kim aýdar günler aýa, ýyla döndi aýlaram, indi barha yhlaslarym kem gaýdar. arman babaň mazarynda jaýlanan, söýgim diri diýip saňa kim aýdar?! duýmadyň, syzmadyň ýa-da düşmediň, baýramdan baýrama ýada düşmedim. ýolda ýolukmadyň, hiç görüşmediň, söýgim diri diýip saňa kim aýdar?! göýä gökde durna, zeminde duzak, ruhum perwanadyr, durmuşym gurak. yşkym güýçli, ýöne aýralyk uzak, söýgim diri diýip saňa kim aýdar?! bile şatlygymyz, bile ahymyz, ýar bilen duşuşan seýilgähimiz. ömür arzuwymdyr meýlimdäki gyz, söýgim diri diýip saňa kim aýdar?! men düýş bolup galan günlere aşyk, henizem al-elwan güllere aşyk. ýöne gat-gat galyň ýyllardan aşyp, söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!

Köneler, Patron tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir