Bir uniwersitetin professorlaryndan birine kabul etman bolmajak teklip gelipdir: daşary yurtda ylmy gözleg işlerini dowam etdirmek üçin gerek bolna maddy goldawy bir gazna öz eline alypdy. Professor bu pursaty elden gidermek islemeyardi. Emma ilki bilen çözülmeli bir mesele bardy: bu iş okuw döwrüne gabat gelyardi. Dolanyp gelyança, wagtlayyn yagdayda yerine sapaklara yerine girjek birini tapmalydy. Esli wagt bu barada kellesini agyrtdy. Uniwersitetde şol sapakdan ders berip biljek yene iki professor bardy. Emma olaryn ikisi-de, onsuz hem girmeli derslerinin kandigini we goşmaça sapagy boyun alyp bilmejekdiklerini aytdylar. Ynha, birdenem professoryn bir zat yadyna düşdi. Haliden bari gamaşyp duran yüzüne yylgyryş çayyldy. Ylmy gözlegde boljak döwründe bermeli sapaklaryny önünden kasseta yazdyrmagy yürgine düwdi. Professor birnaçe günün dowamynda bermeli sapaklarynyn ahlisini yekan-yekan okap, kassetlara yazdyrdy. Ir bilen şol günki sapagyna baran professor talyplara geljek bir ayyn dowamynda uniwersitete gelip bilmejekdigini aydyp, bu bir aylyk wagtyn dowamynda dersleri magnitofon kassetalaryna yazdyrylan maglumatlardan yzarlamagy we yylyn ahyrynda boljak ders synaglary üçin bellikler almaklaryny tabşyrdy. Kasseta yazdyrylan derslerin ilkinjisi mugallymyn daşary yurda gitmeli gününden iki gün ön bolmalydy. Professor derslerin bu usulda bolmagynyn tasirlilik derejesi barada aladalanyardy. Şonun üçin gitmanka, muny öz gözleri bilen hem görmek üçin ders geçmeli synpynyn denine yuwaşlyk bilen gelip, birdenka gapyny açdy. Ilki gözlerine ynanasy gelmedi. Synpyn içinde yns-jyns yokdy. Synpyn önündaki mugallym kürsüsinde magnitofon işlap durdy we talyplaryn partalarynda-da 15 magnitofon dersi kassetalara yazdyryardy. Professor dersleri kasseta yazdyrmak pikirini akylly oylanyp tapylan çözgüt hasap edyardi. Aslyyetinde, bu dogry, emma talyplar bu taze yagdaya has akylly çözgüt tapdylar.

Köneler, durmush1 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir