FIFA bilen “France Football” žurnaly tara­ pyndan bilelikde ýylyň futbolçysyna gowşurylýan “Ballon D’Or” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 23-den 3-e düşüril­di. FIFA-nyň agzasy bolan milli ýygyn­dylaryň tälimçileri hem-de kapitanlary­nyň ses bermegi esasynda saýlanjak ýy­lyň futbolçysy diýlen baýragya “Barselo­ nanyň” super ýyldyzy, “Ballon D’Or-yň” soňky 2 ýylynyň ýeňijisi Lionel Messi bi­len Çawi Hernandes hem-de “Real Madri­diň” ýyldyzy Kristiano Ronaldo dalaşgär görkezildi. Ýylyň tälimçisi diýen sylag ugrunda bolsa “Barcadyr” “Realyň” tä­limçileri Pep Guardiola bilen Žoze Mouri­nio, şol sanda “Mançester Ýunaýtedde” 25 ýylyny dolduran Ser Aleks Ferguso­nyň ady aýgytlaýjy sanawa girizildi.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir