Myratjyk kakasyndan: - Biz näme üçin Allany görüp bilemzok? – diýip sorady. Kakasy: - Biziň gözümiz Allany görüp biljek şekilde ýaradylmandygy üçin Ony görüp bilemzok – diýip, oglunyň başyny sypady. - Näme üçin görüp bilenok, kaka? - Sen fotoapparatyň bilen ähli zadyň suratyny alyp bilýärmiň? - Hawa, alaryn. - Içki organlarymyzyň – içegäniň, öýkeniň, bagryň ýa-da gökdäki ýyldyzlaryň hakyky keşpleriniň suratyny-da alyp bilermiň? - Ýok, ýöne rentgen, mikroskop, teleskop ýaly enjamlar arkaly alyp bolar. - Görýärmiň, fotoapparat bilen rentgen maşynynyň her ikisi-de surat alýandygyna garamazdan, rentgen maşynynyň düşürip bilýän suratlaryny fotoapparatyň bilen düşürip bolmaýar. Çünki, ýasalyşlary tapawutly. Allatagala biziň gözümizi-de özüni görjek derejede ýaratmandyr. - Ol bizi görýärmi? - Hawa, “garaňky gijede, garaňky otagda, gara egin-eşikli halda bolsak hem Ol bizi görer.” Hawa, biz görmesek-de Alla bardyr we birdir. Aslyýetinde, Ýer ýüzünde barlygyny bilsek-de, görüp bilmeýän zadymyz ummasy kändir. Meselem, elektrigiň bardygyny ählimiz bilsek-de, ony görenimiz ýokdur. Ýa-da süýdüň içindäki ýagy ýa-da peýniri görkezmek mümkinmi? Ýa-da gynanjy, begenji, söýgüni, şatlygy, aklymyzy we beýleki duýgularymyzy... Olary el bilen tutup, fiziki keşplerini görkezip bilmesek-de, barlyklaryndan şübhämiz ýokdur. Bu sebäpden, göz bilen görmeýän ähli zadymyzy “ýok” diýip inkär etmek dogry däldir. Bu sebäpden, biz Allany görmesek-de, Ol biziň her hereketimizi görýär, bilýär, eşidýär. Onuň ylmynyň çägi ýokdur. “Ol, göklerde we ýerde ybadata laýyk bolan Alladyr. Siziň içiňizi, daşyňyzy; etjek her işiňizi bilýändir. (Enam suresi, 3). “Gury ýerde, deňizde näme bar bolsa, ählisini Alla bilýändir. Ondan bidin bir ýaprak düşmez we ýeriň garaňkylyklary içine bir däne-de girmez...” (Enam s., 59). “... Şübhesiz, Alla ähli edýänleriňizi görýändir.”(Bakara suresi, 110.) “Onuň (barlygyny we gudratyny görkezýän) aýatlaryndan biri-de ýer ýüzüniň ösümliklerini boýny bükük halda görmegiňdir. Emma üstlerinden suw inderenimizde, derrew dikelip, boý alar. Oňa jan beren, elbetde ölüleri-de direlder. Çünki onuň barça zada güýji ýetýändir.” (Fussilet suresi, 39). “Üstlerindäki göge seretmeýärlermi, nähili bina edendigimizi we bezändigimizi görmeýärlermi? Onuň hiç bir çat açan ýeri ýokdur. Ýer ýüzüni-de düşedik we onuň üstünde daglary goýduk. Ol ýerde köňül açýan her dürli ösümlikleri ýetişdirdik.” (Kaf, 6-7). Şol bir Günden ýylylyk alyp, şol bir suwdan ganýandyklaryna, şol bir toprakdan iýmitlenip, bir howadan dem alýandyklaryna garamazdan, bir ýerde we deň şertlerde onlarça dürli miwedir bakja önümleriniň ýetişmegi-de Onuň taýsyz ýaradyş sungatyna şaýatlyk etmeýärmi?!