Sözleşeýin diýip barsam ýar bilen, Diýdi:”Oglan,bar git,söz wagty däldir. Hatda yşarat-da etseň duýular, Oýnatma gaşyň,göz wagty däldir” “jadyly garaýşyň jana ýagtydyr, Ýel öwsüp,zülpüňi ýüze dagydar, Şondan soňra öpüp,guçmak çagydyr. Diýsem,diýer:”Entäk öz wagty däldir”. Wagyf diýer,ýalbar ýara,köňlün al, Hylwat ýer duşdugy etme sen haýal: Bir posa dile-de,boýuna gol salar, Diýmegin hiç wagyt:”Näz wagty däldir!” Serwi boýlym,bir çyk,synlaýyn boýuňy. Serwi boýlym,bir çyk,synlaýyn boýuňy, Al,gurban edeýin jany men saňa. Gara gaşlaň tygy kylblagähimdir, Bagyş edeýin din-imany men saňa. Ýetsem armanym ýok sen perizada, Ur diýseň,özüm urar men oda. Melekden görgüňi görýän zyýada, Deňäp bilmen hiç ynsany men saňa. Baka-baka,doýup bilmen ýüzüňden, Sözäniňde şirin-şeker sözüňden. Gözlerimi aýra bilmen gözüňden, Muştagam,eý,görk soltany,men saňa. Seniň deý gözele mydam toý gerek, Hemedemiň hem hut özüň taý gerek. Wagyfa hem seniň deýin aý gerek, Laýyk görmerin her nadany men saňa. Mollapena Wagyf

Köneler, ALADIN tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir