Göýä bu dünýäge, geldiň, gelmediň, Kül ýygar sen mydam işiň, nas atan. Şerigat ýolundan habar almadyň, Galar dowzah içre läşiň, nas atan. Temmäki diýp her işige ýortar sen, Çala owup, üç mysgaldan tartar sen, Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen, Haram bolar üst-u başyň nas atan. Namaza duraňda, üstüňe akar, Anýň üçin müň ýyl dowzahda ýakar, “Weýl” diýgen jaýda tütüniň çykar, kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan. Ýagşy-ýaman eden işin “hak eder”, Nas atanlar galampurun çak eder, Akar durar, üsti-başyň poh eder, Senden gaçar deni-duşuň, nas atan. Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar, Gelse humar, imanyňy ýandyrar, Tagam iýseň, tabagyňy doldurar, Murdar bolar içen aşyň, nas atan. Her adamy görseň, gizläp gaçar sen, Burnuňdam dem gelmez, agzyň açar sen, Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen, Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan. Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar, Bu şirin janyňy dowzahda ýakar, Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dakar, Zehmiňden döküler dişiň, nas atan. Magtymguly, ölenden soň bilerler, Jynaza okamaý, burnuň dilerler, Sakar diýgen jaýa seni salarlar, Nara döner içiň-daşyň, nas atan.
Nas ke$
-
vipboy
13 years ago
-
ependi
13 years ago
- özüňmaý ol jip
-
vipboy
13 years ago
Насвай, побочные эфекты:
Потребление насвая может привести к зависимости и дальнейшим физическими отклонениями в работе организма и своеобразными ощущениями, такими как:
Вегетативные нарушения
Потливость
Ортостатический коллапс (состояние, при резком изменении положения тела, человек испытывает головокружение, темнеет в глазах)
Обморочное состояние.
Повышенный риск развития редких онкологических заболеваний
Заболевания зубов;
Заболевания слизистой ротовой полости;
Заболевания слизистой пищевода;
-
vipboy
13 years ago
- özüňmaý ol jip
ependi | 2011-11-20 05:36:22
juklay
sen chekip otiranyny surarada dushurip alanym
-
ependi
13 years ago
- goşga gowy eken
-
Makga90
13 years ago
- Sagbol dos, tüýs men barada ýazypsyň.
-
vipboy
13 years ago
- Sagbol dos, tüýs men barada ýazypsyň.
Makga90 | 2011-11-20 05:52:40
nas atyamin
vipboy 13 years ago