(Ilkinji mugallymym Nurýagdy Agaýewe) 35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i. Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl. Ýadymdan çykanok henize çenli, Soňky deme çenli çykmazam asyl. Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe, Partanyň deregne ýasama stol. Her stol başynda – dört sany çaga, (Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal). Her çagaň elinde – Ýönekeý galam, Her çagaň öňünde – Suratly “Harplyk”. Göýä özümiz hem harplaň öňünde Düzülşip oturan düşnüksiz harpdyk. Harp bizi tananok, biz bolsa harpy. Harp bize seredýär, biz bolsa harpa… Onýança-da birden garaja kepbäň Gyzylja gapysy açyldy jarka. Ätledi gapydan bir uly adam. (Ýaşyny hasaplap otyrsam indi, Uly bolup görnen şol uly adam On ýedä-de ýetmän ekeni şindi). “Salam!” diýip, ýüzümize seretdi. Biz bolsa hiç zady görmedik çaga Ne-hä jogap berdik, ne-de gozgandyk. Göýä bakýan ýaly ullakan daga, Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk. (Ýyljyraklap bize seredýärem ol). Öňümizde bolsa – Suratly “Harplyk”. Ýene-de üç depder, Ýene bir galam… Ilkinji salamy şondan öwrendik. Salamy ozalam bilýärdik weli, Salam diýen sözüň uly manysyn Ilki öwredendi mugallym dili. Ilkinji edebi şondan öwrendik. Edebi ozalam bilýärdik weli, Edep diýen zadyň uly manysyn Has aýdyň edipdi mugallym dili. Ilkinji “A” harpy şondan öwrendik. “A” harpy ozalam bilýärdik weli, “A” diýen harpdan soň“B”-nyň bardygyn Ilki öwredendi mugallym dili. Watanyň başyna iş düşen güni, Moskwaň üstüne çökende bulut – Biz üçin ilkinji boluşy ýaly, Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup. Gidişi, gidişi – Gelmedi gaýdyp… Ýaşyny hasaplap otursam indi, Onunjy klasly Nazar oglumyň Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi… Kerim Gurbannepesow
"A"
-
Bahbit
13 years ago
- Салам достлар. Менем шу гошгыны гаты говы горйэн. Саг бол пайлашанына сапашка
Bahbit 13 years ago- Салам достлар. Менем шу гошгыны гаты говы горйэн. Саг бол пайлашанына сапашка