Uly Balkanyň giňişlikleri 24.12.2011 Uly Balkanyň iň belent ýeri deňiz derejesinden 1880 metr ýokarda ýerleşýär. Bu belentlige çykmaklyk her bir adamda üýtgeşik we ýagty duýgulary oýaryp, ajaýyp täsirleri galdyrýar. Daglar Garagumyň içinde beýgelip duran ada meňzäp, gözel landşaftynyň aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. „Agama“ alpinistler klubynyň agzalary ýurdumyzyň şanly wakalaryna, ýagny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna we Bitaraplygymyzyň 16 ýyllygyna bagyşlap, Uly Balkan dagyna çykmaklyk çäresini gurnadylar. Bu ýubileý ýylyny „Agama“ klubynyň agzalary birnäçe daga çykmaklyk çäreleri bilen bellediler. Şeýle-de ýurduň iň belent nokady bolan Aýrybaba gerşine iki gezek çykdylar we Marköw dagyna köpçülikleýin çykmaklyk çäresini gurnadylar. Ýurdumyzda garaşsyzlyk baýramçylygy bellenilýän günlerinde alpinistler Günbatar we Gündogar Köpetdagyň birleşýän ýerindäki Garaşsyzlyk belentligine çykdylar. Her hepde Köpetdagyň gerişlerine çykyşlary etmek we elde ýasalan gaýalarda yzygiderli türgenleşmek alpinistler üçin däbe öwrüldi. Öz ussatlygyny we başarnygyny kämilleşdirmek her bir türgeniň esasy wezipesidir. Ýöne uçut gaýalary ýeňip geçýän we belentliklere çykýan alpinistler üçin bu mesele has hem wajypdyr. Balkan dagynyň taryhy barada aýdanymyzda bu ýerde ençeme taryhy ýadygärlikler- Damdamçeşmedäki kerwensaraý, dag uçutlaryndaky gadymy galalar we ilkinji dag öwrenijileriň geçen ýoly bolan belli Eşek ýoly ýerleşendir. Ýöne iň täsir galdyryjy ýerler daglaryň ajaýyp tebigaty we landşaftlary. Balkan dagynyň ýokarsyndaky bulutlaryň üýşüp derelerden süýşüşi ýagyşyň tiz wagtda ýagjagyny habar berýärdi. Bu daglar suwy öz jümmüşlerinde aýap saklaýarlar. Bu daglar özüniň ençeme çeşmeleri bilen belli. Şu pursatdan peýdalanyp, dag syýahatçylygyň höwesjeňi we birinji çeşmä çenli alpinistleriň ýolbeledi bolan Sergeý Grigorýewden onuň bilýän çeşmelerini sanap bermegini haýyş etdim. Üns berip diňlemek bilen onuň sanaýan çeşmelerini barmak büküp ýatda sakjlajak bolýan, ýöne barmaklarymyň sany ýetmeýär. Beýdip ýatlamagy başarmajagyma gözüm ýetip, men torbamdan ruçkamy we bellik kitapçamy almak bilen boluberdim. Oňa çenli biz kert gaýalaryň arasyndan geçýän dag ýodalary bilen deňiz derejesinden bir müň bir ýüz metr gowrak beýikligine çenli ýetdik. Daş- töweregimizdäki üçut gaýalaryň kölegesinde gözümiziň öňündäki janlanan haýran galdyryjy görnüşe diňe jennet mekan diýip bolar. Injir, erik we tut agajynyň pürleri asmana tarap ymtylşy, üzüm hoşalarynyň lowurdysy ajaýyp bir suraty ýadyňa salýardy. Ir-iýmişleriň kiçiräk jeňňellikleriniň arasyndaky ýodajyklaryndan ýöräýmeseň, olaryň gürlüginden ýaňa geçip bolmaýardy. Bu jeňňelligiň aňyrsyndaky gaýalaryň kölegesinde görünýän çeşmäniň dury suwy Weneranyň saçy diýlip atlandyrylýan paporitnigiň ýapragynyň aşagynda bukulýardy. Şunuň ýaly ajaýyp ýerde bolup görmek üçin köp sagadyň dowamynda kert gaýalardan geçeniň ýadyňdan çykyp, ähli ýadawlygyň nirä gidenini bilmeýärsiň. Balkan daglary özüniň köpdürliligi bilen bizi indiki gün hem haýran galdyrdy. Dek düýn hem biz dar kanýonlaryň içi bilen ýöränimizde kert gaýalar bizden asmany gizleýärdiler. Bu gün bolsa gerşiň gutaran ýerinde äpet platonyň giňişlikleri biziň öňümizde ýaýylyp ýatyrdy. Asmany bulutlar ýapyp, daş töweregi çisňeýän ýagyş suwlaýardy. Bulutlar içindäki çyglylykdan püre-pür dolan dek käteler aşak düşüp, ýapgytlary, jülgeleriň ýokarsyny, arça agaçlaryny goýy ümür bilen düşeýärdiler. Biziň üznüksiz hatarymyz dumanly tümlükde ýitip gidýärdi we biri-birimizi ýitirmez ýaly ýakyn ýörejek bolýardyk. Dagyň gerşine ýetenimizde ümür gaýyp boldy. Gerşiň aňyrsynda Satmaz çeşmesi ýerleşen. Daga çykmaga gatnaşýan alpinistler bu çeşmäniň arassa suwundan ganmak üçin kert we barmagy kyn bolan gaýalaryň arasyndan geçmeli bolýarlar. Beýleki çeşmelere garanyňda Satmaz çeşmesi has açygrak ýerde ýerleşendir. Biziň ýolumyz uzak boldy, agşam golaýlaşýardy. Ýagyş hem ýagmasyny bes etdi. Şonuň üçin biz bu pursatdan peýdalanyp, ýellerden gorajak arçaly meýdançada öz çadyrlarymyzy gurnadyk. Çadyrlarymyzy wagtynda gurnapdyrys. Birden- kä gar ýagyp başlady. Gar ilki azrak sepeledi, soňra bolsa has güýjäp, gar syrgyny başlady. Uly Balkan diwary Arktikadan gelen sowugy özüne kabul edipdir ekeni. Gerşiň demirgazyk tarapy ak garlyga gömülen hem bolsa, günorta tarapda dagyň eteklerinde ýerleşen welaýat merkezine gaýly howa barmandyr. ...Indiki gün güneşli boldy. Şemal, dek düýnem hökmürowan görünýän bulutlaryň galyndylaryny gerşiň ýokarlarynda iki ýana kowalaýardy. Balkan dagy bolsa kaşaň ak garyň tozgajyklaryndan tikilen we günüň lowurdusyna gözüňi alyp barýan eşige bürenip otyrdy.... Dowamyny turkmenistan.gov.tm dan okap bilersiñiz. Ol ýerde ruratlar hem bar.
sweetbala 12 years ago- sagbol