Matematikany her kim her hili u­ sullar bilen öwrenýär. Sebäbi, öw­ reniş ukyplar dürli-dürli bolýar. Edil şonuň ýaly-da, tebigat ylymla­ ryny öwrenmek hem şeýledir. ABŞ-nyň alymlary bolsa, bu iki ylym öwrenilende, sazyň peýdasy­ nyň bardygyny belleýärler. Saz beýniň işleýän böleklerine oňyn täsir edýär. Atlanta şäherindäki Jorjianyň Teh­ nologiýa institutynyň Saz zehini la­ boratoriýasynyň ylmy barlagçyla­ ry “Matematika we tebigat ylymla­ ry öwrenilende, gowy mukamyň ýaňlanmagy beýnä oňaýly täsir ed­ ýär. Beýniniň kabul ediş ukybyny artdyrýar” diýip belleýärler. Laboratoriýanyň asly hindi bolan müdiri, saz ugrundan professor Parag Çordia meseläni çözmek ba­ batynda beýni öýjüklerini barlan­ dygyny aýdyp, sazyň möhümdigi­ ni belläp geçdi. Çordia: “Oňat inže­ ner we işiňde täzelikçi bolmak, şeýle hem bilime has içgin arala­ şyp bilmek üçin dörediji bolmaly­ syňyz. Saz bu meselede ýönekeý bir güýmenje däl-de, aslynda, ze­ hin hem-de durmuş üçin möhüm zatdyr” diýýär.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir