Bal – dürli ösümlikleriň güllerinden ýygnalyp alynýan süýji nektar. Bal adamyň içki organlarynyň köpüsiniň işini kadalaşdyrýar, ganyň düzümini gowulandyrýar, bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýar, ony wagtyndan öň garramakdan saklaýar. Bal örän ýokumly serişdedir. Onuň esasy maddalary: uglewodlar, mineral maddalar, witaminler, fermentlerdir. Bir ýylyň dowamynda günde 20-50gr bal ulanylanda, ganyň düzümi gowulanýar, adamyň bedeninde maddalar alyş-çalşygy kadalaşýar. Balyň düzümine, esasan, beýleki önümlerde seýrek duş gelýän fruktoza,witaminler, şeýle-de kaliý, magniý ýaly mineral maddalar girýär. Bal we balçylygyň dürli önümleri adamzada belli bolan keselleriň ählisini bejermekde ulanylýar. Arylar ösümliklerden adamyň saglygyna şypa berip biljek ýokumly maddalary – gülüň şirejigini toplap, öz deňsiz-taýsyz täsin önümini öndürýärler. Ol önüm uzak wagt saklansa-da, hilini, ýokumlylygyny ýitirmeýär. Biziň döwrümiz – wirus keselleriniň giňden ýaýran döwri. Lukmanlar kesellere garşy täze-täze antibiotikleriň, antiseptikleriň gözleginde. Emma wiruslar we kömelek ýokançlyklary örän çalt köpelip, döredilýän derman serişdelerine tiz uýgunlaşýarlar. Ýöne, näme üçindir, bu ýokançlyklar bala ýanaşyp bilmeýär. Ýetişen bal açyk gabyň içinde saklansa-da zaya bolmaýar. Ol adaty ýakymly ysyny ýitirip biler, özüne çyglylygy, özge yslary çekip biler, emma hiç-bir ýagdaýda zaýalanmaz, heňlemez, çüýremez. Açyk gabyň içinde saklanan suw birnäçe günden ýaramlylygyny ýitirýär. Emma bal - iýmit önümi bolmak bilen çäklenmän, ýokary derejeli derman önümidir. Ol tebigy konserwant hökmünde adamzada ömürlik berlen peşgeşdir. Aşgazanyň we onkibarmak içegäniň baş keseli iň ýaýran keselleriň biridir. Bu ýagdaýa duçar bolan adam üç hepdäniň dowamynda nahardan ýarym sagat öň bir nahar çemçe bal iýse, keselden saplanar. Baly kosmetiki serişdeleri taýýarlamakda-da giňden ulanýarlar. Ol derini ýumşadýar, onuň çeýeligini ýokarlandyrýar, guramakdan we hamyň sypyrylmagyndan goraýar. Bal mikroblary öldürmäge ukyply bolup, çişmä garşy, allergiýa garşy göreşmek häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Bal umumy bedeni berkidiji, gurplandyryjy, güýjiňi dikeldiji serişde hökmünde ulanylýar. Ary saklap, balçylyk bilen meşgullanýan adamlaryň içinde düwnük (rak) keseli bilen syrkawlanlary gabat gelmeýär. Balarylary idedilýän ýerde özboluşly mikroklimat döräp, onuň howasy diňe bir arassa bolmak bilen çäklenmän, şypa beriji ajaýyp gülleriň, balyň, ary öýjügindäki mumuň ysy bilen baýlaşandyr. Ary idedýän adamlar, melhemli tebigatyň ysyndan dem alyp, balçylygyň dürli önümlerinden peýdalanýarlar. Bu şertleriň ählisi adamyň ýaşaýşynyň esasy sazlaýjysy bolan beýnä oňaýly täsir edýär. Halk lukmançylygynda bal bilen bejermekligiň käbir usullary Kesel bejermek maksady bilen baly esasan-da eredilen görnüşinde peýdalanmak maslahat berilýär. Şu ýagdaýda onuň düzümindäki bölejikler gana, soňra bolsa bedeniň öýjüklerine we dokumalaryna aňsatlyk bilen ornaşýar. Bal bilen bejermek bellenen ýagdaýynda, onuň düzümindäki köp mukdarly siňňitli uglewodlaryň wegetatiw nerw ulgamyna we bedendäki maddalaryň çalşygyna oňaýsyz täsir etmekliginiň öňüni almak üçin, her bir syrkawa aýratyn çemeleşmeli, olara laýyk gelýän balyň görnüşini saýlap almaly we özüne görä mukdaryny bellemeli. Ganazlykdan kösenýän adamlar,öz ayratynlygyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda 50-100 gr bal iýse, ganynyň düzümi kadalaşar, kellagyrysy, baş aýlanmasy, ýadawlygy aýrylyp, özüni duýşy gowulanar. Gany az adama esasan greçiha baly peýdalydyr. Göz keselleriniňkäbirini bal bilen bejermeklik oňat netije berýär. Bir bulgur suwa bir çaý çemçe bal goşup, iki minudyň dowamynda gaýnatmaly. Bally suwy sowadyp, ony pagta siňdirmeli we gözleriň üstünde, günüň dowamynda 2 gezek (ertir we agşam) 20 min goýmaly. Agyz boşlugyny we bokurdagy bally ergine çaýkasaň (1 bulgur ýyly suwda 1 nahar çemçe baly eretmeli) badam şekilli mäzleriň çişmesini aýyrar, dişiň etini sagdyn edýär. Balyň peýdaly häsiýetleri ony uky getiriji serişde hökmünde-de ulanmaga mümkinçilik döredýär. Bal rahatlandyrýar, ukyňy kadalaşdyrýar, içegäniň işini sazlaýar. 1 bulgur ýyly suwda 1 nahar çemçe baly eredip, ukudan öň içmeli. Çaganyň nerw ulgamyny berkitmek, onuň bedenini suwsuzlanmadan saklamak üçin, gije ukudan öň 1 çaý çemçe bal bermek maslahat berilýär. Bagry agyrýan adam 1 kg baly 1 kg gara smorodina bilen garmaly we nahardan ýarym sagat öň 1 çaý çemçe iýmeli. Bejergini taýýarlanan garyndy gutarýança dowam etmeli. Ýogyn içegäniň ýellenmeginde, iç gatama keselinde 80-100gr baly alma şiresinde ýa-da sowuk suwda eredip, günde üç wagtyna nahardan öň içmek maslahat berilýär. Gan basyşy ýokarlananda (gipertoniýa keselinde) gan basyşyny pese düşürmek üçin balyň, käşir şiresiniň, hreniň şiresiniň we limonyň şiresiniň hersinden 1 bulgur alyp garmaly. Taýýarlanan emi salkyn ýerde çüýşäniň içinde agzyny berk ýapyp saklamaly. Melhemiň 1-2 çaý çemçesini gün içinde 3 gezek, nahardan 1 sagat öň, ýa-da nahardan 2-3 sagat soň içmeli. Basyk we stomatit (agyz boşlugynyň nemli bardasynyň sowuklamasy) kesellerini bejermek üçin, 1n.ç bal, 1n.ç çopantelpegiň üstüne 200 ml gaýnag suw guýmaly. Alnan ergini hasadan süzüp, agyz boşlugyny we bokurdagy çaýkamaly. Bu ergini ýogyn içegäniň ýellenmesinde klizma etme arkaly ulanma hem peýdalydyr. Inçekeseli, uzaga çekýän üsgülewgi, öýken sowuklamasyny, bronhit keselini bejermek üçin: 1300 gr bal (mümkin bolsa lipa baly), 1 bulgur ownuk kerçelen aloeniň ýapraklary, 200 gr zeýtun ýagy, 150 gr berýoza agajynyň pyntyklary we lipa güli gerek bolar. Melhem taýýarlamak üçin aloeniň ýapraklaryny gaýnag suw bilen ýuwmaly we 10 günläp sowuk hem garaňky ýerde saklamaly. Soňra baly eredip onuň içine kerçelen aloe ýapraklaryny goşmaly we mazaly buglamaly. Berýoza pyntyjaklaryny lipa gülleri bilen 2 bulgur gaýnag suwa atyp, 1-2 minut gaýnatmaly. Ony hasadan süzüp, sowadylan bal erginine goşmaly. Taýýar bolan garyndyny iki çüýşä bölüp, her birine 100 gr zeýtun ýagyny goşmaly. Melhemi salkyn ýerde saklamaly we günde 3 wagtyna 1 nahar çemçe içmeli. Ulanmazdan öň çüýşedäki ergini oňat çaýkamaly. Bal tebigatyň hakyky önümidir. Adam ony iýmit hökmünde, derman serişdesi hökmünde adaty durmuşynda ulanýar. Baly derman serişdesi hökmünde ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşyp, öz bedeniňiziň aýratynlygyna görä dogry bejergi almagy unutmaň! http://www.saglyk.info

Köneler, handsome1 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir