Baýramaly han Marynyň hökümdary bolupdyr. Ol Maryda gajarlaryň agalygyny berkleşdirmek ugrunda göreşipdir. Salyr we saryk türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir. Baýramaly hanyň döwründe Maryda ekerançylyk, hünärmentçilik we söwda ep-esli derejede ösüpdir. Şaýylar bilen sünnüleriň göreşiniň ýitileşmegi netijesinde Baýramaly hanyň Buhara emirligi bilen aragatnaşygy ýaramazlaşypdyr. 1785-1786-njy ýyllarda Şamyrat Welnamy Buharadan Mara iki sapar ýörişedipdir. Ilkinji söweşde Baýramaly han (1785) wepat bolupdyr. Soňra onuň ogullary, garyndaşlary we Mary şäherinde ýaşaýan müňlerçe gajarlar Buhara sürlüp äkidilipdir. Köne Maryny suw bilen üpjün edýän Soltanbent gatlasysakçynyň dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir. Şäher suwsuz galyp, ýurtda açlyk-gedaýçylyk başlanypdyr. Şamyrat öz ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir. Baýramaly han ölenden soň, Maryda gajarlaryň agalygy synyp başlapdyr we 1807-nji ýylda tekeler gajarlaryň iň soňky bölegini Maşada göçüripdirler. Şondan soňra welaýat doly suratda türkmen taýpalarynyň eline geçipdir. Baýramaly şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky köne Marynyň galyndylarynyň bir bölegi hem Baýramaly han galasydyr. Baýramaly han galasy diýlip atlandyrylsa-da, ol galany Baýramaly han saldyrmandyr. XV asyryň birinji ýarymymda Abdylla han galasy salnypdyr, ikinji ýarymynda bolsa (Teýmirleň döwründe) Baýramaly han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr, bilelikle bolsa Baýramaly han galasy diýip atlandyrylypdyr.

Köneler, alemdarov tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir