Salam hormatly talyplar. Temanyn maksady chevening maksatnamasy barada duydurmak. Bu maksatnama yokary okuw jayyny tamamlan talyplar ucin. Beýik Britaniýanyń ilçihanasy 2012/2013-nji ýyllar üçin "Chevening" Stipendiýa Programmasyna elektron görnüşindäki anketalary kabul edýändigini mälim edýär. Chevening Stipendiýasy Beýik Britaniýanyń Daşary işler ministrligi tarapyndan howandarlyk edilmeginde, uçar we ýatakjaý harajatlaryny öz içine alyp, ähli çykdajylar üçin niýetlenendir. Ońa dalaşgärler Birleşen Patyşalykda 1 ýyl aspirantura ylmyny alarlar. Chevening maksatnamasyna ýokary okuw jaýyny üstünlikli tamalap başlangyç hünäri ele alan oglan-gyzlar tabşyryp bilerler. Şeýle hem dalaşgärleriń Ińlis dilini gowy bilmekleri zerurdyr. Dalaşgärler Birleşen Patyşalykdaky aljak aspirantura ylmy özleriniń hünär derejesine nähili ýardam berjekdigi we okuwy tamamlap Türkmenistana dolanyp gelenlerinde alan taýýarlyk okuwynyń Türkmenistana nähili peýda getirjekdigi barada ýazmalydyrlar. Geçen ýyllardaky dalaşgärler aşakdaky ugurlar boýunça bilim aldylar: · Halkara Gatnaşyklary · Täjirçilik (Biznes) · Hukuk · Döwlet Gurluşy · Habar beriş serişdeleri we źurnalistika · Bank we maliýe · Menejment · Ykdysadyýet · Ynsan Hukuklary · Diplomatik taýýarlyk · Kompýuter we maglumat tehnologiýasy · Syýasy ylym · Inźenerçilik · Taslama meýilnamalaşdyrmak Isleg bildirýän dalaşgärler anketalary elektron görnüşinde ýollamalydyrlar. Anketany elektron görnüşinde doldurmak üçin https://www.chevening.fco.gov.uk/CheveningApplications/ Modules/PUBLICUser/CA_Logon.aspx internet sahypasyna giriň. Elektron resminamalary dekabr aýynyń 17-ne çenli kabul edilýär.

Köneler, Umyt94 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir