1. Oglum, meniň sözümi kabul edip, buýrugymy kalbyňda saklasaň, 2. danalyga gulak asyp, düşünjä ýüregiňi berseň, 3. hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünjä ýalbarsaň, 4. ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň, 5. şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň. 6. Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr. 7. Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar. 8. Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar. 9. Şonda dogruçyllyga we adalata akyl ýetirersiň, adyllyga we ýagşy ýola düşünersiň. 10. Çünki danalyk seniň ýüregiňe girer, bilim kalbyňa hoş ýakar. 11. Akyllylyk seni gorar, düşünje saňa sereder. 12. Danalyk seni ýaman ýoldan, ýaramaz gepleýänlerden halas eder. 13. Olar dogry ýoly taşlap, garaňkylyk ýoldan ýöreýärler. 14. Ýaman iş edip şatlanýarlar, ýamanyň ýaramazlygyna guwanýarlar. 15. Olaryň ýollary egridir, ýodalary öwrümli. 16-17. Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder. 18. Çünki onuň öýi ölüme eltýär, ýollary zeminiň teýine barýar. 19. Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez. 20. Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre, dogruçyllaryň ýoluny tut. 21. Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar, sadyklar şol ýerde galarlar. 22. Ýöne ýaramazlyk edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir