(1754- 1843 ) Kyýat han Kümüşdepede ýa-da Esenguluda, takmynan, 1754-nji ýylda eneden dogulýar. Ol Kaspi deňziniň kenarýakasyndaky türkmenleriň hany bolupdyr. Oňa Kyýat beg, Gyýat beg, Kyýas beg hem diýilýär. Kyýat hanyň ömrüniň irki döwri barada maglumatlar mälim däl. Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyň ogly. Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe, Esenguly, Çeleken etraplarydyr. Kyýat hanyň Ýagşymämmet (Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Onuň ady ilkinji gezek 1813-nji ýylda peýda bolýar. Etrek-Gürgen türkmenleri şol ýyl Fataly şanyň garşysyna uly gozgalaň turuzýarlar we patyşa Russiýasynyň Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan Kawkazdaky goşunlary bilen gatnaşykaçýarlar. Russiýa-Eýran urşy gutaryp, Gülüstan şertnamasyna gol çekilende, Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerdedi. Kyýat hany özüniň ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde gepleşik geçirmek üçin Kawkaza iberýärler. Şondan soňra onuň ady taryhy meşhurlyk gazanýar. Ol türkmenleriň Russiýanyň raýatlygyna geçmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Astrahan, Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbaňlandyryp, uly baýlyk gazanyp, kenarýaka türkmenleriniň hanyna öwrülýär. Kyýat han 1819-1821-nji ýyllarda M. I. Ponomarýowyň we N.N. Murawýowyň, 1836-njy ýylda G. S. Kareliniň ekspedisiýalaryna köp ýardam berendigi, Tbilisidäki Kawkaz dikmeleriniň ýanyna ençeme gezek baryp, Russiýanyň raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi, patyşa Russiýasynyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin altyn medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar. XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Kyýat han we onuň ogullary Astrabat, Mazenderan, Gilýan bilen Bakuwyň, Astrahanyň arasynda deňiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriň birine öwrülip, barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar. Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijelere getirýär. Kyýat hanyň söwdasy bulaşýar, deňizde we kenarda alamançylyk, talaňçylyk güýçlenýär, täjirler öldürilýär. Şeýlelik bilen, Russiýa-Eýran gatnaşyklary ýitileşýär. Bu gapma-garşylyklaryň ýitileşmeginiň esasy sebäbi şol döwürde el degrilmedik baýlyklaryň ummasyz zapaslarynyň barlygydyr. Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan Eýran bilen Kyýat hanyň arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar. Bu göreşde Kyýat hanyň garşysyna has duşmançylykly hereketi asly eýranly, ýöne söwdabähbitleri üçin rus raýatyna geçip, hristian dinini kabul eden Mir Bagyrow amala aşyrýardy. Onuň maksady şu söwda ýolundan Kyýat hany aýyrmakdy, ony ýok etmekdi. Wagtyň geçmegi bilen Kyýat han we onuň ogullary hakykatdan hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiň pidasy bolýar. Şowsuzlyklara garamazdan, Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň Eýran şalarynyňzulumyndan azat bolmagy üçin Russiýanyň raýatlygyna geçmek ugrunda göreşýär. Muňa uzak wagtlap baştutanlyk edýär. Bu hereket Russiýa-Eýran urşy tamamlanandan soň hasam giň gerim alýar. Patyşa hökümeti Kyýat hanyň haýyşy boýunça kenarýaka türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine duýdurýar. 1836-njy ýylda Günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen G. S. Kareliniň ýolbaşçylygynda ýörite rus ekspedisiýasy gelýär. Kyýat han we kenar ýakasyndaky türkmenler ekspedisiýany gowy garşylap, oňa kömek edýärler. Şol ýylyň iýulynda Esenguluda bütin Etrek-Gürgen ýomutlarynyň uly geňeşi bolup geçýär. Bu geňeşiň guramaçysy Kyýat handy. Geňeşe gatnaşan kazylar, han-begler Russiýa hökümetiniň adyna ýüzlenme kabul edip, ony I. S.Kareline gowşurýarlar. 20777 (ýigrimi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi) sany maşgala özleriniň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär. 1821-nji ýylda Kyýat han bir ogluny Tbilisidäki aziýalylar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär. Beýleki ogly Kadyrmämmedi we agtyklaryny Tbilisiniň, Sankt-Peterburgyň okuw jaýlarynda okadýar, terbiýeledýär. Kyýat hanyň özüniň ýöriteöz adyna ýüzüne atyň suraty çekilen möhri bolupdyr. 1842-nji ýylyň tomsunda Kyýat hanyň we onuň ogullarynyň täleýi ters gelýär. Kenar ýakasyndaky türkmenleriň Russiýa bilen ysnyşyp, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekleri, Russiýanyň raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyň we ogullarynyň ýolbaşçylyk etmegi Eýrany, hususan-da Muhammet şany ynjalyksyzlandyrýar. Eýran şuterritoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir. Şonuň üçin hem şa häkimleri her edip-hesip edip, Kyýat hany we onuň ogullaryny ýok etmegiň ýollaryny agtarýarlar. Gülüstan we Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyň Kaspi deňzinde harby flot saklamaga haky ýokdy. Duz, balyk, nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän eýranly söwdagärleriň kömegi bilen dildüwşük guralýar. Rus kreýseriniňkomandiri kontr-admiral Ý. W. Putýatin 1842-nji ýylyň iýulynda Ýagşymämmedi (Ýagşymuhammedi) tussag edýär. Ýaşynyň soňunda oglunyň tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär. Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyň göz öňünde tutulmagyny, özüniň we oglunyň watanyna goýberilmegini haýyş edip, patyşa hökümetiniň Kawkazdaky häkimi general P. Golowine arza ýazýar. Oglunyň tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip, ol Bakuwa gaýdýar. Alty aýlap Bakuwda karantindebolýar. Onuň arza üstüne ýazan arzalaryna, haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar. Kyýat hanyň 30 ýylyň dowamynda rus-türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary nazara alynmaýar. Oňa kömek edäýjek köne tanyşlary General A. P. Ýermolow we N. N. Murawýow dekabristler bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý I-iň gazabyna duçar bolupdyr. Kyýat han 1842-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Bakuwdan Tbilisä getirilýär. Kawkaz häkimleri I. Paskewiç, G. W. Rozen ýaly generallar ozallar Kyýat hany dabaraly garşylap, oňa hezzet-hormatedip ýören adamlardy. Ýöne weli bu gezek olar ony zyndana taşladýarlar. Kyýat han Tbiliside 1843-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda ejizläp, iki gözi gapylyp, 89 ýaşynyň içinde zyndanda aradan çykýar.
Kyyat han
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagjabol dost temang un minnetdar.sheyle ickinirak maglumatlary yetirip dursang menaa gaaty begenerdim.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- bashdaky aydylanlar dogry pamoym yone ahyry ... ... Azkem... ... . Oglunyng we ozuning tussag edilmegining ozbolushly sebabi bolan. Eyran bn rus patyshasynyng ylalashan 'taze' serhet shertmamasyna gora kyyat hanyng hanlyk suryan teretoriyasynyng birnace yerleri eyrana gecen.kyyat hana beyle (taze) shertnamang baryny rus patyshalygyndan dalde, ozlerining taze yerlerine gozegciligi berkitmekci bolyan eyran resmilerinden habar yeten.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- elbetde bunga kyyat hanyng gazaby gaynan we turkmen obalayny,etraplaryny(yerlerini) gaydyp almak maksady bn eyrana harby yorish eden.bu harby yorish un eyran (has dogrusy eyran hokumedini ele alyp oturan inglisler) rusya shalygyna kyyat hanyng ustunden yazmaca arz eden.elbetde rus patyshasy un serhet shertnamasynyng berkararlygy haysydyr bir kyyat handan mohum bolan. Shol sebapden, kyyat hany orsiyete getirmek un ilki golunyng teyindaki ogluny song kyyt hanyng ozuni tussag eden.elbetde kyyat han ongki bitiren ishlerini hasaba almagy we oglyny hem ozuni boshatmagy sorap hat yazan yone ... ...(umuman sheylerak bolan)
-
sahett
12 years ago
- gülüstan şertnamasyna gol çekilende----bus sertnamany on estmandim kyyat han on esden sahsyyetim.....bu maglumatlar nireden alynan???
-
alemdarov
12 years ago
- Ozum so dowurler Gulistanda yasayardym. Gulustan Etrek etrabyna degisli Eyranyn teretoriyasynda bir weleyat. So yerler baglykdan jennellik eken. So russiya patysasy o yerleri irana satyar
alemdarov 12 years ago- Men ziyomymy beytmeli dal ekenlerda haramzadalar .......