Kompỳuteri abat saklamak üçin esasy düzgünler: Kompỳuterleri diňe SHUTDOWN arkaly öçüriň. Eger kompỳuter birden işlemäň galas (doňsa), ilki bilen bir-az garaşyň, soň açylmasa RESTART knopkany basyň. Eger RESTART knopkasy bolmasa, ỳa-da ol işlemese, diňe şonda POWER knopkany ỳa-da rozetkadan öçürmegi ulanyň. Elektrik tok naprỳaženiỳesiniň üỳtgemelerinden seresap boluň – bu kompỳuterleriň sandan çykmagyň iň esasy sebäpleriniň biri. Tok durnuksyz bolsa, golaỳda swarka edilende, daşarda ỳyldyrym, tupan we islendik başga togy öçürip ỳa-da oỳnadyp bilỳän howa bolsa, gowysy kompỳuteri öçüriň. Mümkin bolsa (baỳrak bolsaňyz), kompỳuter üçin UPS (batareỳa) alyň. Bu gymmat enjam (takmyn 50$), emma ol kompỳuteri naprỳaženiỳeniň oỳunamagyndan gorar we tok öçse, kompỳuteri 5 minut işledip saklar (faỳllaryňyzy SAVE edip, SHUTDOWN arkaly tertipli öçürmäge wagt berỳär). Umuman, kompỳuteri azrak açyp-öçüriň. Eger nahar iỳmäge, gapdalky otaga bir sagatlyk çyksaňyz, kompỳuteri öçürmäge gerek ỳok. Elbetde, daşa bir sagatdan köp çyksaňyz, kompỳuteri öçüriň – siz ỳok wagty tok oỳnap-öçüp bilỳär. Kompýutery wagtal-wagtal “musordan”, ýagny TEMP we ýalňyş SHORTCUT (ярлык) faýllardan arssalap durmaly we defragmentasiýany etmeli – iň gowusy hepdede bir gezek. Bu işleri Windowsda Пуск/Стандартные/Служебные ýerinde ýerleşýän programmalry bilen edip bolýar. Şeýlelikde kompýuteriň tizligi kemelmez. Kompýuteriň açylanda awtomat açylýan programmalary (AUTORUN) tizligi gowşadýarlar. Şonuň üçin programmalara girip, olaryň AUTORUN (awtozagruzka) nastroýkasyny öçürmeli. Kompỳuter öý üçin satyn alỳanlara we puly biderek sarp etmek islemeỳänlere maslahatlar. Iň pes prossesor saỳlaň, öỳ üçin şol hem artykmaç bilen ỳeterli bolar. Tekiz (LCD ỳa-da Plazma) monitoryň ỳerine adaty uly monitory saỳlaň, çüňki olaryň surat görkezişiň hili deňräk, emma gymmaty gaty tapawutly. Diňe artykmaç ýeri - tekiz monitorlar az ỳer tutỳarlar, ỳeňilräk bolýarlar we gözi az ỳadadỳarlar, emma olaryň bahasy 2-3 esse gymmat – oňa degenok. Operatiw ỳat (RAM) ortaça bolsun, azyndan 1 Gb. Gymmat aỳratyn videokarta aljak bolmaň – köp kompỳuterleriň öz videokartasy hem gowy, ỳöne ol 256 Mb pes bolmasyn. Kompỳuterde hökman DVD-RW (DVD ỳazỳan diskowod) bolsun – olar şu wagt arzan. Hard Disk (HD) ulurak edip saỳlaň, näçe uly bolsa, şonça-da bahasy amatly bolar. Mur kanuny Her 1,5 (bir ỳarym) ỳylda kompỳuterleriň prosessorlarynyň tizligi 2 esse artỳar. 70-nji ỳyllarda alymlaryň öỳ kompỳuter barada beren netijesi. Köp adamlar öỳ üçin satyn alan kompỳuteriň doly güỳjünden diňe 10%-ini ulanỳarlar, ondan köp däl. Şondan soň kompỳuterleriň güỳji müňlerçe artdy. Netije: öỳ üçin täze kompỳuter satyn alaňyzda, magazinda bar bolan kompỳuterleriň iň pes we arzan prosessorly görnüşini (konfigurasiỳany) alsaňyz amatly bolar. Iň güỳçli kompỳuteri aljak bolmaň – bary bir ol 2 ỳyldan soň köneleşer, onuň güỳjünden bolsa doly peỳdalanyp bilmersiňiz.