aý näme menne bir gow iş enip, baş sahypa çykaraýynna niýip haýyş edip oturansonnar talyplaryň baş sahypasynna goýaýyn niýnim naray. okan, nezzet alyn. bor onno nawayyn. Dördünji bap: HER KIM NEBSINIŇ UGRUNDA Ülker ýokary galyp, il ýatar wagty bolandygyny görkezýärdi. Öwüsýän salkyn şemal ýaldyragyň eýýäm dogup, güýz paslynyň geleninden habar berýärdi. Şäheriň gaýraky derwezesinden üç atly tirkeşip çykdy. Bular seslerini çykarman, bir meýdan atlaryny gyssap sürdüler. Şäherden ep-esli arany açyp, çepe tarap aýlandylar. Bu atlylaryň öňüne düşüp barýan adam atyny ýoluň ugrunda sürmese-de, atyny aýak aldygyna diýen ýaly goýberýärdi. Gitdigiçe-de çepine aýlanýardy. Aty hem eýesiniň ynamyny ödemäge jan edýän ýaly, ýekeje-de büdremän gidýärdi. Onuň yzyndaky iki atly bolsa, «şol näme bolsa, bizem şeýle bolaly» diýýän ýaly, onuň yzyna düşüp gidip otyrdy. Olar şeýdip, üç tirkeşik bolup barýardylar. Bularyň öňden barýany atyny gyssamasyny goýdy-da: — Arany ep-esli açan bolsak gerek — diýip hüňürdedi. — Hawa, arany gaty açdyk — diýip, onuň deňine ýeten ikinji atly jogap berdi.
1-nji kitap: 4-nji bap: Her kim nebsiniň ugrunda. Ata Gowşudowyň 'Perman' romany (Edebiýat) sawyer [Ýaşuly]
-
nohurlyagza
12 years ago
- ynn harfy gow görýän naraý.
nohurlyagza 12 years ago- Olar ýene bir gezek hoşlaşdylar. Şondan soň bir atly ýüzüni günbatara tutup sürüp gitdi, beýleki iki atly bolsa yzyna şähere tarap dolandy. Olar öz aralarynda hümürdeşip gelýärdiler. Emma şähere ýakynlaşdyklaryça, hümürdileri peselip, düýbünden kesilip galdy. Bular şäheriň ilerki derwezesinden girmek maksady bilen, ileri burçdan dolananlarynda, ilerden gelýän bir atly bularyň ünsüni özüne çekdi. Bu iki atlynyň öňbaşçysy bilinden sapançasyny aldy-da:
— Kimsiň, eý atly? — diýip seslendi. Ol atly «mendirin» diýmegiň deregine:
— Serdar aga! — diýip, birhili gorkup dili basylan adamyň sesi bilen ysgynsyz gygyrdy.
— Merez aga, zäher aga! Asyl bu senmidiň? Men asyl bir çapawula ýa-da orslara hat äkidýän dönüge duşdum öýdýän diýip begenipdim — diýip, serdar galanyň agzyndaky garawullar eşider ýaly gaty ses bilen gygyryp aýtdy-da, yzyny gülkä berdi.