Küren-küren oba syrgyn-syrgyn il Günün sanap galkyan şähristanlarym Jepa çekdim, jebir çekdim, jan çekdim Bagrym yere başym ile bagladym Jigerde janym siz mähribanlarym Metjitlermiz ak bulutdan enaýy Gudrat bilen yayradyandyr senany Altmyş ýyllap tartyp jebri-jepany Men aglasam halkym diyip agladym Metjit-mährabym siz mähribanlarym Erkanadyr, merdanadyr, sadadyr Turkmen ogly dürdänedir, danadyr Her bir aksakgaly yagşyzadadyr Men olaryň payhasyndan ganmadym Payhas ummany siz mähribanlarym Tug ýaly päkize namys-ary bar Kethudasy, ahuny bar, piri bar Nur-iman halkymy yalka biribar Turkmen yene yedi yklymy baglasyn Jigerde janym siz mähribanlarym Agam siz, atam siz, dagdan arkam siz Gül diyarda döwran sürüň armansyz Dünýä ayan beyik bagta baryanmyz Maňa siziň hoş sözüňiz daldadyr Dinim-imanym siz mähribanlarym Turkmen zähmetkeşdir, yeňişe yardyr Toyda pälwan, söweş güni serdardyr Eneleriň sözi derde dermandyr Yaşaň kalbyňyzda arman galmasyn Dilimde dogam siz mähribanlarym Ruhnamany göwher dürden jem eden Saparmyrat size sadyk gul eken Eyläm atamyrat, beyläm balakan Keramatdyr deryalarym, daglarym Başymda jygam siz mähribanlarym Adam bilen adam parhyna belet Geljege ynamly barşyma belet Turkmen bat berjekdir çarhyňa pelek Yaşaň göwnuňizde arman galmasyn Şuglaly didäm siz mähribanlarym Sapar diyer size gujagym açyk Törumde döwletli saçagym açyk Allam sahawatyň sakasyn açyp Owadan yurdumda garyp galmasyn Geljege rowan siz mähribanlarym

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir