obahojalyk pudagynda derwaýys meseleler,amala aşyrylmaly reformalar türkiýe döwletiniň obahojalyk tejribesiniň türkmenistan döwletimiziň şertlerine baglylykda peýdalanyp boljakydygy hakyndaky käbir pikirleri paýlaşmak we bellikleri öňe sürmek örän ýerlikli bolar.suw ýetmezçiligi häzirki döwürde umumy adamzat meseleleleriniň biri bolmagynda galýar.munyň üçin umumy çözgütler gözlenyär.türkmenistan hem bu meselede beýleki döwletlere garanyňda has köp kelle döwýän döwletleriň biridir. türkmenistanyň güneşe baýlygy,tebigy ýerleşişi,klimat we toprak aýratynlyklary dünyäde ýetişdirilmekde bolan strategiki ýada adaty ösümlikler üçin örän amatlydyr.bu elbetde belli bir derejede türkmenistan üçin üstünlikdir.ýöne döwletiň suw gorlarynyň öran azlygy we bu sebäpli peýdalanylyşy öran seresaplylyk talap edýän möhüm meseledir.ýurdumyzyň amyderýa,murgap,tejen,sumbar,etrek ýaly tebigy derýalary mundan başga-da garagum derýasy,türkmen derýasy ýaly adamzat eli bilen döredilen birnäçe derýa ýurduň dürli künjeklerinde halky suw bilen üpjün edýär.bu derýalar ýurduň suw üpjünçiliginiň esasy bölegini amala aşyrýar.ýöne suwuň tebigy ýagdaýda türkmenistan döwletine endigan paýlanmandygy sebäpli ýurduň köp künjeginde suw ýetmezçiligi duýulyar.halkyň aglaba böleginiň suwarymly ýerlerde,esasan hem derýa kenarlarynda,oazislerde ýerleşýändigini nazara alsak halkyň ýerleşişi,onyň ýaşaýşy,hojalyk dolanşygy dolylygyna suwa baglylykda özgerýändigine magat göz ýetirmek bolýar.täze ýerleri özleşdirmek-de göniden-göni suwa baglydyr.munyň üçin bolsa ilkinji nobatda tarp ýerleri özleşdirmek,täze ýaşaýyş ýerlerini abadanlaşdyrmak,ol ýerlerde bolsa adam güýjini ýerlikli we netijeli peýdalanmak,täze reformalary durmuşa geçirmek möhüm orun eýeleýär. täze reformalary amala aşyrmakda bolsa esasan hem daşary ýurduň,dünýäniň tejribesini öwrenmek,döwletimize peýdaly ýerlerini saýlap almak şol tejribäni iş ýüzünde peýdalanmak zerurdyr.muňa mysal edip türkiýe döwletiniň obahojalyk pudagynda gazanan ylmy üstünliklerini,tejribelerini ýurdumuzyň durmuşyna ornaşdyrmak örän peýdaly bolup biler.türkiyäniň döreden bir näçe suw tygşytlanyş ýollary,suwyň rejeli peýdalanylyşy üçin döredilen meýilnamalar örän netijeli peýdalar emele getiripdir.ankara universitetiniň obahojalyk fakültetinde alnyp barylýan işler muňa mysal bolup biler.esasan hem zeýli ýerlerde emele gelen şor suwlaryň,köl suwlarynyň,duzly suwlaryň gaýtadan işlenilip adaty suýji suw derejesine getirilip topraga berilmegi süýji suwlaryň bolsa ynsan suw üpjünçiliği üçin peýdalanylmagyndan soňra adamyn peýdalanan suwlarynyň hem belli bir derejesini gaýtadan işläp topraga ösümlikleriň kemala gelmegi üçin ulanylyş usullary we meýilnamalary ýurdumuzda suw ýetmezçiliginde peýdalanyljak esasy tejribeleriň biri bolup biler. ankara üniwersitetiniň profesor-mugalymlary suw upjünçilik meýilnamasy esasynda iş alyp barýandyklaryny belleýärler.olar özleriniň suw ýetmezçiliğinden dünyäde öndaki orunlarda yer alýandyklaryny we bu sebäpli suw üpjünçiliği türkiýe döwletinde esasy mowzuk bolmagynda galýandygyny nygtaýarlar.bu işde duzly suwy arassalaýyş, gaýnadyş,bugardyş,nemlendiriş,sowadyş,damja görnüşinde täzeden toplaýyş ýaly iş zynjyrynyň dowam edýändigini aýdýarlar. ankara üniverstitetiniň mugallymy prof.dr. metin olgun bu meyilnamanyň örän peýda getirendigini häzirki döwürde ýurduň bir näçe suw guramalary we aýratyn hem hususy obahojalyk we suw kärhanalarynyň bu iş bilen gyzyklanýandygyny aýdýar. adamlaryň öz suw üpjünçiliginde ulanýan suwlaryny gaytadan işläp,arassalap ösümlikler üçin peýdalanyp bolýandygyny munyň ösümliklere hiç hili zyýanynyň ýoklygy ylmy tarapdan tassyklanandygyny belläp geçýär.ynsanyň peýdalanan suwlary ýagny gap-gaç,gök-önüm,el ýüz ýuwulanda ulanylan suwyň esasy peýdalanan suwa goşulman süzgeçden geçirilip gaýtadan işlenilmegi netijesinde suw üpjünçiligi amala aşyrylýar.adamlar tarapyndan esasy peýdalanylan suwlara suwa düşülende ulanylan suw,egin eşik yuwulanda ulanylan suw mysal bolup biler.bu suwlarda belli bir derejede zyýanly himiki elementler barlygy sebäpli häzirlikçe bu ugurdan meýilnama özleşdirmändiklerini,ýöne gelejekde munyň hem üstünde işlejekdiklerini belleýär.adamlar öz ulanan iýmitlerini we beýleki galyndylaryny zibile oklaýarlar edil şoňa meňzeşlikde ulanylan suwlar üýşürilýär we arassalanýar soňra bolsa meýilnamada bellenilip geçilişi ýaly iş zynjyrynyň dowam edýändigini prof.dr.metin olgun düşündirýär. ýurdumuzda bu meýilnamanyň ýerlikli peýdalanmagy bilen ulanylan suwlaryň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bu görnüşli suwlar täzeden peýdalanylyp bilner. bu bolsa yurdumyzyň suw üpjünçiligini amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzda täze ýaşaýyş ýerlerini döretmekde, halkymyzy döwletimiziň ähli ýerlerine endigan ýaýratmakda wajyp rol oýnap biljekdigi ikiuçsyzdyr. hormatly prezidentimiziň daşary ýurduň iş tejribesini öwrenmek baradaky wesýetleri, tagallalary durmuşa geçirilip başlandy.bu ugurda bir näçe möhüm işler amala aşyrylýar.ähli pudakda bolşy ýaly obahojalyk pudagynda hem dünyäniň tejribesini öwrenmek we ony halkymyzyň durmuşyna ornaşdyrmak örän möhüm wezipeleriň biridir. 20.03.2012 hazar rejepow obahojalyk inženeri
Ulanylan suwlaryň gaýtadan işlenilişi we bu suwlaryň obahojalyk pudagynda peýdalanylşy
-
nlo
12 years ago
- men hem bu zatlary goldayan
-
DAYHANA
12 years ago
- Emeli suwary$ ulgamlary bizin yurdumyzda hem tejribe synaglaryny geciryarler,netijeleri ýeterlik göterime yetirmage i$ler alnyp barylyar,
-
Lider
12 years ago
- türkmenistanda eğer ulanylan suwlar topragy suwarmak üçin ulanylsa onda bizin topraga ösümliklere beryan suwlarymyz adamlara galar.şeylelikde bizin arassa suwlarymyz iki esse köpeler.bu bolsa türkmenistanda halka berilyan suw mukdarynynyn ömrüni hem 2 esse uzaldar.
6armel 12 years ago- suwy tyg6ytly peydalanmaly dogry aydyanyz. suw atadyr yer ene. yere suw barmasa hasyl bermeya dogry gelin tyg6ytly peydalanmaga 4al6aly