Salam hormatly talyplar.com_yn agzalary we gelip gapdaldan jyklap gityan myhmanlar. Biziň gündelik durmuşda ulanyp, "internet" diýip atlandyrýan zadymyz näme? Ony iýip-içip bolýamy, geýip bolýamy, görüp bolýamy? Nähili gurulan, nähili işleýär? Indi bolsa bu soraglara jogap bermäge synanşalyň. Internet Internet bütün dünýäde kompýuterleri we kompýuter torlaryny birleşdirýän ulgam. Her tora birigýan komýuteriň öz ýeketäk nomeri bolýar. Bu nomerler 0.0.0.0 dan 255.255.255.255 aralygynda bolýar. Ýagny her nomer 4 sany 0-dan 255 aralygyndaky sandan durýar. Bu sana IP(internet protokol) diýilýär. Şol IP boýunça müşderiniň (klient, ýagny her bir interneti ulanýan adam) haýsy ýyrda, şäherde, haýsy koordinatalarda ýerleşendigi, şol ýeriň häzirki howasy näçe gradus, nähili pul birligini ulanýar we ş.m. maglumatlary bilip bolýar. Domenler Internetde web saýtlara ýeketäk birine degişli bolan domenler saýlanylýar. Domen 2 bölekden domen adyndan we zona (meselem .com .biz .net .org .tm .ru we ş.m.) durýar. Meselem zehin.biz saýtda zehin - domen ady, biz - zona. Browzerlar Biziň girýän saýtlarymyz serwerlerde (adatça kop ýerli çalt işleýän güçli kopýuter, mydama internete birigen) durýar. Biz şol saýtlara browzerleriň (web sahypalara gimek üçin programma, iň köp ýaýran 5- si:Mozilla Firefox, Internet Explorer, Google Chrome, Opera, Safari) kömegi bilen girip bilýäs. Protokollar Protokol - müşderi bilen serweriň özara düşinişýän dili. Meselem HTTP(salgylaýyn gatnaw protokoly, web saýtlardaky her sahypaň salgysyny bassaň şol sahypa açylýar), FTP (faýl gatnaw paketi, faýllary serwerda goýmak, almak, birine ibermek üçin ulanylýan protokol), POP3(e-mail ulgamynynyň bir protokoly) we ş.m. Hyzmatlar 2008-nji ýylda bütin düýäniň halkynyň dörtden biri interneti aktiw ulanandygy hasaba alyndy. Eýsem bunça adam internetda näme etýäler, nähili hyzmatlardan peýdalanýalar? 1) Sossial dünýäler - siziň internetdäki şahsy dünýäňiz, dostlaryňyz, diňleýän aýdymlaryňyz halan zatlaryňyz ... . Melelem Facebook, Moy mir, Vkontakte, MySpace, Odnoklassniki we ş.m. 2) Bloglar - siz öziňiz şahsy blogyňyzy ýöretme, we beýlekileriňkini okama, ýazylma mümkinçilikleri bar. Iň köp ýaýra Twitter. 3) Ensiklopediýalar - ähli zatlar baradaky maglumatlar toplumy. Meselem Wikipediýa. 4) Forumlar - saýlanan tema boýunça sorag-jogap ulgamy. Meselem CyberForum (programmirleme). 5) Internet magazinler - göni saýtdan harytlary saýlap, töleg geçirilýän saýt. Alnan harytlar getirip berilýär. 6) e- mail - elektron hatlary almak, ugratmak we ş.m. mümkinçilikleri bolan şahsy bukjaňyz. Meselem gmail, mail.ru, yahoo, hotmail we ş.m. 7) Täzelikler - täzelikleri okap, ýazylyp bolýan saýt. Meselem Usenet. 8) Faýl topmumlary - ( ru -> faýloobmenniki) faýllary indirmek, ýüklemek mümkiligi bolan, kän faýllardan ybarat saýt. Meseelem DepositFiles, TurboBit, LetitBit we ş.m. 9) Internet radio - saýta girip radio diňlemek mümkinçiligi. 10) Gözleg ulgamlary - internetde maglumat surat gözlemek mümkinçilikli saýt. Meselem Google, Yahoo, Yandeks, Rambler we ş.m. 11) Oýunlar - internetde beýlekiler bilen oýun oýnamak mümkinçiligi. 12) Çat - göni şol wagtda hat alyş-çalyş, habarlaşma mümkinçiligi. 13) ... Diller Häzir internetdäki maglumatlaryň köp bölegi iňlis dilinde, soň hytaý, ispan ... dillerinde. Diller internetiň bölünmesiniň domenlerden soň esasy ugrudyr. Häzirki wagta internetde türkmen dilinde maglumatlar hem has köpelip ugrady. Zehin.biz saýtynyň maksatlarynyň biride türken internetini ösdürmekdir.
Internet ulgamy name?
-
nightwolf
12 years ago
nightwolf 12 years ago