çingiz aýtmatow bilen duşuşyk bolupmy-bolmanmy bilemok aýan, ýöne eşdişim deý eýläýin beýan. söýenmiş bir talyp jedeli gaty, ýatlanylsa dünýä edebiýaty. puşkiniň muhammet pygamber hakda, iň ajap goşgusy ýaşyryn çakda. gürrüň tapyp gizlin syry paş eýlän, küde garaýyşy çalam-çaş eýlän. nirde täsirlendi haýýamdan london, bilesi gelenler sorarmyş ondan. mahal-mahal mugallymam diň salan, onuň janyn ýakyşyna geň galan. gowsy, gepiň tümmek ýerin aýdaýyn, munuň üçin sözbaşyna gaýdaýyn. geçen asyr, segsen üçinji güýzüň, pagta ýygymyna jemlenen güýjüň. gyzgalaňy has depgine geçende, goşmaça kömege mätäç tejen-de. onsoň talyplaram örüp partadan, undan boşan haltalary pagtadan. doldurmaga girişenler çar ýandan, ses-üýn ýokmyş ýaltanýandan, arýandan. ýada düşenokmyş okuw, başga zat, ýöne şol günlerde eziz aşgabat. dür saçdyryp milli göwher gaşyny, pyragyň iki ýüz elli ýaşyny. jar çekdirip giňden belleýän eken, mahsus goşgyň bagy gülleýän eken. magtymgulyň şygryn ýürekden söýen. her pursatda oňa sarpalar goýan. çingiz aýtmatow hem geljekmiş hökman, nähili duşuşyk, ýaşasyn ykbal! ýöne dyzasa-da okumyş talyp, düzgüni berk berçinläpdir dar galyp. "pagta ýygymyndan gitmek gadagan..." barybir, ol islegine sadaga. töwekgellik edip arzyly bagta, otla münüp jyranmyşyn paýtagta. emma çingiz aga galman merkezde, halypanyň dogduk ýeri gerkezde. gatnaşanmyş, dabaralaň baryna, buýsanyp adamzat akyldaryna. şeýdip, talyp oňa sataşyp bilmän, ertesi armandan özüne gelmän. gaýdan zähmet bilen joşýan mekana, dürli jogap toslap hyrsyz dekana. ol soranmyş salam alman bada-bat: "çingiz näme diýdi, aýtdy näme zat?" talyp degşen ýuwjak bolup hatasyn, " "berekella!" diýdi, aldym patasyn" bolupmy, bolmanmy bilemok aýan, ýöne eşdişim deý eýledim beýan.

Köneler, Patron tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir