Ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Mekge şäheriniň emiri Halit al Faýsal şäherde täze taslamalaryň durmuşa geçiriljekdi­ gini mälim etdi. Bu ýylky haj zyýa­ raty barada habarçylara maglu­ mat beren Faýsal zyýaratçylara dürli kömekleri edendiklerini aýt­ dy. 239 müň işgäriň hajylara hyzmat edendigini aýdan Faýsal, zyýarat­ çylara saglyk hyzmatlaryny hem hödürländiklerini mälim etdi. Ähli hyzmatlaryň bolsa tölegsiz edilen­ digini aýtdy. Habarçylaryň soragla­ ryna jogap beren Faýsal geçen Oraza aýynda Saud Arabystany­ nyň patyşasy Abdullahyň Mekge şäheriniň täze taslamasyny dur­ muşa geçirmegi barada tabşyryk berendigini ýatladyp, bu taslama­ nyň alty ýylyň doamynda tamam­ lanjakdygyny aýtdy. Emir Faýsal taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Käbäniň içi, daşy we Mekge şäheriniň golaýyndaky beýleki şä­ herlere gatnawlarda uly ýeňillik dörediljekdigini aýtdy. "zaman" gazetinden

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir