Örän gadymy geçmişde merkezi aziyada yaşan we soňra b.e başynda (2-nji, 4-nji asyrlar) ural töwereklerine göçüp, şol yerde kuwwatly halka öwrülen ‘’gunlar’’ (hun) ençeme turki halklaryň, şol sanda turkmenleriň ata- babalary hasaplanyar. Oguz han hem gunlardan bolupdyr. Onuň uly oglunyň adynyň Gun han bolandygy hem muny tassyklayar. Oguzlar, turkmenler we gunlar bir halkdyr . mysallar; 1 tekeleriň togtamyş bolumindäki gunny diyen tiräň adynda gun sozi saklanyp galypdyr. 2 gunlaryň harby-administratiw düzgün-tertibi : goşunyň ilki çep we sag ganata, öz gezeginde olaryň hem 3 – 4 –den jemi 24 topara bolünmegi turkmen tire-taypa bolünşiginde uytgewsiz diyen ýaly gaytalanyar Gunlar b.e başlarynda gündogardan günbatara kopçülikleyin süyşüp ugrayarlar we taryhda halklaryň beyik göçe-göçlügi diyip at alan eyyamyň başyny başlayarlar. Gunlar ilki kawkazda yaşayan alan halkyny, soňra don deryasyndan geçip (375-nji ýylda) Gara deňziň demirgazygynda yaşayan gotlary boyun egdiryärler. 394-nji , 395-nji ýyllarda gunlar kawkazyň üstünden geçip Siriyany we Kappadokiyany eyeleyärler. Soňra birnäçe gezek beyik rim imperiyasynyň üstüne çozyarlar. Şol döwurlerde gunlar ostgot, gerul, gepid başga-da ençeme german we german däl taypalary ozlerine boyun egdiryärler. Ine şeydip gun imperiyasy doreyär. Bu imperiyanyň iň kuwwatly döwri Atillanyň hoküm suren yyllarydyr (434-453). Gunlaryň basyp alan yerlerinde garşylygyň güyçlenmegi, Galliyanyň ‘’kattalaun’’ meydanynda rimlileriň, westgotlaryň, we franklaryň birleşen güyçlerinden yeňilmegi netijesinde gunlar has pese gaçyarlar. Atilla ölenden soň bolsa (453) has gowşap, 469-njy ýylda olar halk hokmünde yaşamaklaryny bes edyärler. Gunlar – turki halk, onuň etnik ady hem gadymy turkleriň ‘’il’’ , ‘’halk’’ manysyndaky gun (gün) sözünden emele gelipdir. Bu sözüň şol manysy turkmenleriň il-gün diyen söz düzüminde saklanyp galypdyr. Oguz han hasaplanyan mete han gun hokümdary bolupdyr ol b. e ozalky 174-nji ýylda aradan çykypdyr.

Köneler, URGENCLI tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir