soňky ýyllarda meşhur şahyrymyz gurbannazar ezizowyň şyryýet dünýäsi bilen içgin gyzyklanýanlaryň barha artýandygy äşgär duýulýar. muňa zehinli şahyrymyzyň goşgularynyň geçen asyryň soňky onýyllygynda 2 gezek, soňky 4 ýylyň dowamynda bolsa 2 gezek (2007-nji, 2011-nji ýyllarda) köpçülikleýin neşir edilendigem anyk şaýatlyk edýär. soňky ýyllarda metbugatymyzda şahyryň şahsyýeti, şygryýet dünýäsi barada ýazylýan ýatlamalardyr edebi makalalaryň, derňewleriň sanam artmak bilen boldy. talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary, ýaş şahyrlar bilen duşuşyklarda gurbannazaryň şahsyýeti, şygyrlary barada sowal baryny berýärler. şeýle duşuşyklar mahalynda gurbannazar şahyryň heniz ýaňy 30 ýaşan mahallarynda: meniň öz ýaşyma uly baham ýok, oň bahasyn kesgitlejek zaman bar – diýip, şeýle welilik bilen aýdandygy ýadyňa düşüp, onuň özüniň edebi ykbalyny şeýle öňünden görüp bilendigine haýran galýarsyň. hormatly prezidentimiz gurbanguly berdimuhamedowyň yglan eden täze galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanasynyň bize peşgeş beren şeýle bir ajaýyp ýagdaýam biziň beýik şahsyýetlerimize buýsanjymyzy, olaryň döredijiliklerini içgin öwrenmeklige bolan küýsegimizi hasam artdyranlygydyr. hormatly prezidentimiziň ýakyndan alada etmeginde gözel paýtagtymyzyň merkezinde merkezi aziýada deňi-taýy bolmadyk “ylham” seýilgähiniň gurlup, ol gelim-gidimli ýerde türkmen edebiýatynyň, sungatynyň, medeniýetiniň belent şahsyýetleriniň howalanyp duran heýkelleriniň oturdylmagy zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň olara goýýan belent sarpalarynyň alamaty boldy. indi toý baýramçylyklarda bagşy-sazandalarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz bu gözel ýere gelip, aýdym-saz edýärler, şahyrlarymyz goşgy okaýarlar. kerim halypanyň, aman kekilowyň, gara seýitliýewiň, mämmet seýidowyň, gurbannazaryň hatarlanyp duran heýkelleriniň öňünde olaryň goşgularyny okaşyp, pikir alyşýarlar. megerem, “uly şahyrlar okyjylary bilen hemişe döwrüň dili bilen gepleşýär” diýleni dogry bolmaly. galyberse-de, gurbannazar ezizow ýaly ilkinji goşgusyndan başlap milli edebiýata täzelik getiren şahyryň tutuş döredijiligine aň ýetirmek üçin durmuş, edebi, sowatlylyk, akyl ýetirijilik...kämilligem gerek. özüm-ä onuň goşgular kitabyny nijeme ýyllap elimden düşürmän okaýanam bolsam, käteler merjen däneleri ýaly, çuň manyly setirlere, aňlatmalara, pikir öwrümlerine duşup, öň okamda, olara üns bermändigime ökünýärin. andalyp, azady, magtymguly, mollanepes, nurmyrat saryhanow, kerim gurbannepesow, gurbannazar ezizow...ýaly ägirtlerimiziň döredijilik syram, olary her gezek okanyňda, bir hili duýga gaplanýanlygyňdadyr. men uly şahyrymyzyň mukaddes uly maşgala ojagynda bu gün agtyklaryna, çowluklaryna guwanyp, olara ýalňyz, söwer ogly gurbannazara beren edep-terbiýesini berip oturan gülnabat ejemiz, bu ojaga wepaly bolup, gyzlary ýazgüle, arzygüle, sähragüle, ogulabada, şahyr aradan çykanyndan aý ýarymdan soň dünýä inen serdara, olardan bolan agtyklaryna ataň ornuna-da ýol-yz görkezip, tälim berip oturan halnabat gelin bilen söhbetdeşligimi öňräk etmelidim. çünki, gurbannazar ýaly uly edebi şahsyýetiň kemala gelşini öwrenmek, bilmek diýseň gyzyklydyr. bu meselede asla ownuk zat ýokdur. gurbannazar barada makala ýazmakçy bolup, gülnabat daýzanyň ýanyna baran mahallarym, bir ýagdaýa göz ýetirdim: mährem ene söwer ogly barada gyzykly gürrüňlere başlaýar-da, birdenem gussaly gözlerini mäkäm ýumup, esli wagtlap dymyp oturýar. megerem, mawy gözlerini güldürip, goşgy okap berip oturan gurbannazar onuň göz öňünde janlanýandyr. çünki, gülnabat daýzamyz gurbannazaryň iň ilkinji goşgularyndan başlap, iň soňkusyna çenli ilkinji bolup diňlän, oňa baha beren mährem ene. onuň oglunyň tutuş döredijiligine ilik-düwme beletligi edýän gürrüňlerinden aňdyrýar. gurbannazar ejesine okaýan kitaplary barada-da hemişe gürrüň beren bolmaly. bary-ýogy 5-nji synpa çenli okanam bolsa, gülnabat daýzamyzyň goşgudan baş çykaryşy haýran galdyrýar. gurbannazaryň özi ejesi bilen “edebi gatnaşyklary” barada: uzyn gije kelle döwdüm, kömek et, enem! saňa sowgat edip biljek ýaglyk, ketenem. isleseň-okean. isleseň- ýyldyz. isleseň giň- asman. isleseň-gül, düz. sen näme isleseň, isleýşiň deýin, getirip öňüňde taýyn edeýin. ýogsa uzyn gije hem aladaňdan, seniň göwnüň tapman, galdym derde men. – oglum, gökde uçsaň, gezseň ýerde sen, maňa sowgat getir öz aladaňdan – diýip, heniz 23 ýaşyndaka, 1964-nji ýylda ýazypdyr. gurbannazaram ejesine çuň manyly ömrüniň ahyryna çenli gülnabat daýzamyza “öz aladasy”– ajaýyp şygyrlardan sowgat baryny eçilipdir. adam hakydasy kino lentasy ýaly bir zat: kelläňe agram salyp, ýaşlyk ýyllaryňy ýatlasaň, gören-eşidenleriň düýn bolup geçen dek janlanybir. ýadymda: uniwersitetiň ikinji synpyny tamamlap, kanikula çykyp, öýli-öýlerimize gidipdik. o ýyllarda-da okuw başlanmagyna bir hepde galanda, uniwersitete ýygnalardy: kim umumyýaşaýyş jaýyndan ýer almaly, kim kitaphanadan gerekli kitaplary edinmeli, garaz, okuw ýylyna taýynlanmaly. uniwersitete gelip, ilki duşanymam synpdaşym gurbannazar boldy. biziň oglanlarymyz heniz gelmän ekenler. paýtagtda ýaşaýanymyz üçin kanikul döwründe gurbannazara redaksiýalarda birki gezek gabat gelipdim. biz uniwersitetiň öňündäki oturgyçlarda esli salym degşip-gülşüp oturdyk. ertir duşuşmagy wadalaşyp, hoşlaşmakçy bolup durkak gurbannazar: – dost jan, sen biziň öýümizi görüpmidiň? – diýip, sowal berdi – howlyňyzyň nirededigin-ä bilýän. – ýör, gitdik. şumat kakamam öýde bolmaly. uly şahyryň kakasyny, ejesini tanamal-a sen, pekgejik diýsänim. (ol ysnyşan dostlarynyň atlaryny söýüç bilen şeýle tutýardy.) ol şeýle diýdi-de, hezil edip güldi. – sen uly şahyrdygyňa ynanýaň-ow, onda?! – sen bilip goý, özüňe berk ynamyň bolmasa, gowy goşgy ýazyp bolmaz. men öňräk ilkinji goşgym hakda: ilkinji goşgulam edilende çap, şu günki deý düşýär meniň ýadyma. gazeti maňlaýma, gözüme oýkap, beýik sözün goşardym men adyma – diýibem ýazypdym. bu goşgymy ýakynda “edebiýat we sungata” eltdim. “beýiklige ýeten günüň çap ederis” diýdiler. biz gurbannazarlara barýançak şygryýetiň gürrüňini edip, degşip-gülşüp gitdik. howla girenimizde gurbannazaryň kakasydygy göreniňden bildirip duran, mawy gözli, hortap saryýagyzrak adam gabat gelip, gadyrly salamlaşdy. eziz aga bilen tanyşdyk. gurbannazar meniňem goşgy ýazýanlygymy aýdyp ýetişdi. eziz aga: – edýän işiňize ýürekden ýapyşyň, hä diýmän uly adam bolar gidibirsiňiz – diýdi. howlynyň içini synlaýan: gül pürkülen ýaly arassa. agaçlar gök öwsüşip otyr. ähli ýere suw sepilip, salkynladylypdyr. gurbannazar meni “iş otagyna” çagyrdy. eýwandan uly jaýa, soňam äpişgesi uly köçä bakyp duran otaga girdik. tekjelerde hatarlanyşyp duran küti kitaplary görüp, haýran galdym. üsti kitaply stoluň üstünde goşgy ýazylan kagyzlar pytraşyp ýatyrdy. – kagyzlaryňy ýygnaýmaly ekeniň-ä! – barybir bu otaga menden başga girýän ýog-a! akylly goşgularyň nirede döreýänini gören bolsaň, ýör, indi kölegede oturypjyk, çaý içeli! gülüşip daşaryk çykdyk. goýry kölegede gülli keçe ýazylypdyr, saçagyň üstünde, eýýäm demli çäýnekler arassaja hasa bilen basyrylgyja dur. keçäniň üstünde ornaşan badymyza gyzyl gülli köýnekli, agzy ýaşmakly, ýüz-gözleri nurana daýza içi gowurdakly golçany ortada goýup duruşyna meniň salamyma: – gurgunmysyňyz, ogul, içeriňizem saglykmy – diýip, ýuwaşja ses bilen jogap gaýtardy. öýde ýaşuly ýa ýat adam ýok bolsa-da, gülnabat daýzamyň tomsuň tüp yssysynda ýaşmakly gezip ýörşüne haýran galdym. gurbannazara sowal berdim: – daýzam kimden ýaşynýar-aý?! – türkmen maşgalasy ýaşmakly gezer-dä, sen näme, şonam bileňokmy?! – howluda ýat adam ýog-a, men-ä sendenem bir ýaş kiçi. gurbannazar garagolluk bilen gozlerini gyrpyldadyp, gulagyma pyşyrdady: – ejem kakamdan ýaşynýar-a. geň galmaly ýeri: soň-soňlaram, aradan takyk elli ýyl geçenden soň, ýaňy-ýakynda gülnabat daýzalara baramda-da, ony ýene-de ýaşmakly gördüm. gülnabat daýzamyz edip oturan gürrüňleriniň arasynda, hamana, şeýle sowal berjegiňi öňünden aňýan ýaly, seni gyzyklandyrýan zatlar barada ýüzugra aýdyp goýberýär. golaýda eden söhbetdeşligimizde ol meniň birwagtlar gurbannazara beren sowalyma jogap berdi oturyberdi. ýogsam, men ol hakda şu ýazgylarymdan başga ýerde dilem ýarmandym. gülnabat daýzamyz uzak bir ýerleri synlaýan ýaly, gapdala seredip oturyşyna gurbannazaryň heniz bäbekkä bolan wakalary ýatlaýar: – ezizi uruş başlanaýan badyna harby okuwa aldylar. büzmeýindäki (häzirki abadan şäheri-h.d.) howlymyzda gaýnatam, gaýnenem, gaýynagalarym bilen galyberdim. uzynly gün kolhoz işi, agşam gelibem öý-içerä, mal-gara seretmeli. eziz ýeňişden bir ýyl soň uruşdan gaýdyp geldi. o geläýen döwürlerem biz gaýnatam dagy bilen tejende, ekin üstündedik. eziz büzmeýine gelip, mugallymçylyk işine başlady. howlynyň bir çüňkünde ýaşaýas. mydama agzymyz ýaşmakly. eziz bilenem pyşyrdaşyp gepleşmeli. türkmen maşgalasy-da biz. tas on ýyl dagy adam bilen açykdan-açyk gepleşmän ýörşüme, soň-soňlar aşgabada gelip, özbaşdak howly salynanymyzsoňam sesli gepleşmelidirem öýtmändirin. häli-bu güne çenlem şeýle-dä. gülnabat daýza birdenem gurbannazaryň çagalyk ýyllary barada söhbet edip başlaýar. şonda onuň ýüz-keşbi hasam nurlanan ýaly bolýar. – büzmeýinde ýaşaýarkak, gurbannazar jan duran ýerinden gozganman, ilerki daglara uzak wagtlap sereder durardy. soň ezizi ýerbendiň golaýyndaky kükürt zawodynyň ýanyndaky mekdebe işe geçirdiler. gum içinde günüň doguşy, aýyň batyşy, gar-ýagyşyň ýagyşy, älemgoşaryň doguşy başgaçarak bolýandyr. gurbannazar jan älemgoşaryň garasy ýitýänçä şo...ol sereder durardy. onuň dag-deňiz, gar-ýagyş, pasyllar barada goşgy ýazyşam başgaçarakmy, ýa meniň göwnüme şeýleräkmikä?! hawa, hut şeýle! ähli zady gurbannazaryň öz görşi, öz aýdyşy bardy. hatda, ol gözleriniň mawyrakdygynam tebigat gözelligi bilen baglanyşdyrýar: mawy gözlem şu asmanyň aşygy, şoň reňkinden akyl-huşum göçendir, belki, martda sallançakda ýatyrkam, gökden inen iki sany damjajyk, gelip meniň gözlerime gaçandyr. *** gäwersiň düzünde bahar şoh bolup, çygly otlar billeriňe ýetende. *** güller gülli okarasyn güjeňläp, galdyrap, buldurap, bakanda size. *** öz guşlary, oty, şemaly bilen öz ene dilinde gepledi zemin. *** ellerinden dür dökülýär baharyň, nepesi durlady çygly howany, soňra syryp gök ýüzünden buludy, mawy reňke boýap çykdy asmany. tebigatda nirä seretseňem gözellik bardyr. ýöne ony şahyryň görşi düýbünden başgadyr. şahyryň bizden tapawudy: ol ýa-da beýleki bir gözelligi görşüni (görüş duýgusyny) şahyrana setirleriň üsti bilen aýdyp bilýänligidir. şahyryň goşgusyny okanymyzdan soň bizem ol gözelligi şahyryň görşi ýaly görüp, ony öň görmändigimize haýran galýarys. şahyryň (aslynda, çeper döredijiligiň) bize onçakly aýan bolup durmaýan syry-da şundadyr. islendik döredijilikde uly şahsyýet syrly, jadyly bir adam ýaly bolup görünýändir. çünki, rus tankytçysy w.belinskiniň aýdyşy ýaly: “paýhas şahsyýetden uludyr”. paýhasda hemme adamlaryň paýynyň bardygy, uly şahsyýetiň bolsa umumadamzat derejesinde pikirlenip, onam şygyrda, kyssada, surat çekmekde, sazda... biziň pikirleniş derejämizden has belent, täzeçe, öň kimdir biriniň heniz aýtmadyk derejesinde beýan etmegi başarýandygy, ony aýratyn tapawutlandyrýandyr hemem keramatlaşdyrýar. andalyp, azady, magtymguly... ýaly belent şahsyýetlerimiz bu belent derejä galmagy başarypdyrlar. adatça, zehini hudaýdan berlen adamlaryň ählisi diýen ýaly islendik işi amal edenlerinde-de, oňa zehinli çemeleşýändir. bu meselede nesil yzarlamagyň, çaga edep-terbiýe bermegiň bar bolmagam juda mümkindir. azady ýaly öz döwrüniň beýik alym şahyryndan beýik akyldar magtymgulynyň döremeginde tebigy kanunalaýyklyk bardyr. gurbannazaryň atasy hümmet aga ahalda meşhur molla hem zergär bolupdyr. gülnabat daýzamyzyň kakasy mämmetdurdy aga 1925-nji ýylda gökdepäniň 2-nji gökdepe obasynyň arçyny saýlanypdyr. ol geçen asyryň 30-njy ýyllarynda etrabyň şol wagtky “hlebkom” (“çörek komiteti”) edarasynyň başlygy bolup, daýhanlara un, tohumlyk däne paýlapdyr. uruş ýyllarynda ol etrabyň bankynda işläpdir. gurbannazar babasyndan küşt oýnamagy, dürli tapmaçalary çözmegi öwrenipdir. gurbannazaryň doganoglan agasy abdy annalyýew moskwanyň gubkin adyndaky nebitçilik institutyny tamamlan ilkinji türkmen nebitçileriniň biridi. geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ol birnäçe ýyllap türkmenistanyň ministrler sowetiniň başlygy wezipesinde işläpdi. gurbannazar ilkinji halypasy gara seýitliýew bilen abdy agalarda tanşandygyny aýdardy. gülnabat daýzamyz gurbannazaryň heniz 7-8 ýaşly oglanjykka zergärçilik bilen içgin iş salşanyny gürrüň berýär. gurbannazaryň atasy hümmet aganyň has aňrylaram zergärlik bilen meşgullanan ekenler. hümmet aganyň özem ahalda iň tanalýan zergärleriň biri bolupdyr. ýer titremeden soň hümmet agalar häzirki abadan şäherinden aşgabada göçüp gelip, öňki podwoýskiý köçesiniň şäheriň ileri başyndan giräýen ýerinden, şol mahalky jygyllyk bazarynyň günbatar tarapyndan mellek tutunypdyrlar. hümmet aga wagtlaýyn salnan jaýda ussahana gurup, kümüşden her hili şaý-sepleri ýasap başlapdyr. ol bulary ýasamagy ogly ezize-de, agtygy gurbannazara-da öwredipdir. hatda, gülnabat daýzamyzam kümüş eretmek, nagyş salmak, gaş goýmak ýaly işlerde olaryň kömekçisi bolupdyr. hümmet aga türkmen şaý-sepleriniň gadymky nusgalaryny ýasamagyň hakyky ussady eken. olar gülýaka, gupba, kökenli ýüzük, bukaw, tumar, ýeňselik, maňlaýlyk, çekelik, akdyrma, saçlyk... ýaly şaýlary ýasamaga ökdeläpdirler. gurbannazar zergärlik işini şeýle gowy görüpdir: ol ir ertirden giç agşama çenli atasynyň ýanyndan aýrylmaýar eken. hümmet aganyň müşderileri bolsa ýetik bolupdyr. ol şeýdip, öz zähmeti bilen ogluna, agtygyna şarňyldap duran jaý salyp bermek arzuwyny amala aşyrypdyr. biraz maýa toplanandan soň hümmet aga dükanlardan gyzyl şaýlary satyn alyp, olary eredip, öz ýasan şaýlaryna gyzyl nagyşlaram salyp başlapdyr. zergärlige bar ünsüni beren gurbannazar şaý-sepleri özbaşdak ýasap ugrapdyr. hümmet aganyň oňa diýseň göwni ýetipdir. gurbannazaryň ilkinji ýasan kaşaň gülýakasy amaly haşam sungatynyň ilki aşgabat şäheri, soňra türkmenistan boýunça geçirilen sergisine gatnaşdyrylypdyr. soňra ol gülýaka mekdep okuwçylarynyň moskwada, halk hojalygynyň gazananlarynyň bütinsoýuz sergisinde görkezilipdir. gurbannazara ol ýerden ýasan gülýakasynyň hindistanyň paýtagty delide görkeziljekdigi, oňa özüniňem çagyrylmagynyň mümkindigi hakynda habaram gelipdir. soňra... bu şatlykly habarlaryň yzy ýitipdir. megerem, öz şygrynda: sungat diýmek näme? bilýärmisiňiz? ele alýarlar-da ýiti keseri. lokga daşyň ähli artyk bölegin ýonup döredýärler ajap eseri... ...sungat diýmek näme? bilýärmisiňiz? bu sowala sada jogap bermeli. biz herimiz özümiziň zergärmiz. mydam özümizi ýonup ýörmeli — diýşi ýaly, şygyr sungatyna ymykly girişipdir. elbetde, durmuşynyň ähli pursatlarynda başdan geçirenleriniň onuň ajaýyp şygyrlarynda öz beýanyny tapyşy ýaly, bu wakalaram ol duşundan geçirmändir. gurbannazar bu ahwalaty “meniň aslyýetim” atly goşgusynda şeýle beýan edýär: meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik, ýöne öz kärini ýürekden söýdi. gaş bilen diwalaň goşuny goşup, kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy. ussahanasynda-sungat öýünde, meniň eziz atam edensoň yhlas, gerçekleň gözüne gözel göründi türkmeniň edaly gözelleri has. gülnabat daýza gurbannazaryň şygyr ýazmaga girişmezden öň biçak köp kitaplary okandygyny ýatlaýar. eziz aga oglunyň kitaba bolan çäksiz höwesini görüp, oňa her hepdede diýen ýaly täze kitaplary alyp berer eken. gurbannazar ilkinji goşgularyny gazet redaksiýalaryna poçta üsti bilen ýollapdyr. ýogsam, onuň ýaşaýan ýeri redaksiýalardan sesýetim uzaklykda eken. munuň sebäbini soranlarynda: “goşgymyň gowşak bolmagy mümkin. redaksiýanyň işgärlerine görünmekden utanýan-a” diýip, jogap berer eken. ýollan goşgularyna bolsa, şol mahallaryň “goşgularyňy aldyk. çeperçiliginiň gowşaklygy üçin peýdalanyp bilmedik” diýen ýörgünli, gysgajyk jümleli jogaplar gelipdir. gülnabat daýzamyz şeýle hatlary alanda, gurbannazaryň “eje, goşgyma jogap ýazypdyrlar, indi ony çap etmezler” diýip, lapykeç bolandygyny, günuzyn keýpsiz gezendigini gürrüň berýär. her hal gurbannazar goşgy ýazmakdan el çekmändir. şahyr soňra halypalyga ýeten mahallaram “goşgy ýazmakdan gorkaýmalam-how” diýerdi-de, soňam hezil edip gülüp, “gowşak goşgy ýazmakdan” diýibem sözüniň üstüne goşardy. bu babatda onuň “gorky” atly on beýitlik goşgusy diýseň täsirlidir. goşgynyň başyndaky: oba çagyrsalar, ýitirýän özüm, diýýärin aljyrap: “bararyn hökman” soň çilimmi otlap, ýumýaryn gözüm, çozýar oý-pikirler üstüme bakan. ...ine, tämiz geýnip, bararsyň bärden, tanyşdyr adamlar, gezilen ýerler. (ýeri ýazmak kärin tapdyň sen nirden? näme diýerkäler? näme diýerler?!) gülnabat daýzamyzyň aýdyşy ýaly, gurbannazar bir iş etmegi maksat edinse, onuň aňyrsyna ýetmän goýmazdy. munuň hut şeýledigine onuň bilen bileje okan, redaksiýalarda bileje işleşen, oturyp-turşan ýyllarymda özümem göz ýetiripdim. uniwersitete giren ýylyndan başlap gurbannazar döredijiligiň azaply hem onuň netijesini görmegiň bagtyýar ýoluna ymykly düşdi. şunda ol başky alan badyny birjik-de gowşatman, ömrüniň pajygaly ahyryna çenli şygryýetiň ganatly atynyň jylawyny berk (döredijilikde sähel säwligem, her gün ylgap, soňam ýaltanyp, ylgamasyny goýan meşhur türgeniňki ýaly, uzak wagtlyk durgunlyga getirip biler) tutdy. şunda-da, şahyra gülnabat daýzamyz, eziz agamyz, halnabat gelin uly goldaw beripdir. şahyram olaryň hyzmatlaryna ajaýyp goşgular bilen jogap beripdir. hemişe bir zatlary döretmegiň küýünde gezip ýören zehin üçin beýle hyzmatdaşlyk diýseň zerurdyr. megerem, şunuň üçindir: gurbannazaryň tutuş döredijiliginde ata, ene hem öý bikesiniň (diýmek, eziz agamyzyň, gülnabat daýzamyzyň, halnabadyň) edebi keşbi aýratyn güberçekläp durandyr. indiki gürrüňimiz şolar hakda. (soňy bar.) hudaýberdi diwangulyýew, türkmenistanyň halk ýazyjysy
Söýgüli şahyrymyzyň ejesi
-
vipboy
12 years ago
- oooo suratyny tapmadym
-
Bagyr
12 years ago
- http://www.zamantm.com/tm/newsdetail_getnewsbyid.action?newsid=55303 hany sundanam barlap gor!
-
Bagyr
12 years ago
- hay ozi yalnsyh cykaryan ekena goyamda basga zat birje gezek basyan welin uytgeyar ( uly harplar kici harpa owrulyan eken zaman gazetden edebiyat boluminden tapyp bilersiniz onda ( http://tm.zaman.com.tr hay mla gynanaydymay(
-
ahah
12 years ago
-
sahett
12 years ago
Bagyr 12 years ago- http://www.zamantm.com/tm/newsdetail_getnewsbyid.action?newsid=55303 su yerden soygili sahyrymyzyn ejesinin suratyny gorip bilersiniz! aranyzda goyup bilyan bar bolsa alyp goysanyz hosal bolardym!)