,,,oňa Dykma serdar hem gatnaşypdyr.M.D.Skobelow Türkmenistana gelende bolsa Dykma serdaryň ady şeýle bir meşhur eken welin, M.D. Skobelow munyň soldatlaryna erbet täsir etmeginden gorkup, goşunda Dykma serdaryň adyny tutmazlyk barada ýörüte buýruk çykardypdyr. 1879-nji ýylda Lazarew Türkmenistana gelende, Çekişlerde Dykma serdaryň ýesir çalyşmaga baran ogly Akberdi han bilen duşuşýar. Teke ýesirlerini boşadýar.Akberdi handan Dykma serdara hat iberýär. Metal pul bilen Dykma serdaryň özüne ýüz manat, Akberdi hana hem elli manat aýlyk belleýär. Lazarrewiň haty Aşgabatda bolan maslahatda okalýar. Tekeler uruşmaly diýen karara gelýärler. Lazarew 1879-njy ýylyň awgustynda ölýär we onuň ýerine general Lamakin bellenýär. Dykma serdar Gyzylarbatyň hany Sopy han bilen ilat Gökdepe galasyna ýygnanýança ruslary saklamak maksady bilen, olaryň arasyna barýar.Ruslar Dykma serdary göz tussagy edip saklapdyrlar.N.I. Grodekowyň tassyklamagyna görä, Dykma serdar ruslara peýdaly maslahatlary beripdir.Gökdepe galasy boýyn egmänsoň, ruslar galany topa tutyp başlapdyrlar. Şonda Dykma serdar özüniň gala iberilmegini haýşt edipdir, galadakylara uruşmaň diýip töwella etjekdigini aýdypdyr. Emma ruslar onuň ýaragyny hem elinden alyp, tussag edipdirler. Galany alyp bilmän yzlaryna barýarkalar bolsa Ýakubow diýen Dagystanly bir dilmaç Dykma serdaryň sakgalyndan tutyp silkipdir. Öň ruslar bilen uruşmazlygyň, parahatçylykly gatnaşyk etmegiň tarapynda bolan Dykma serdar şondan soň olaryň ganym duşmanyna öwrülipdir. Ruslar Bendesene ýetenlerinde ol ýanynyň adamlary bilen ruslaryň arasyndan gaçypdyr. Dykma serdaryň ruslaryň arasynda bolmagy ony ynamdan gaçyrypdyr. Oňa dönük hökmünde garap, obasyny talapdyrlar. Dykma serdar aman sorap, Nurberdi hanyň ýanyna barypdyr. Nurberdi han Garaganda maslahat geçirip, Dykma serdary dönük hasaplamaly däl diýen karara gelýär. Oňa ruslaryň üstüne çozup, ynjalyk bermezlik tabşyrlypdyr. Dykma serdar ruslaryň üstüne telim gezek şowly çozuşlar edipdir, olara köp maddy zyýanlar ýetiripdir, ençeme soldatlaryny ýok edipdir. Nurberdi han ölenden soň, Dykma serdaryň täsiri has güýçlenýär.M. D. Skobelow 1880-81 nji ýyllardaky ikinji ahal-teke ekspedisýasy döwürinde tekelere,esasan, Dykma serdar ýolbaşçylyk edipdir. Resmi taýdan şeýle diýip yglan edilmedigem bolsa, Hakykat ýüzünde Dykma serdar tekeleriň baş komanduýuşşisi bolypdyr. Maslahatlara köplenç Dykma serdar ýolbaşçylyk edipdir we esasan, onuň pikirine gulak asypdyrlar. Ähli söweş hereketlerine hem şol ýolbaşçylyk edipdir. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasy alnandan soňam Dykma serdar esli wagtlap ruslara boýun egmän gezipdir. Diňe rus goşunlary Kaka etraplaryna barandan soň, M.D.Skobelowiň ýanyna baryp, atyny-ýaragyny tabşyrypdyr. Dykma serdar tekeleriň şol ýyl Peterburga giden ilkinji wekillereine(deputatiýasyna) ýolbaşçylyk edipdir. Dykma serdar iň batyr, iň edenli serdar hasaplanypdyr. Ýöne juda özdiýenligi, käte adyllygy goldan berýänligi üçin ony beýle bir halamandyrlar. Dykma serdar gaty uly hem çylşyrymly şahsyýet bolypdyr. Onuň taryhy rolyna birtaraplaýyn baha bermek mümkin däl. Häzir taryhçylaryň hem edebýatçylaryň arasynda Dykma serdaryň dönüklik edenligi ýa-da etmänligi hakynda jedel dowam edýär. Käbirleri onyň ruslaryň arasyna barmagyny dönüklik hasaplaýarlar, käbiri bolsa ol öz ygtyýaryna barmandyr, ony ruslar tussag edip äkidipdir diýýär. Dykma serdaryň bu hereketine hat-da onuň öz döwürinde hem şunyň ýaly gapma garşylykly garapdyrlar. Ýöne bir zat aýdyň. Birinji rus ekispedisýasy döwürinde Dykma serdaryň hereketine birmanyly baha bermek mümkin bolmasada, M.D.Skobelow ekspedisýasy döwürinde onuň urşmagyň tarapdary bolyp çykyş edendigine, tä iň soňyna çenli söweşenligine şübhe ýok. Her niçigem bolsa, Dykma serdaryň şahsyýetine her taraplaýyn, adalatly baha bermek, onuň terjimehalyndaky ähli pursatlary nazarda tutmak gerek. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir