bolar sen! Belent daglar, beyikligiňe buysanma, Güdazda suw bolan zer dek bolar sen! Teriň derya, haybatyň guwanma, Wagtyň yetse, guryp, yer dek bolar sen! Daglaryň arslany, babyr-peleňi, Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi, Mejmegul-Bähreyniň, Niliň näheni, Gulagyna urlan har dek bolar sen! Kyyamatdan bir söz diÿdim bayakda, Garaw bardyr yersiz urlan tayakda, Zalymlar har bolar, galar ayakda, Garyp, sen yyglama, şir dek bolar sen! Yagşy bedew münen, hup mahbup guçan, Bile eltipmidir bakaya göçen, Hakykat namartdyr imansyz geçen, İman bile barsaň, ner dek bolar sen! Yagşylar yanynda yörgül sen özüň, Dür bolsun dayyma sözlegen sözüň, Alymlara uysaň, açylar gözüň, Jahyllara uysaň, kör dek bolar sen! Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň, Süleyman dek döwni permana salsaň, İsgender dek yeriň yüzüni alsaň, Yere yegsan bolup, yer dek bolar sen! Magtymguly, garap gözle daşyňny, Jayyn bilip sarp et nan-u aşyňny, Kämil tapsaň, goy yolunda başyňny, Är yzynda yörseň, är dek bolar sen!

Köneler, garly007 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir