Ilkibaşda şafiler Bagdat we Kayirde hereket edipdirler. 9-njy, 10-njy asyrlarda Mekge we Medine şafileriň merkezi boldy. Hanafi we Mälikileriň arasyndaky ylalaşyga ýakyn bir taglymatdyr. Mälikilere has ýakyndyr. Şafiler raýy we kyýasy çäklendiryär Al-Aşari (...-935), Al-Mawardi (....-1058), Al-Gazali (....-1111) we başgalar öz eserlerinde şafileriň hukugyny işläp taýýarlamakda saldamly goşantlary goşdular.
URGENCLI 12 years ago- Aş-Şafi (Abu Abdullah Muhammet ibn Idris aş-Şafi) 767-nji ýylda Gazada dogulyar. 787-nji ýuldan 795-nji ýyla çenli Mälik ibn Anasyň elinde okayar. Soň Yemende kazy bolup işleyär. Alidler bilen ýakynlaşany üçin 803-nji ýylda tussag edilyär we Harun ar-Reşidiň ýanyna eltilyär. Harun tarapyndan günäsi geçilip tussaglykdan boşadylyar we soňra Müsüre gidyär. Mälik Anasyň okuwçysy hokmünde çykyş edyär. 810-njy ýylda Bagdatda öz taglymaty boyunça çykyş edyär
820-nji ýylda aradan çykyar.