HYRADY BEG — Gelýärler, gelýärler — diýip, serçeler ýaly toplanan çagalar köçä tarap güsürdeşip eňdiler. Ondanam ilerligine tarap ylgadylar. Birdenem möjekden ürken süri ýaly güpürdeşip yza serpdiler. Ala wagyrdy bolup, ylgaşyp gelýän çagalaryň yzyndan gelýän atlylar Hyrady begiň deregine Garamergeni alyp gelýärdiler. Hyrady begiň yzyndan giden atlylar haraba öwrülen köne galaň bir çetinden girenlerinde, otlap ýören eýerli aty gördüler. Atyň agzy ota ýeter ýaly edilip, jylaw eýerden ildirilipdir. Islän wagtyň atyň eýerine böküp gidibermelidi. Ýigitleriň biri: — Ýüwrük, ol Ýüwrük ýaly-la — diýip, seslendi. — Edil özi, Ýüwrük — diýip beýlekiler aýtdylar.
nohurlyagza 12 years ago- Ýüwrük Garamergeniň Küýküden soňky atydy. Alamançylyga gatnaşyp, serbazlara ýesir düşeninde, Küýkini Ryzaguly hanyň atlylary oljalapdy. Şondan soňra ol täze aýagulag edinipdi. Onuň täze ulagy alaşa atdy. Ol münülip ýörülenem bolsa, entek ady ýokdy. Ýüwrük ady oňa Garamergeniň özi dakypdy. Tarhan bälçiklige salyp:
— Muňa ýüwrük diýýäň welin, ula gitse-hä diňe guýrugyndan ozup geläýse gerek — diýip, Garamergene degipdi.
— Muny seýisleseň öňüne at geçirmez. Dorbedewem tozana garar.
— Dorbedewi tozanyna garsa garar, ýöne Garrybaýyň gök bedewinden weli galar.
Garrybaýyň gök bedewi diýýäni, gök eşekdi. Garamergen oňa alarylyp seredip:
— Gümüňi tapsana, sümükli ýetim. Ýakaň gara gäzini oňaraňok-da, ile at dakýaň — diýipdi.