Öň belläp geçişimiz ýaly, "kompýuter” sözi türkmen dilinde “hasaplaýjy” diýmegi aňladýar. Kompýuter ilkibaşda döredilende diňe hasaplaýyş işleri üçin niýetlenen enjam bolupdyr. Kompýuterler arifmometrlerden we beýleki hasaplaýyş enjamlaryndan (hasap taýajyklaryndan, logarifm çyzgyjyndan we ş. m.) düýpli tapawutlan-ýarlar. Eger arifmometrler we beýleki hasaplaýyş enjamlary diňe käbir hasaplaýyş amallaryny (goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek we ş. m.) ýerine ýetirip bilýän bolsalar, kompýuterler adam tarapyndan düzülen maksatnamalar esasynda dürli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge, ýaýratmaga ukyplydyr. Bulardan başgada kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Kompýuterleriň stoluň üstünde goýulýan ýa-da göçme enjam hökmünde özbaşdak we ulgamda peýdalanyp bolýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Olary köplenç personal (şahsy) kompýuterler diýip atlandyrýarlar. Personal kompýuterleriň görnüşleri näçe köp bolsalar-da olaryň ählisine mahsus birnäçe umumy häsiýetler bar: olar söhbetdeşlik düzgüninde işlemäge ukyply, amatly, ölçegleri kiçi, agramlary bolsa ýeňil. Häzirki döwürde ABŞ-nyň IBM korporasiýasynyň döreden IBM PС (International Business Machines Personal Computer) personal kompýuterleri dünýäniň köp döwletlerinde giňden peýdalanylýar. IBM korporasiýasyndan başga-da şeýle kysymly kompýuterleri dünýäniň ýüzlerçe kompaniýalary öndürýärler. Biziň döwletimizde bar bolan kompýuterleriň aglabasy IBM PС kysymly kompýuterlerdir. IBM PС kompýuterleriň düzümine girýän, şeýle hem oňa çatylýan gurluşlar, olar üçin ýazylan maksatnamalar IBM PС kysymly beýleki kompýuterlere hem belli bir derejelerde ýaramlydyr.