Atamyrat han Könürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz urugynyň gutlybaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa medresesinde bilim alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň 1855-67-nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky söweşine baştutanlyk etýär.Türkmenleriň bu gozgalaňy 19-njy asyrda Orta Aziýada bolan halk hereketiniň iň ulysydyr.Atamyrat hanyň kakasy Orazmuhammet serdar we agasy Amannyýaz serdar Hywa goşunynyň sastawynda türkmen nökerlerine baştutanlyk edip, birnäçe gezek harby ýörişlere gatnaşypdyr. Emma Mary etrabyna edilen harby ýörişleriň birinde Amannyýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyranlygy üçin, Hywa hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldüripdir. Onsuz-da , türkmenler bilen hywanyň arasynda ýer-suw meselesi babatda ýiti gapma garşylyk dowam edýärdi.B u waka hem üstesine bolýar. Hywa hanynyň eden etdiligine garşy Atamyrat hanyň ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler. Sarahs söweşinde (1855) Mädemin han öldürilenden soň , Hywada Abdylla han tagta çykýar.Ol 1855-nji ýylyň maý-awgustynda Hywa hanlygyndaky ýomutlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin harby ýöreýiş edýär. Aksaraý, Ýylgynly we Ýekederek diýen ýerlerde bolan harby çaknyşyklarda türkmenleriň birleşen topary Hywa goşunyny derbi-dagyn edýärler we Abdylla hanyň özünide öldürýärler Şu wakadan soň Atamyrat han ýomutlaryň esasy toparynyň baştutany höküminde ykrar edilýär we onuň abraýy has ýokary galýar. Abdylla han öldürilenden soň, Hywada tagta çykan Gutlymyrat han (1855-56) türkmenler babatda örän hilegär syýasat alyp barýar. Bu maksady üçin ol hatda Ahal, Mary türkmenlerinden-de goldow tapmagy başarypdyr. 1855-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bolan aýgytly söweşde ýomut, ýemreli, çowdur we beýleki türkmen tire taýpalary Atamyrat hanyň baştutanlygynda özara birleşip, Hywa goşunyny ýeňýärler. Şondan soň Hywa hanlygynyň bütin demirgazyk-günbatarynda Atamyrat han öz hökümdarlygyny ýöredipdir we türkmenleri Hywa hanlygyna tabynlykdan çykarypdyr. 1856-njy ýylyň fewralynda türkmenleriň goldaw bermeginde Gutlymyrat han hem öz garyndaşy tarapyndan öldürilýär we Hywada tagta 34 ýaşly ogly Seýit Muhammet han(1856-64) çykýar. Ol türkmenleri ýarag güýji bilen boýun egdirip bilmejegine gözi ýetip, türkmen tire-taýpalaryny biri-birine garşy öjikdirmek syýasatyny alyp barypdyr.Şol bir wagtda türkmen, türkmen, özbek, gazak, gozgalaňçylaryna garşy harby güýç ulanypdyr. 1858- nji ýylyň oktýabyrynda Atamyrat hanyň kömek bermeginde Goňrat begliginde garagalpak gozgalaňçylary hem ýeňiş gazanýar. Muhammet Pena bolsa Goňradyň hany diýlip ykrar edilýär. Hakykatda Goňrat begligi ýomutlaryň 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylypdyr, ähli işlere Atamyrat hanyň egindeşi Berdi iňlis ýolbaşçylyk etýär. Ýöne ýomutlar bu ýerde eden-etdilige ýolberip, halkyň närazylygyny döretýär. Bu ýagdaýdan peýdalanyp, Hywa hany Goňrat begligini ýene özine tabyn edýär. Atamyrat han we ony goldaýan toparlar bolsa hiç wagt Hywa hanyna tabyn bolmandyrlar. Emma türkmenler agzala bolansoň, öz maksadynyň amala aşmajagynada gowy düşünipdirler. Şonuň üçin Atamyrat han 1858-nji ýylyň tomusynda Hywa hanyň zulumyna garşy göreşmek üçin patyşa Rusiýasyndan ok, ýarag bermeklerini hem-de raýatlyga kabul etmekligini sorap haýştnama ýazýar. Emma onuň haýyştnamasy kanagatlandyrylmaýar. 1865-nji ýylda türkmenleriň barlyşyksyz duşmany Seýit Muhammet Rahym 2 Hywa tagtyna çykýar. Ol türkmen etraplaryna akýan ýaplaryň suwyny bekläp, olara garşy goşun sürýär.1866-67-nji ýyllarda olaryň arasynda harby çaknyşyklar yzgiderli gaýtalanyp durupdyr. Bu agyr ýagdaýdan hiç hili çykalga bolmansoň, Atamyrat han ýene-de Patyşa Rusiýasyndan howandarlyk isläp, olara birnäçe gezek ýüz tutýar. Ol hem netijesiz gutarýar. Üstesine-de, Hywa hany türkmenlere Hywa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edýär. Bu agyr ýagdaý türkmenleriň belli bir bölegini Hywa hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edýär. Şeýlelikde, Atamyrat hanyň Hywa hanynyň sütemine garşy 12 ýyllap alyp baran aýgytly göreşleriň iň soňkysy 1867-nji ýylyň awgustynda basylyp ýatyrylýar. Atamyrat han bolsa Hywa hanlygyna tabyn bolmagy özine namys bilip, 40 öýli türkmen bilen Balkan etrabyna göçýär. Ol çelekende ýaşan döwürinde rus goşunlarynyň Krasnowodskidaky otrýadynyň naçalnjgi bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. 1873- ýylda patyşa rusiýanyň goşunlary Hywa hanlygyny basyp alandan soň, Atamyrat han ýene-de öz dogduk mekanyna göçip barýar we şol ýerde ömüriniň ahyryna çenli ýaşaýar. Atamyrat hanyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran göreşiniň düýüp maksady ähli türkmenleri birleşdirip, Hywa hanynyň zulumyndan azat etmekligi we olaryň hiç kime garaşsyz, özbaşdak bolmagyny üpjin etmekden ybaratdyr. Emma türkmenleriň bilgeşleýin öjükdürilen özara agzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir. Ýöne türkmen halkynyň bähbitini näçe ileri tutan hem bolsa, ol özüniň Hywada hökümdarlyk etmek maksadyny hem aradan aýyrmandyr. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir