Gowşut han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy batyryň 5 ogly bolyp, olaryň iň ulysy Gowşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Gowşut hanyň perzentleri: Baba han, Sary han, Düzüw(gyz). Hojaguly hanyň ogullary: Pena, Orazmuhammet arçyn, Ata. Penanyň ogullary: Aşyr, Durdy, Aga. Gowşut hanyň uly ogly Baba handan: Täç han, Sapar, Baýramalydan: Eýýup, ondanam: Annamyrat, Durdymyrat, Nurmyrat: Hüjrep handan: Bährem, Enwer, Annadurdy, Nobat handan: Dostmämet, ondanam: Handurdy, ondanam: Ata: Hally handan: Ata han, ondan: Nepes, Baýly, Oraz önýär. Gowşudyň uly ogly Baba han soň-soňlar polkownik çinini alypdyr. Umuman, Gowşut hanyň neberereleri häzir Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler. Gowşut hanlaryň tiresi: teke-togtamyş-beg –gökje-ýary gökje-çomalak-çüri. Gowşut han tegelekden ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş göwreli, goýungözli, giň maňlaýly, gaşlagyrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, towşan tüýli, tizpähim, herbap we çykymly adam bolypdyr. 18-nji asyryň başlarynda Ahal arkajynyň çarwalarynyň mal-garalarynyň köpelmegi, örileriň ýetmezligi, ýyllaryň gurak gelmegi ýaly sebäplere görä, teke türkmenleriniň bir bölegikem-kemden Kaka sebitine süýşýär. Ol ýerde Eýran talaňçylaryň çozuşlary sebäpli, rahatlylyk bolmansoň olar, häzirki Gowşut obasynyň 25-km e golaý demirgazygyna göçip barýarlar. Ol ýerde 5 topar bölinşip 5 sany gala- Heňňam, Akja, Garaja, Garahan(Torly), Gumgala ýaly galalar salýalar. Olara Bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. Galalaryň 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler. Bäşgalaly tekeleriň üstine eýranly alamançylar häli-şindi çozup, olaryň suwlaryny kesip durypdyrlar. Olara ynjalyk bermändirler. Ahally aksakallaryň we kethudalaryň maslahaty bilen Hojamşükir 1823-25 ýyllarda olary Bäşgaladan Sarahysa göçürýärler. Ilki tire, gala serdary bolan Gowşut soňra Hojamşüküriň baş serdary bolýar.1853-nji ýylda bolsa Hojamşüküriň ýerine Gowşut hanlyga göterilýär. Gowşut han Eýranyň howpynyň güýçlenmegi sebäpli, Sarahsda gala saldyryp başlaýar. Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoň, Gowşutdan we onuň wekillerinden öýkeläp, Tejen aýagyna- Üçburç diýen ýere gidýär.Soňra ol Hywa baryp, hana ýagdaýy aýdýar.Öňki 4- 5 gezekki çozuşdandanam armanly Mädemin han yrsarap, goşun çekip, Sarahsa gaýdýar.Gaýtmazynyň öňisyrasynda Köneürgençde medresede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp ,oňa Sarahs tekelerini gyrjakdygyny aýdanda Ak işan; -Hiç bir häkim öz raýatynyň üstüne goşun çekýän däldir.Olar siziň ata-babalaryňyz bilenem sünni bolanyňyz üçin raýatlygy saklap,Garagumyň goraýjylary,galkany bolupdyrlar.Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran şalaryndan gorap saklapdyrlar,henizem şeýle.Siz bu päliňizden el göteriň!Eger günäkärleri bar bolsa,olary jezalandyryň,temmi beriň! Ýöne öz raýat il-halkyň üstüne goşun çekip jezalandyrmaň! Bu gabahat bolar.Bet päliňizden el çekiň!- diýýär. Ak işany öziniň sypaýylary bilen maslahatlaşyp, Üç gezek töwella edip ,Garagumdan (Tejen aýagyndan) getirdişi ,onuň öz döwriniň iň uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boýunça Köneürgençde (gadymy Horezmde) medresede sapak berýändigini,aram-aram öziniňem ondan sapak alyp durýandygy ýadyna düşse-de, gahar –gazabyna bäs gelip bilmedik han ; -Ýok ,tagsyr, eger hezreti Pälwan babam menden bolsa, bu pälimden el çekmen- diýýär.Emma Ak işan sowukganlylyk bilen; 360 öwlüýä we Burkut baba gonamçylygyna nazaryny aýlaýar.Gazaby serine uran Mädemin; -Halamasalar,goý,halamasynlar, şolaryň barysam-Gyzylymamam,Kermenede Soltan baba adyny alyp, uly zyýarathana öwrülen Hasym tekede (olar Hasym şyha şeýle diýer ekenler) ,Düýeboýun (Ulug baba) öwlüýäsi-de sizden- diýende, Ak işan ellerini daldaladyp; -Han,goý,munyň Hudaýdan daş düşmekdir- diýýär.Emma gahar-gazaby akyl gözini kör eden hanyň sesi öňkidende beter batlanyp; - Hawa, ahun-işan! Barysyda sizden.Hudaýam sizden bolsun! – diýende,Ak işan onuň soňky sözlerini eşitmejek bolup, ellerini gulaklaryna ýetirip, kyblasyna bakýar-da; - diýip, sena sanap başlaýar. Öz ussady – mugallymy bilen tersleşen han tizden goşun jemleýär.Azyk-suwlyklaryny kerwenlere ýükläp, Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda, ýagny bir aý wagt geçensoň,ýenede Köneürgençden Ak işany çagyryp oöa; - Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hywa tagtynyň – köşgüniň ýanynda boluň!- diýip tabşyrýar.Ol gazaply garaýyş bilen ; - Han, henizem bolsa ýaman päl-niýetiňizden gaýdyň.Gara ýeriň öziňizede salýan dawasyny unutmaň.Onsyzam biziň ömrimiz öýle bilen ikindiniň aralygy ýaly gysga.Bigünä bendeleriň şirin janyny ajal okunyň almagyna sebäpkär bolmaň! – diýýär. Emma içi ahmyrdan doly gedem han; -Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluň!- diýýär. Ak işan ; -Enşalla, siz geleniňizde bizem bolarys!- diýýär. 65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyň ol ýerden gaýdyp, bütin Garagumdaky halklara, Mary, Tejen, Ahal, ýaşulylaryna; diýip, hanyň maksadyny düşündirmegi,agzybirligi ündemegi,Hywa hanynyň diýýär. Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaýar.Emma hanyň atlylary olary goýbermeýär.Guşlyk-günorta bolanda garrylar, aýal-ebtatlar aglaşyp başlaýarlar.Emma Garry burkaz atly ýaşuly çarwa-çopan; diýýär. Soňra ol hanyň goşuny üçin soýulan ýüzlerçe dowaryň içegelerini ýygnadýar,arassaladýar, olary çişirip,iki tarapyny düwdürýär.Soň bolsa şol içegeleri derýanyň kenaryndaky gamyş-gajarlaryň düýplerinden suwa tarap sallaşdyrýarýarlar.Arasynda keseliginede hatarlap goýýarlar.Görseler, ikindi wagty golaýlaşýar. Garry aga: “Adamlar, haýdaweriň indi içegileri arassalaman şol durşuna goýuşduryň” diýen. Şol gije suwyň akymynyň täsirine düşen içegileriň hereketlerini gören gurbagalar ýylandyr öýdüp, jyňklaryny çykarmandyrlar. Ertesi ir turansoň han gaharlanyp: ------bular bir şeýtan-hannas-iblis-azazyl ahyryn. Gurbagalary nädip lal etdiler?-diýip gygyran. Soňra ol . han ýöreýşini dowam etdirip, Mary bilen Tejeniň arasyndan baryp, Sarahysyň ekin çagryn girýär.Ondan soň ol Gowşut hanyň galasynyň gündogaryndan aýlanyp, guşluk tarapyna geçýär.Tejen derýasynyň gaýra ýakasynda we Ulug babanyň(Düýeboýun öwlýäsiniň) gaýra gabadyndaky Ýaglydepäniň üstinde öz ýüpek çadyryny-tugyny gurup, goşunny daşyna ýygnap, 1-2 gün dynç almakçy bolýar. Hywa hany Mara gelende Gowşut hanyň töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarylandan soň, Gowşut han taýýarlygy has güýçlendirýär. Her niçigem bolsa olar Sarahsa gelendede Nurberdi hanyň we beýleki sypaýylaryň haýyşy-maslahaty esasynda Gowşut han Täç serdaryň baştutanlygynda 9 adam töwellaçy iberýär. Olar baryp: ¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬-Han aga, sen bize garşy urş etme. Biz häli -häzirem siziň raýatyňyz bolyp gelýäris. Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmaň, raýatlaryňyzam beýle horlamaň!-diýip, 2-3 sapar hana arz-töwella edýärler Emma bularyň aýdanyny diňlemedik han: -Eşidiň, wekiller!Hanyňyza, ýaşulylyňyza baryňda aýdyň. Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniň goşunym siziň üstüňize, galaňyza çozar. Nätüsli çäräňiz bolsa haýal etmän-de görüberiň- diýýär. Mädemin hanyň goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyň galasynyň guşluk we demirgazyk tarapyndan ikä bölinip çozýarlar.Emma Gowşut hanyň nökerleri howlukman, olarygala golaý getirip, Atyşyp urşýarlar.Hywa goşunlary muny görip gaýra çekilýärler.... (dowamy ertir) Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir