiz (s.a.w.) ertir säher bilen şeýle diýdi:%d%a“Öten agşam düýşümde ýanyma iki sany adam gelip, maňa “ýöre” diýdiler. Men-de olar bilen bile ýöredim. Soňra biz arkasyny bir zada ýaplap oturan bir adamyň ýanyna geldik. Seretsem, onuň baş ujunda, eli bir bölek ullakan daşly birisi dur. Ol adam elindäki daşyny oturan adamyň depesinden inderýär we onuň kellesini ýarýar. Ondan soň daş-da ýere gaçyp togalanyp gidýär. Ýaňky adam ol daşyň yzyndan ylgap, ony eline alyp yzyna dolanyp gelýänçä, oturan adamyň kellesi oňat bolýar duruberýär. Eli daşly adam bolsa, şol öňki hereketlerini gaýtalap dur. Soňra ýanymdakylara:%d%aSubhanallah, bu nedir? – diýdim.%d%aSen ýene ýöräber – diýdiler.%d%aÝene-de ýöredik we arkan ýatan bir adamyň ýanyna geldik. Bir seretsem, onuň başujunda eli çarşakly birisi dur. Ol ýatan adamyň gapdalyna geçip, elindäki çarşagyny onuň agzynyň, burnunyň bir gyrasyndan sokup, çarşagyny towlap, agzyny, burnuny ýirýär hem-de gözüniň birini düýbünden çykarýar. Soňra ýatanyň beýleki gapdalyna geçip, edil ýaňky edişi ýaly, onuň beýleki gözüni çykarýar we agzynyň, burnunyň beýleki gyrasyny ýirýär. Ýöne ol onuň ýüzüniň bir tarapyny edýänçä, beýleki tarapy oňat bolýar duruberýär. Ol şonda-da bu işini dowam etdirip dur. Men-de durup bilmän:%d%a- Subhanallah, bular nedir? – diýdim.%d%a- Sen entäk ýöräber – diýdiler.%d%aBiz-de ýöredik. Ahyry tamdyra meňzeş bir küräniň ýanyna geldik. Bir görsem ol küräniň içinden düşnüksiz sözler, erbet goh-galmagaldyr agy sesleri eşidilýär. Ol küräniň içine seretsek, içi ýalaňaç erkekmi-de aýaldan doly. Aşaklaryndan bolsa ot tutaşdyrylypdyr. Ot tutaşdygyça-da olar wägirişip, dady-perýat edýärler.%d%aMen-de:%d%aBular nedir? – diýdim.%d%aSen ýöre-ýöre – diýdiler.%d%aÝöredik. Bir derýaň boýuna bardyk. Suwuň reňki bolsa, edil ganyň reňki ýaly gyp-gyrmyzy. Bir seretsem, derýada biri ýüzüp ýör. Derýanyň kenarynda-da töweregine birgiden daş üýşürilgi bir adam dur. Ol derýaň içindäki adam bolsa güýjüniň ýetdiginden ýüzüp, hälki, ýanyna bir topar daş üýşürilgi adamyň ýanyna gelýär we agzyny açýar. Ol adam-da onuň agzyna bir daş atýar, ol-da täzeden ýüzüp gidýär. Soňra aýlanyp ýene-de derýanyň kenaryna gelýär. Edil öňküsi ýaly, her gelende-de agzyny açýar, beýlekisi-de oňa bir daş ýuwutdyrýar.%d%aBu ikisi nämedir? – diýdim.%d%aÝöre-ýöre – diýdiler.%d%aÝöredik, soňra biz, şeýle bir murdar, şeýle bir aýylganç, hatda “Bu ynsanmyka bir” diýiljek bir adamyň ýanyna geldik. Seretsek, ol adam ot ýakyp, ol oduň daşyndan aýlanyp dur.%d%aBu näme? – diýdim.%d%aÝöräber, ýöräber – diýdiler.%d%aÝöredik. Ahyry, her dürli gül-gunçalar ösüp oturan, ýaýylyp ýatan gülälekli meýdana ýetdik. Seretsem, meýdançanyň ortarasynda uzyn boýly bir adam dur. Eger biraz gijiräk galan bolsam, onda onuň seleňläp göge ýetip duran başyny görüp bilmezdim. Daşyny-da henize bu güne çenli görmedik çagalarym. Çagalar şeýle kän welin, sanap gutarar ýaly däl.%d%aBular näme? – diýdim.%d%aÝöräber, ýöräber – diýdiler.%d%aÝöredik. Bir agajyň ýanyna geldik. Men henize çenli beýle beýik we owadan agajy görmändim. “Bu ýere gir!” diýdiler, girdik. Seretsem, kerpiçlerine çenli altyndyr kümüşden gurlan, giden bir şäher. Şäheriň derwezesine bardyk we ol gapynyň açylmagyny isledik. Gapy açyldy. Seretsek, bizi garşylamak üçin birgiden adam garaşyp dur. Özünem olaryň ýarpy göwreleri-hä şeýle bir owadan, şeýle bir gözel, beýleki ýarpy göwreleri-de diýseň gorkunç, diýseň pis. Ýanymdaky şol iki kişi olara: “Gidiň-de derýa giriň” diýdiler. Seretsem, öňümizde çüýşe ýaly dury suwly, lummurdap derýa akyp ýatyr. Özünem, şeýle bir giň welin, aňyrsyna-bärsine göz ýeter ýaly däl. Suwuň reňki bolsa, edil arassa süýdüň reňki ýaly. Ýaňkylaryň hemmesi bu derýa girip çykdylar. Soňra bolsa, dolanyp biziň ýanymyza geldiler. Seretsem, olardaky hälki erbetlikleriň ählisi aýrylypdyr we şeýle gözel şekile giripdirler. Ýanymdakylar maňa: “Bu Adn (Jennetde bir derejäniň ady) Jennetidir. Şu-da seniň mekanyňdyr” diýdiler. Gabagymy galdyryp seretsem, ak buluda meňzäp duran bir köşk dur. Olara:%d%aAllah bereketiňizi artdyrsyn. Meni-de goýberiň, gireýin – diýdim.%d%aHäzir bolmaz, emma sen ol ýere girersiň – diýdiler.%d%aBu gije geň-ajaýyp zatlar gördüm, bu görenlerim nämäň alamatydyr? – diýdim.%d%aBiz saňa bulary aňladaly diýip, başdan-aýak bolup geçen zatlary düşündirmäge başladylar. Ilki görenimiz, depesine daş bilen urlup, sütem edilýän adam, Kuran okamagy öwrense-de ony okamaýan we uklap, parz namazlaryny wagtynda ýerine ýetirmeýän adamdyr. Ol erni, burny çarşak bilen towlanyp, düýbünden ýyrtylyp, tä ýeňsesine çenli süýndirilen we gözi köwlenip çykarylan adam-da, öýünden ertir bilen ýaman niýetli çykyp, tä uzaklara çenli ýalan gepler ýaýradan birisidir. Tamdyra meäzeş küräniň içinde, astynda ot goýberilen ýalaňaç erkekler we aýallar bolsa
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- bolsa, zyna edenlerdir. Derýada ýüzüp ýören we aralygynda kenara gelende agzyna daş atylýan adam bolsa, faiz iýen (prosent alan süýthor) kişidir. Ot ýakyp daşyndan aýlanyp ýören, aýylganç görnüşli birisi bolsa, jähennem işleri bilen jogapkärli Mälik atly melekdir. Gülälekli meýdandaky uzyn boýly adam bolsa Ybraýym Aleýhisselamdyr. Töweregindäki çagalar-da heniz kiçijik ýaşda ölen çagalardyr...%d%aEý, Resulallah, olaryň içinde müşrikleriň çagalary-da barmydyr? Ol günäsizje çagalaryň içine olar hem girýärmi? – diýip soraldy.%d%aMüşrikleriň çagalary-da ahyretde musulman çagalary ýalydyr. Ol, ýarpy göwresi owadan, gelşikli, galan bölegi-de aýylganç kişiler bolsa, ýagşy amallar bilen birlikde ýaman işleri-de edenlerdir, ýagny hem sogap, hem günä ýüki bilen gelenlerdir. Eden ýagşy-ýagşy işleri üçin Allah Tagala olary bagyşlandyr..
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- %d%a© www.mugallym.narod.ru %d%a
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Gununiz hayyrlara beslensin
-
vipboy
12 years ago
- bibi pransentlan namay
-
Oguzogly
12 years ago
- yetireninize minnetdar
Kurany kerimin gudratyny sanasan sanawermeli bizin bu durmushymyzyn dogry yoly Kurany kerim
bu pany dunyani terk edip ahyryyet oyumize Kurany kerimli barmak hemmamize nesibe aylandyrsyn
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- Prosentsiz copy paste bolsa gowy bolardy
tekegyzytatyana 12 years ago- %d%aEnesden (r.a.) rowaýat edilen bir hadysda:%d%a“Kimde kim şeýtanyň şerinden Allah Tagala on gezek sygynsa, ýagny “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” diýip aýtsa, onuň üçin bir melek wezipelendiriler, şeýtan ol kişiden uzaklaşar”.%d%a%d%aÝene bir Hadysy Şerifde:%d%a“Mümin “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” aýdanda şeýtan: “Bilimi döwdüň, saňa bir zat etmäge takadym galmady” diýer” diýilýär.%d%a%d%aHezreti Aly (r.a.) aýdan:%d%a“Üstüňe bir howp abanan wagty “Bismillähirrahmanirrahym. We lä hawle we lä kuwwete illa billähil aliýýil azyým” diý. Allah Tagala seni hökman dürli musybetdir bela-beterlerden gorar, olary senden sowar.”%d%a%d%aÝene bir Hadysy Şerifde:%d%a“(Häzire çenli) inderilen Kitaplaryň içindäkileriniň ählisi Kuranyň içindedir. Kuranyň içindäkileriniň ählisi “Fatihanyň” içindedir. “Fatihanyň” içindäkileriniň ählisi-de “Besmeläniň” “b” harpyndadyr”.%d%a%d%aEnes b. Maligiň (r.a.) rowaýat etmegine görä:%d%a“Kimde kim öýünden çykanda: “Bismillähi tewekkeltü alellahi lä hawle welä küwwete illä billäh” diýse, ol melekler tarapyndan goralar. Şeýtan ondan uzaklaşar.%d%a%d%aMuhiddin Ibni Arabi hezretleri “Fatihaýy Şerifäniň” fazyleti hakynda:%d%a“Möhüm bir zerurlygy bolan kimse “Fatihaýy Şerifi” agşam namazynyň parzyndan soňra kyrk gezek okasyn we Beýik Biribardan näme dilegi bar bolsa dilesin, hökmany suratda onuň dilegi kabul bolar. Biz synap gördük we dogrulygyna göz ýetirdik” diýip aýdandyr.%d%a%d%aHadysy şerifde:%d%a“Kimde kim parz namazlaryndan soňra “Aýatül Kürsini” okasa, ol beýleki namaza çenli Allah Tagalanyň penasyndadyr...”%d%a%d%aBiri gürrüň berýär:%d%a“We lä eudühu hyfzuhümä we hüwel aliýýül azyým” aýatyny gaýta-gaýta okamak bilen kapyr jyny ýakdy.%d%a%d%aHz. Omar (r.a.) buýurýar:%d%a“Kimde kim säher bilen ýerinden turaga-da: “Aýatül Kürsini” bir gezek okasa, okan wagty öňüne, yzyna, sagyna, soluna, aşagyna, üstüne, içine, soňundan-da, özüni halka içine alsa, ýagny daşyny halkalasa ol gün ol kimsäge hiç bir zat zyýan berip bilmez...”%d%a%d%aEbu Zerr (r.a.) Resuly Ekremden şulary gürrüň berýär:%d%a“Allah Tagala “Bakara” süresini şeýle iki aýat bilen tamamlady. Bulary maňa Arşyň aşagyndaky bir hazynadan berdi. Bulary öwreniň, aýallaryňyza, çagalaryňyza hem öwrediň, çünki bular hem namazdyr, hem dogadyr, hem-de “Kurandyr”.%d%a%d%aHz. Omar bilen Hz. Aly (r.a.) bolsa şeýle aýdypdyrlar:%d%a“Bakara” süresiniň soňundaky bu iki aýaty akly başynda bolan her bir adam okamazdan uklamaz.%d%a%d%aArif Pamuk bolsa “Süreleriň fazyleti” atly kitabynda şeýle belleýär:%d%a““Ýasin” süresini dowamly okamaklygy özüne endik edinen bir kişä dünýä we ahyret üçin haýyrly bolan her bir zady hödür-kerem eder. Dünýä bilen baglanyşykly ähli kynçylyklar bu süräni okamaklygy dowam etmek bilen ýok bolar. Ahyret hyzmatlaryna böwet bolan päsgel aradan aýrylar we rahat ybadat etme mümkinçiligi dörär.%d%aBu süreýi şerifäni okamaklygy dowam edýän kişi her haýra ýol açar, her hili erbetligi-de özünden daşlaşdyrar. Her kim bu süräni okap wesile edinse, Allahdan näme islese oňa yhsan ediler.”%d%a%d%aResuly Ekrem “Süreýi Ýasin” hakynda:%d%a““Ýasin” Kuranyň ýüregidir. Gürrüňsiz ol bütin dertlere şypadyr.”%d%a%d%aEnes (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle aýdandygyny gürrüň berýär:%d%a“Her gije “Ýasin” süresini okaýan kişi hökmany suratda şehit bolup öler.”%d%a%d%aMakil bin Esaryň rowaýat etmegine görä Resuly Ekrem (s.a.w.):%d%a““Ýasin” süresini ölüm ýassygyndaky adama okaň” diýip buýrupdyr.%d%a%d%a““Ýasin” süresi ölümi ýakynlan syrkawyň ýanynda okalsa, Allah Tagala onuň jan bermesini ýeňilleşdirer.”%d%a%d%aÜmmüd-Derda (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:%d%a“Yzyndan “Ýasin” süresi okalan meýdiň azaby ýeňilleşer.”%d%a%d%aIbni Nejjar Hz. Äşeden (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:%d%a“Kimde kim her anna (juma) güni ejesiniň, kakasynyň ýa-da olardan biriniň gabryna zyýarat edip, onuň başujynda “Ýasin” süresini okasa, okan her bir harpynyň sanyça olar magfyret ediler.”%d%aGonamçylyga gitmezden öýünde okap bagyşlamagyň hem deň derejede sogaby bardyr.%d%a