Bir oglan kakasy bilen daglykdan ýöräp barýardy. Oglan birden ýykylýar we bir ýerini agyrdyp, jynssyz gygyrýar: “AAAhhhhhhhhhhh!!!” Geň galmaly, ol sesiň gaýtalanmasyny eşidýär: “AAAhhhhhhhhhhh!!!” Oglany bilesigelijilikden “Kimsiň?” diýip gygyrýar. Ol dag tarapdan diňe “Kimsiň?” diýen jogaby alýar. Bu jogaba gahary gelen oglan: “Sen gorkak!” diýip gygyrýar. Dagdan oňa “Sen gorkak!” diýen jogap gelýär. Oglan kakasyna garap: “Kaka, bu näme boldugy?” diýip soraýar. Kakasy ýylgyryp: “Oglum, üns ber” diýýär we daga garap, uly sesi bilen gygyrýar: “Men saňa haýran!” Dagdan gelýän ses hem “Men saňa haýran!” diýip jogap berýär. Oglanyň kakasy ýene gygyrýar: “Sen beýik!” Ol ses jogap berýär: “Sen beýik!” Oglan geň galýar, ýöne näme bolýanyna düşünmeýär. Onsoň kakasy oňa düşündirýär: “Adamlar myňa “Ýaň” diýýärler, ýöne bu hakykatda Durmuş. Ol hemişe seniň öz aýdan ýa eden zadyňy yzyna gaýtarýar. Biziň durmuşymyz diňe öz eden işlerimiziň şöhlelenmesi. Eger sen dünýäde köp söýgi, mähir isleýän bolsaň, öz ýüregiňde şonça-da köp söýgi, mähir döret! Eger sen öz toparyňda köp başarnyk, ukyp isleýän bolsaň, ukyp-başarnygy ösdür. Bu aragatnaşyk hemme zada, durmuşyň ähli ugruna degişli; durmuş elmydama seniň oňa beren ähly zadyňy yzyna gaýtaryp berýär.
Durmuşyň ýaňy
-
student3
13 years ago
- (:-)
student3 13 years ago- Если хочешь изменить мир,начни с себя!!!(Micheal Sckofield.)