Gadymy Ýunanystanda Sokrat çuň bilimli adam hasaplanypdyr. Günleriň bir güni beýik akyldara bir aşnasy duşup şeý diýen: “Meniň seň dostuň barada ýap-ýaňyja eşiden zadymy bilýäňmi?” Sokrat ondan biraz säginmegini sorap, şeý diýen: “Sen hiç zat aýtmakaň men seni kiçijik bir synagdan geçireýin. Muňa Üç gat süzgüçli synag diýilýär.” “Üç gat süzgüçli synag?” “Hawa, hut şeýle” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Sen maňa dostum hakynda aýtmazyňdan öň aýtmakçy bolýan zadyňy süzgüçden geçirsek gowy bolar öýdýärin. Şu sebäpden men ony Üç gat süzgüçli synag diýip atlandyrýaryn. Birinji süzgüç Hakykat. Sen öz aýtjak bolýan zadyň dogrudygyna mazaly göz ýetirdiňmi?” “Ýok, hakykatda men ony ýaňyja eşitdim we...” diýip, ol adam jogap beren. “Bolýar, onda sen öz aýtjak bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini bileňok” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Gel indi ikinji süzgüji, Haýyr süzgüjini synaly. Seniň meň dostum hakynda aýtjak bolýan zadyň gowy zatmy?” “Ýok, tersine...” “Onda sen maňa ol hakda bir ýaramaz zat aýtmakçy bolýaň, ýöne sen şol zadyň çyndygyna ýetik däl. Ýöne seň entegem synagdan geçip bilmegiň mümkin, sebäbi ýene bir süzgüç galdy. Ol süzgüjiň ady Peýdalylyk. Dostum hakynda aýtjak bolýan zadyňdan maňa bir peýda bolmagy mümkinmi?” “Ýok, beýle däl.” Sokrat netije çykaran: “Hoş, eger seniň aýtjak bolýan zadyň ne çyn, ne gowy, ne-de peýdaly bolsa, onda ony maňa aýtmagyň nämä geregi bar?”

Köneler, student3 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir