Jüneýt han diýenni hem edýär. Isfendiýar hany bolsa tagtdan düşürýär. Emma patyşa administrasiýasynyň bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär. Jüneýt han bolsa ondan 60 müň manat hun alyp, ýene-de yzyna dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otyrýad türkmen obalarynyň içinden ot we gylyç bilen geçýär. Bu gyrgynçylyk ilat arasynda häli-şindilerem “Galkin ýyly” diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar. 1916-njy ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň, Jüneýt han Owganystana gidýär.1917-nji ýylyň sentýabyrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelende, ýurtda ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Hywada wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolisýon hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy. Jüneýt hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden-etdiligine garşy gönükdürilen bolsa indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalaşyga gelip, Sowet häkimetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem Jüneýt hanyň güýjine daýanmasa, ýurdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi. Hywa tagtynda başga bir han otyrsa-da, hakykatda 1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýt hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar. Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara dözümli darapdyr. Hut şonuň üçin Jüneýt hanyň ýurdy dolandyran döwürinde ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwüri gören ýaşulylaryň aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde, hiç kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir. 1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjin etmeli eken.Ol öziniň manatlyk pulyny çykardýar we salgyt sistemasyny girizýär.Bu,elbetde, özbaşdak türkmen döwletini gurmaga bolan synanşygyň alamatydyr. Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup,halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýt hanyň geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanşýar.Şonuň üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit hanyň görkezmesi boýunça öziniň köşginde öldirilýär.Onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar.Emma ähli halk Jüneýit hanyň elinde jemlenýär.Ol Anglýa,Turkiýa,Owganystan,Eýran,Buhara we Turküstanyň ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar. 1918-nji ýylyň 25 –nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde Sowet häkimýetini agdarmak üçin eden hereketini şowsyz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşamamak baradaky ylalaşyga gol çekýär.Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspi frontynyň ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär.Emma Jüneýit han bu haýyşy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäýende-de, köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir.Üstesinede, kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň,Oraz serdaryň we Eziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdyrýar.(Ol Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken)Sowet häkimýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär. 1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl goşun bilen bolan aýgytly söweşden soň, Jüneýt hanyň atlylary öz maşgalalary bilen gurma—Akjaguly diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň tüpeň,54 müň ok, birnäçe pilýument we başga-da dürli harytlar gelýär. 1924-nji ýylda Gargumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýt hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri, ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda ol Daşoguz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma Gyzyl Goşunyň jemlenen uly otyrýady Jüneýt hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar. Sowet häkimetiniň wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýt han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirilýär. Oňa G.Atabaýew, N.Aýtakow dagy hem uly sarpa goýypdyrlar. Halk kamissarlar soweti 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždanlyk hukugynyň eldegirilmesizligini ykrar edýär. Jüneýt hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bölüp berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňüne tutulýar. Emma Jüneýt han ylalaşyga gelmändir. Ylalaşyga gelmän akylly iş edipdir. Jüneýt hanyň mamladygyny soňky wakalar görkezdi. Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiň özi hem totiretal düzgünleriň pidasy boldy. 1927-nji ýylda Jüneýt hanyň Sowet häkimetine garşy Ýylanlynyň töwereklerinde alyp baran birnäçe söweş hereketleri şowsuz gutarýar. Şondan soň 1928-nji ýylyň iýýun aýynyň aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär.Soňra 1929-njy ýylda Owganystana göçüp, Hyrat welaýatynyň obalarynda türkmenleriň arasynda meken tutýar we 1938-nji ýylda şol ýerde aradan çykýar. Eşşiniň iki ogly Älem serdar bilen Söýer Hyrat şäherinde ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly Taýça soň eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdyr. Taýçanyň 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar. Jüneýt han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçende bolsa, umuman, onuň alyp barýan işleri adalatly we külli türkmeni birikdirip, bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşyk bolypdyr. Ol daşary ýurtlarda bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir, türkmen adyny belent tutypdyr. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir