Türkmenleriň baharly kyblasyndan bolan Muhammet Baýram han, takmynan, 1500-1505-nji ýyllarda Badahşanda dogulýar.Ol harby serkerde, döwlet işgäri, filosof, sazanda hem şahyr onuň ata-babalary 15-nji-asyrda Günbatar Eýranda, Azerbaýjanyň günorta taraplarynda uly döwlet guran garagoýunly türkmenlerden bolup, hökümet gullugynda, harby işlerde edermenlik görkezen adamlar ekenler. Baýram hanyň babasy Şiraly beg Hyratda häkimlik eden Soltan Hüseýin Baýkaranyň (1471-1506) köşgünde hem hyzmat edipdir. Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg Gaznada gübernatorlyk wezipesini alyp barypdyr.Ol ýakyn gündogarda ady belli taryhçy Mürze Jahan şanyň neslinden bolyp, Hindistandaky Mogol imperýasynyň baştutany Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklap, onuň goldawyndan peýdalanypdyr.Baýram han 16-njy asyryň başlarynda Balh, Badahşan sebitlerine göçip baran Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inipdir, başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ýerde alypdyr. Balhyň iň güýçli alymlary oňa sapak beripdir. Baýram hanyň ylyma we sungata bolan söýgüsi onuň harby serkerde bolanlygyna garamazdan , ömüriniň ahyryna çenli saklanypdyr. Balhda pars we arap dillerini düýpli öwrenýär. Şol döwriň okuw pragrammasynda goşgy düzmekligiň arzuw formasyna esasy orun berilipdir. Baýram han hem arzuw formasynda goşgy düzen belli şahyrlaryň biridir. Ol orta boýly, bugdaý reňk, on iki süňňi ýerbe-ýer, mertebeliligi ýüzinden görnüp duran, peşeneli adam bolypdyr. Aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr, öz ata-babalarynyň kesp käri bolan çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, naýza sançmak, ok atmak ýaly birnäçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir. Baýram han16 ýaşynda Humýonyň goşynyna meýletin girýär.Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlylygy, düşbiligi, harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar.Hatda bir ýyl geçmänkä, ol şazada Humaýonyň ýakyn egindeşleriniň biri we egindeşi bolýar.Baýram han ilki şa Ysmaýyl Hataýynyň(1487-56) imperator (1530-56) bolýar. Humýon bilen onuň doganlary Mürze Eskeriniň, Kamran Mürzäniň, Mürze Hindalyň tagt üstindäki dawalary sebäpli Mogol imperýasy dagaýar. 1539-njy ýylda Mogollaryň howply duşmany, owgan taýpasynyň sury tiresinden bolan Şir şa özini imperator diýip yglan edýär.Humýon ondan gaçyp gidýän. Baýram han Humýonyň bähbidine güýçli dipllomatik işler alyp barýar. Humýon Baýram hanyň maslahaty bilen Babyryň mirasdüşeri, Eýran şasy Tahmaspdan harby kömek soraýar. Eýran şasy harby kömek berýär. Eýran goşunynyň kömegi, Mogollaryň edermenligi we owgan serdarlarynyň arasyndaky dawanyň Mogol goşun serkerdesi Baýram han tarapyndan oňat peýdalanmagy netijesinde Demirgazyk Hindistanda Beýik Mogol Imperýasy gaýtadan dikeldilýär. Baýram han imperator Humaýonyň ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar, imperatoryň ýanynda uly wezipe eýeleýär hem-de onuň hakyky dosty bolýar. Humaýon Baýram hanyň döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlugy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir. Baýram han hem özüniň Humaýona wepalylygyny ençe gezek subut edipdir. 1540-njy ýylda Kannawujyň etegindäki uruşda Baýram han Mogol goşunynyň awangardina komandirlyk edýär we Şir şanyň goşuny bilen söweşde ýesir düşýär. Şol wagtlar batyr, harby serkerde Baýram hanyň şöhraty, at-owazasy eýýam owgan ýurdyna hem ýaýran eken. Şir şa her edip, hesip edip ol batyr türkmeni öz tarapyna yrmak isleýär.Oňa iň ýokary derejeler, ummasyz peşgeşler wada edýär, emma Baýram han Şir şanyň teklibini inkär edýär.Şol aralykda Baýram han bir oňaýyny tapyp, Humýonyň tarapdary, Gwalioryň gubernatory Abyl Kasym bilen gaçýar.Şir şa Baýram hanyň gaçanlygyny eşdip, ony tutyp öldürmrgi buýrýar.Güjartyň ýolynda ol iki gaçgak ýenede ýesir düşýär. Bu gezek ony Güjartdan gaýdyp gelýän Şir şanyň ilçisi ýesir alýar. Abul Kasymyň daşky keşbi Baýram hana örän meňzeş bolypdyr. Şonda Baýram han öňe çykyp: ____Men –Baýram han! Ine, näme etseňiz ediberiň!— Diýýär. Onda Abul Kasym öz dostyny halas etmek üçin: __Ýok , ýok ol meniň hyzmatkärim, ol öz janyny gurban edip, hojaýyny azat etmekçi bolýar.Men onuň dogumlylygyna, batyrlygyna wepalylygyna haýran galýan, ol batyry goýberiň! Men – Baýram han!¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬¬-__diýipdir. Baýram han özüniň Baýram hanlygyny näçe subut etjegem bolsa başa barmandyr. Netijede, Baýram han azat bolup, onuň wepaly, batyr dosty Abul Kasym öldürlipdir.Şondan soň Baýram han uzak wagtlap sergezdançylyk edip, Humaýona ykrarly bolan Güjart hökümdary Mahmydyň ýurduna barýar. Şeýlelikde, Baýram han 2 ýyl geçensoň, özüniň ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýonyň lagerine gaýdyp barýar. 16-njy asyryň ortalarynda Babyryň imperýasynyň territorýasy giňelýär. Munda talantly goşun serkerdesi Baýram hanyň hyzmaty ulydyr. Baýram hanyň Mogollaryň ýeňişlerine goşandy, onuň pähim-paýhasy üçin Mogol imperatory Humaýon Eýran şasy Tahmasp bilen bilelikde Baýram hana şol döwüriň iň ýokary harby derejesi”hanlaryň hany” we ähli türkmen taýpalarynyň aksakaly diýlen tituly berýär. Humaýonyň karary bilen Baýram han Gandaharyň gübernatorlygyna bellenýär. Baýram hanyň Gandahary dolandyrmaga bellenilmegine Humaýonyň doganlary Kamran Mürze, Mürze Eskeri, Mürze Hindal garşy bolýarlar we Baýram hana her hili şyltaklar atyp, Humaýona ýamanlaýarlar, ýöne paýhasly Humaýon beýle zatlara ynanman , ony öz ogly Ekbere atalyk belleýär.Ekber 14 ýaşyna baranda, Mogol imperatory Humaýon aradan çykýar we ýaşajyk Ekber Beýik Mogollar imperýasyna imperator bellenýär.(1556-1605). Ekber on sekiz ýaşyna ýetýänçä, Baýram han Beýik Mogol imperýasyny Ekberiň ady bilen dolandyrýar. Ekber baýram hanyň wepalylygyna, pähim-paýhasyna hormat goýupdyr we oňa “Han baba” diýip ýüzlenipdir.Humaýonyň goýyp giden wesýetnamasy esasynda Baýram han Babyryň agtygy, şa neberelerinden bolan Selime Soltan begime öýlenipdir we ömüriniň ahyryna çenli Ekberiň atalygy we baş weziri bolypdyr. Baýram han ynsan üçin möhim häsiýetlerden söz açyp, he bir ýigide üç sany sypatyň hökmanlygyny nygtapdyr. 1 Häkimleriň ýanynda öziňi alyp barmagy başarmaly 2 Garyp-gasarlaryň göwninden turup olara duýgudaşlyk etmeli 3 Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmaly Baýram hanyň Abdyrahym atly ogly bolýar. Oňa da “ Hanlaryň hany” diýen ýokary dereje berilipdir.Ol 5 dilde goşgy düzen uly şahyr bolypdyr. Baýram han1561-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Güjeratda Mübärek Lohany diýen haýyn zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürilýär. Baýram hanyň diňe 1 sany goşgular ýygyndysy elesalynypdyr, şonda onuň pars dilinde ýazan goşgularynyň 1216 setiri, türkmen dilindäki goşgularynyň 718 setiri ýerleşdirlipdir. Onuň türkmen dilindäki goşgularynda geçmişde türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak halklary üçin ortalyk bolançagataý diliniň täsiri duýulýar.Ulanan esasy goşgy formalary gazal hem rubagydyr. Goşgularynyň agramly bölegi söýgi temasynda, galanlary harby gahrymançylyk we aýry-aýry şahslary taryp edýän şygyrlardyr. Baýram han özüniň döredejiligi, ýadowsyz tagallasy bilen Orta Aziýa, owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy Gündogar ýurtlarynda halklaryň medeni hyzmatdaşlygynyň ösmeginde hem-de özara dostlugynyň pugtalanmagynda ägirt uly rol oýnan şahsyýetdir. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir