gözel sen gün hanjary gökden ýere inende, güne garşy dogan aýy gözel sen, usta japar işi, senjap jüpbesi, ispyhanda gurlan ýaýy gözel sen! saçbagyň ujunyň simdir işmesi, üstünden ýol düşse, kyndyr aşmasy, agzyň aby-haýýat, zemzem çeşmesi, aýnalbaky suwnuň laýy gözel sen! gyzyl diýsem — gyzyl, al diýsem — al, hindistanda-şeker bulgarda — bal sen, yşk bilen açylgan bir täze gül sen, ýusup-züleýhanyň taýy gözel sen! her kim güýçli bolsa, oňa pir diýrler, dertli guluň dermanyny biýr diýrler, gawunyň gowusyn şagal iýr diýrler, ykbally bendäniň paýy gözel sen. owazyn çyn-maçyn, daglar aşasy, seni görenleriň akly çaşasy, hindistanyň reňkli gyzyl meşesi, suraýy çilimniň naýy gözel sen. magtymguly, hakdan syryn gizlese, dişini uşadyn, ýalan sözlese, owalda, ahyrda eýäm gözlese, garyp biçäräniň paýy gözel sen. Magtymguly Pyragy
Gözel sen
-
Jasminka91
13 years ago
- Sag bol magtymguly atamyzyn goshgusyny ýetirenin ucin.
Y$k bilen acylgan bir taze gùl sen,
yusup-zùleyhanyn taýy gözel sen
$u setirleri hasam gowja:)
-
Jasminka91
13 years ago
- Sag bol magtymguly atamyzyn goshgusyny ýetirenin ucin.
Y$k bilen acylgan bir taze gùl sen,
yusup-zùleyhanyn taýy gözel sen
$u setirleri hasam gowja:)
-
asiya
13 years ago
- :)
cyber 13 years ago- Sagja bol! Eliñ dert görmesin.