pygamberimiz içki bütewlige aýratyn ähmiýet berip, düşünişmezlikleriň wagtynda öňüni almak, tersleşenleri ýaraşdyryp, oňuşyksyzlyklaryň döremezligi üçin aladalanardy. pygamberimiziň aýtmagyna görä, allah agzalalyk döredýän, kesir adamy ýigrener".68 resuly kerimiň: "esas bolmadyk ýagdaýda hem ynsanlaryň agzyny birikdirmek üçin peýdaly bir söz tapanyň" ýalançy bolmajakdygyny aýtmagy hem ünsüňi çekýär. 69 bu meseläni söýgüli pygamberimiziň içki agzybirligi berkitmek hem-de ynsanlaryň arasyny sazlamak bilen baglanyşykly eden birnäçe işlerinden käbir mysallahr getirmek bilen tamamlalyň: 1. mureýsi gazasynda, mureýsi guýsynyň başynda ensardan biri bilen muhajirler arasynda bir dawa ýüze çykdy. iki tarapdan hem adam ýygnanyşyp, arada uly bir gowganyň turaýmagy ähtimaldy. mynapyklar hem bu dawa ot berip, olaryň arasyna duşmançylyk salmak isleýärdiler. bu olaryň köpden bäri ýetip bilmeýän arzuwlarydy. pygamberimiz bu habary eşden badyna oňuşyksyzlygyň dörän ýerine baryp, dawalaşýanlary ýaraşdyrdy. 2. kubalylardan amr b. awfyň ogullarynyň arasynda dawa ýüze çykypdy. hatda olar bir-birlerine daş atyp hem ýetişipdiler. resuly kerim hezretleri ýanyna sahabalardan ubeýý b. kab, suheýl b. beýza ýaly adamlary alyp, dawa turan ýere gitdi. ol bu oňuşyksyzlygy ýatyrmaga çalyşýardy. namaz wagty bolup, hezreti bilal azan aýdyp başlady. (mesjitdäkiler) resuly kerime biraz garaşdylar, ýöne ol gelmänden soňra hezreti bilal ebu bekire bakyp: "resululla hezretleri ynsanlary ýaraşdyrýar, isleseň sen ymam bolaý!" diýdi. ol hem namaza başlady. soňra pygamberimiz gelip birinji sapda durdy. hezreti ebu-bekir yza çekildi we resuly kerim öňe geçip, namazy tamamladylar.70 ine şu zatlardan görnüşi ýaly, resulallah musulmanlaryň arasynda turan dawany ýatyrmak üçin namazyny gijikdiren wagty hem bolupdyr, ýöne musulmanlaryň arasynda bolýan dawany ýatyrmak işini goýmandyr. işi birýüzli edenden soňra gelip, namaza durupdyr. bu resuly kerimiň içki bütewlige, agzybirlige uly ähmiýet berendigini görkezýär. 3. bir gün hezreti pygamber öýüniň öňünde iki sany adamynyň algy-bergi üstünde dawalaşyp duranyny görýär. bergili algylydan algysyny ötmegini haýyş edýär, algyly bolsa: "ýok, asla ötmen" diýip, bir ýeri depip duran. hezreti pygamber derrew olaryň arasyna düşýär. netije-de algyly-ha algysynyň ýarsyny geçýär, bergilem bergisinden galan ýaryny şol ýeriň özünde üzýär. şeýlelik bilen bu dawa hem pygamberimiziň araçy bolmagy bilen ula ýazman derrew ýatyrylýar. 4. hudeýbiýe şertnamasynyň bir maddasyna laýyklykda pygamberimiz soňkusy ýyl sahabalary bilen mekgä baryp, käbä üç günüň dowamynda umre zyýaratyny edip gelmäge mümkinçiligi bardy. şeýle-de boldy. zyýaratdan gaýdyp gelýärkä, hezreti hamzanyň gyzy onuň öňünden "agam jan" diýip çykdy, ol hem ony medinä alyp gaýtdy. medinä getirilenden soňra ol gyz kimiň öýünde bolmaly diýen mesele ýüze çykdy. hezreti aly (r.a.), hezreti jafer (r.a.), hezreti zeýd b. haris (r.a.) üçüsi dawa edermen boldular. hezreti aly (r.a.): "ol meniň agamyň gyzy" diýýärdi, hezreti jafer (r.a.) hem şeýle diýýärdi, ýöne ol ýene "meniň nikalym hem onuň daýzasy bolmaly" diýip, üstüne goşýardy. zeýd b. haris (r.a.) bolsa: "ol meniň doganymyň gyzy ahyry, ol maňa sizden has ýakyndyr" diýýärdi. hezreti pygamber hezreti hamza dirikä zeýd bilen dogan okaşdyrypdy. hezreti jaferiň (r.a.) nikalysy ol gyzjagazyň daýzasy bolanlygy üçin hezreti pygamber gyzjagazy şolara-da berdi. ýöne bu üç adamyň üçüsini hem öwdi.72 5. bir gezek aralarynda bir düşünişmezlik sebäpli, ebu zerri gyfary (r.a.) hezretleri bilaly hebeşi (r.a.) hezretlerini: "gara aýaldan bolan" diýip kemsitdi. bu söz pygamberimize ýetende ol ebu zerrä (r.a.): – eý, ebu zerr! sen ony enesi gara bolanlygy üçin aýplaýaň, şeýlemi? diýmek sen henizem jahylyýet döwrüniň ahlagy süňňünden çykmadyk ynsanmyň?! – diýdi. ebu zerr (r.a.) aýdan sözüne puşman etdi, ýüzüni ýere berip: "bilal gelip, aýagy bilen ýüzüme basmasa dikelmerin" diýip, ondan ötünç sorady. hezreti bilal (r.a.) ony bagyşlaýandygyny aýtsa-da, ebu zerr (r.a.) hezretleri bir diýenini tutup duransoň, nalaç aýaklary bilen onuň ýaňagyna basmaga mejbur boldy.

Köneler, betyigit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir