Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde durky täzelemek we abatlamak ussahanalarynda 200 müň ýyl mundan öň ýurduň çäklerinde pilleriň ýaşanlygyny tassyklaýan täze tapyndyny abatlamak boýunça işler tamamlandy. Ýurduň çäklerinde gadymy wagtlarda pilleriň ýaşanlygy baradaky çaklamalar 1943-nji ýylda Gumdag şäherinden 7 kilometr uzaklykda piliň kelle süňki tapylandan soň ilkinji gezek öňe sürlüpdi. Bu tapyndy Sankt-Peterburgyň Zoologiýa institutynyň muzeýinde saklanylýar. Häzirki eksponaty bolsa birnäçe ýyl mundan öň Çeleken ýarym adasynyň demirgazyk-günbatar kenaryndan A.Nigarowyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tapdy. Restowratorlar seýrek duş gelýän tapyndynyň umumy shemasynyň gurluşy esasynda ýetmedik ýerlerini emeli materiallar bilen täzeden dikeltdiler. Olar öz işlerinde Sankt-Peterburgyň Zoologiýa institutynyň muzeýiniň hünärmenleriniň iberen fotosuratlaryna hem salgylandylar. Sebabi bar bolan morfologiki maglumalara laýyklykda bu iki tapyndy biri-birine meňzeş. Tapyndynyň durkuny täzelemek we abatlamak işlerine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geologiýa-mineralogik ylymlarynyň kandidaty A.Buşmakin ýolbaşçylyk etdi. Seýrek duş gelýän paleontologik tapynda seredeniňde bu haýwanlaryň nahili äpet bolanlygyny göz öňüne getirip bolýar. Saklanyp galan kelle süňküniň uzynlygy -110 sm, ini bolsa -90 sm barabardyr. Bu tapyndyda piliň gowy saklanyp galan ýokarky azy dişlerini hem görüp bolýar. Gadym döwürlerde ýurduň çäklerinde pilleriň üç görnüşi ýaşapdyr. Bu haýwanlar äpet bolup, olaryň göwresi kelte bolsa-da boýy 4,5 metre ýetipdir. Pilleriň gyýaklary uzyn we göni bolupdyr. Täze eksponat muzeýiň etnografiýa we ülkäni öwreniş bölüminiň „Ýerde ýaşaýşyň döreýşi“ bölüminde ýakyn wagtda öz ýerini tapar. Bu ekspozisiýada Zeýit suw howdanynyň gurluşygyndan tapylan aşaky eňek süňküniň dişi we Çelekende tapylan dişli äňiň bölegi hem bar. Ýeşme: wwww.ehabar.com