söýgi! sen neneň gudrat! seniň näzikligiňden, seniň inçe syrly täsinligiňden ynsan göwnünde hasyl bolmajak ýa-da bolar diýip umyt döredýän arzuwlary oýarýaň. bu dünýede söýüp ýa-da söýlüp ýaşamakdan başga lezzetli zat barmyka?! megerem, ýok bolsa gerek! alla tarapyndan bu syryň gudraty nämedekä? akar suwly derýa, goluň uzadañda ýetmejek asman ýa-da aňyrsy görünmeýän çöllükmi sen? ine, meñem ajaýyp arzuwlaryň düwünsiz ýumagyny çözläp, arzuwlar ummanyna çümen ejiz göwnüm herne giň meýdana nazaryny aýlanda, kalbymda hemişelik orun alan näzik duýgularyň, ýakymly ýatlamalaryň girdabyna çümýän. gör niçe ýyllar, günler, ýakyp-ýandyran ahwalat söýginiň ejapdan ejirli ýollarynda herne ejizlän bolsam-da, güýç-gaýrat berjek günleriň ahyry geljekdigine ynamym ýok däl. ol gara gyşly gün, ol günki duşuşyk, otlukly günler ýene geler
Soygi
-
Studentka5
12 years ago
- friendshipin "yene geler" temasy bu. beytmegin gowa dal richer
gizlin2 12 years ago- Durmushun ajysyn,sujusun gordum.
Yashlykda bialach koyen soygumi,
Yureimin gizlin torunde goydum.
Mashgala ojagmyn yylysyn saklap,
Balalaryma yssy mahrimi berdim,
Bir yodadan baryan yanyoldashima
Deniz yaly ummasyz soygumi berdim.
Nache gizlesemde koyen soygumi,
Kawagt,kawagt yene koreyar.
Bizi ayra salan uzak yollardan
Gamly gozlem sen sudurun gozleyar.