Ilkinji mugallym – bu neneň ajaýyp at?! Ilkinji mugallym çagany bilimler dünýäsine ilkinji gönükdiriji adam. Mugallym diýlende, çagalara durnukly bilim, terbiýe berýän ynsan göz öňüňe gelýär. Halal zähmet çekýäne Allatagalanyň ýerdäki wagyz-nesihatçylary diýilmegi ýöne ýerden däldir. Käýarymlar oturyp ilkinji mugallymymy ýatlaýaryn. “Ýagşylykda ýatlamak parz” diýleni, panydan öten mugallymym Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, has dogrusy, meni bilim älemine gönükdiren ilkinji mugallymym, öz işiniň ussady bolan Narsoltan Orazberdiýewa ýadyma düşdi. Işläp zähmet çeken zada zar bolmaz, Pana giden gaýdyp munda bar bolmaz. Siz bolsaňyz kalbym mähre zar bolmaz, Ilkinji mugallym, sizi ýatlaýan! Haçan-da sowat älemine aýak basyp, bilim ojagy bolan ak mekdebe baranymda, ol özüniň egsilmez mähri bilen ýylgyryp, meni garşylapdy. Soňra meni synpa alyp, synpdaşlarymyz bilen ýekänme-ýekän tanyşdyrdy. Saçlary iki örülen gulpaklyja gyzlar, galstuklyja, tahýalyja oglanjyklar synpy bezäp otyrdy. Mekdebe gelenimizde mugallym bize “oglum” ýa-da “gyzym” diýip ýüzlenerdi. Bize dürli-dümen kökedir-süýjiler berip, okuwa bolan höwesimizi artdyrardy. Hat-da gerek bolsa, sapaklardan soň alyp galyp okadardy. Ol her gün gelip bir zatlar öwredýärdi. Hemmämizem entek eline galam alyp görmedik 1-nji synpyň okuwçylarydyk. Haçan-da maňa hat ýazmaga kömek edende, galamlyja elimi tutup, gyzgyn mährini çoýupdy. Ol meniň akja depderimiň setirlerini haly göllerindäki nagyşlar kimin bezäpdi. Soňra ýazmagy, harplary goşup okamagy öwredipdi. Ilki-ilkiler kimisi öz adyny, kimisi ene-atasynyň adyny, kimisi-de doganlarynyň adyny ýazmagy mugallymymyzdan sorap öwrenerdi. Mugallymymyz bize durmuşy öwredýärdi. Ata-babalarymyz “Iki aýakly iki günde” diýipdirler. Ýadymdady. Käwagtlar okap ýören talyplar gelip mugallymymyz bilen salamlaşyp giderdi. Asyl, görüp otursaň, olaram mugallymymyzyň okuwçylary eken. Olaram şol mekdep partalarynda, şol synpda, biziň mugallymymyzyň elinde bilim alyp gidipdirler. Käwagtlar mugallymymyzyň ýanyna talyp okuwçylary gelende, mugallymymyzyň ýüzündäki begenjini, buýsanjyny görýärdik. Elbetde, mugallymymyz bizdenem şolar ýaly Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegimizi isländir. Onuň okuwçylary indi okap, ýazyp bilýär. Olar mekdebi üstünlikli tamamlap, ýokary okuw jaýlaryna okuwa gitdiler. Gör, hälki 1-nji synp okuwçysy, indi, bir hünäriň eýesi. Ol geljekde döwletimizi ösdürjek gerekli hünärmenleriň biri. Mugallymymyz muny bilip, diýseň begendi. Nädip begenmesin. Sebäbi, ol onuň okuwçysy, ahyryn. Göz öňüme gelýär: Mekdep partasynda oturan okuwçylary. Olara ders bermek, bir zatlar düşündirmek. Soňam ak mekdepden uçurym edip ýollamak. Ine, görseň okuwçylaryň okap uly-uly adamlar bolup ýetişýär. Olar haçan-da seni görenlerinde bolsa: “Salam, mugallym!” diýşip gadyr bilen salamlaşýarlar. Nähili ajaýyp?! Bu arzuwlar diňe ilkinji mugallymymyzyň arzuwlary däl ahyryn. Megerem bu arzuw dünýädäki ähli mugallymlaryň arzuwy bolsa gerek Elbetde, halypamyzy ählimizem mydama ýadymyzda saklamaga borçludyrys. Mundan on ýyl ozal ak mekdebe gadam basan döwrüm ýadyma düşýär. Entek mekdep partasynda dogry oturmagy hem doly bileňok. Ine-de, ilkinji ders başlanýar. Gapydan mugallym girýär. Biziň pikirimizçe, şol wagt mugallym dünýäniň ähli ylmyny bilýän ýaly görünýärdi, sebäbi, ol ýazyp-bozup, sanap bilýär. Ol ähli zady bilýän ýalydy. Eliňdäki galamy nähili tutmakdan başlap, ähli zady öwredip başlaýar. Entek elimizdäki okuw sumkamyzy zordan göterýän pursatlarymyzdan başlan okuwçy döwrümiziň soňky günleridi. Ýene-de sanlyja günlerden “bilim äleminiň” ak bosagasyndan ätlemelidik. Mugallymymyz şonda bizden okuwy gutaryp, geljekde haýsy hünäri saýlajakdygymyzy sorady. Her kim öz halan hünärini aýtdy. Mekdebi üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň giriş synagyna gatnaşdym. Haçanda maňa synagdan geçenimi duýduranlarynda, guş bolup uçaýjak boldum. Menem indi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli talyplaryň arasynda okamalydym. Elbetde, muňa bolsa ilkinji mugallymymyň goldawy, gaýraty we egsilmez zähmeti täsir edipdi. Pikir edip görüň-ä, her bir adam: hukukçy, lukman, inžener – haýsy kärdäki adam bolsa bolaýsyn, hemmesem mekdep partasynda oturyp, mugallymyň terbiýesini alandyr. Diýmek, mugallym önüm taýýarlamaýar. Ol adam taýýarlaýar. Geljegimiz mugallymlaryň elinde. Hat-da bu barada Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Gadyrly mugallymlar! Okuwçylaryňyz siziň ýetişdiren miweleriňizdir” diýýär. Başlangyç synpyň soňky günleridi, mugallymymyzyňam şol gün doglan günüdi. Okuwçylar topary bolup duýdansyz mugallymyň öýüne baryp gutlamagy makul bildik. Şeýlelikde, ter çemenlere beslenen, gyzyl güllerden ybarat sowgatlarymyz bilen mugallymyň öýüne ýola düşdük. Okuwçylar bolup mugallymymyzyň öýüne baranymyzda, onuň myhmansöýerligine, sadalygyna, akgöwünliligine haýran galdym. Mugallymymyzdan türkmeniň milli edim-gylymlaryndan köp taraplaryny nusga edindim. Şonda mugallymymyzyň öz okuwçylaryna diňe bir okuw sapaklaryny öwretmek bilen kanagatlanman, eýsem, bize edep-ekramy hem öwredýändigine göz ýetirdim. “Çaga eziz, edebi ondan hem eziz” diýleni-dä. Mugallymymyzam bize şonuň üçin edep-ekram, durmuşy öwredýärdi. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji aýynyň soňky günleridi. Synpdaşlarymyzdan biri gelip, ilkinji mugallymymyzyň bu dünýä bilen hoşlaşandygyny habar berdi. Men bu habara ynanmajak boldum. Meniň ýaşajyk kalbymda mugallymlar hiç wagt ölmejek ýalydy, sebäbi olar mugallym ahyryn, ile-güne sowat, ylymdyr bilim öwredip, köp-köp sogap gazanýarlar, köp alkyşlar alýarlar ahyryn. Emma şum ajal hiç kimi, mugallymy hem sylamaýar ekeni. Bu duýdansyz habara gaty gynandym. Ähli okuwçylary: Ulular we körpeje jigilerimiz, hemmämiz bile ýas tutupdyk. Mugallymymyzyň gapysyz jaýyny gül-çemenler bilen örtüp, gözýaşlarymyz bilen suwarypdyk. “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” diýlişi ýaly, mugallymymyzy işdeş ýoldaş mugallymlary, mugallymymyzyň öz okuwçylary hemişe ýagşylykda ýatlaýarlar. Onuň bir ömre nusgalyk işleri biziň kalbymyzda hemişelik ýaşaýar. Sözümiň ahyrynda zähmetsöýerligi hem-de hoşgylawlygy bilen ile özüni aldyran merhum mugallymymyzyň ýatan ýeriniň ýagty, ruhunyň şat bolmagyny Beýik Allatagalladan dileg edýärin! Yhlas Muhammedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
nlo 12 years ago- tüweleme ilkinji mugallymymy yadyma düşürdin