Näme üçindir saçyň selçeňleşmesi we düşmegi diňe erkek adamlarda duş gelýän kynçylykdyr öýdülýär. Hakykatdan hem, saçyň köp düşmegi aýallary hem az alada goýmaýar. Eger erkek adamlarda saçyň düşmegi genetiki töwekgelçilik faktorlary ýa-da gormonal üýtgeşmeler netijesinde ýüze çykýan bolsa, aýallarda bu kynçylygyň sebäpleri has hem köpdürli bolup biler. Zenanlar saçlaryny boýamaga, himiki usul bilen olary buýralaşdyrmaga, fen bilen guratmaga höwesek bolýarlar. Bir tarapdan biz ýylpyldaýan we owadan öwüşgin berýän, rejelenen saçlara syn edip, başgalaryň öwgüsine eýe bolsak-da, beýleki tarapdan ýaramaz täsirler olaryň guramagyna, iýmitlenmeginiň bozulmagyna we kesellemegine sebäp bolup bilýär. Saçlaryňyzyň uzak wagt sagdyn saklanmagy üçin, olara dogry ideg edip, kesellemegine we düşmegine getirýän sebäpleri aradan aýyrmak möhümdir. Saçyň düşmegine getirýän sebäplere aşakdakylar degişli bolup biler: bedendäki alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemegi; nesil yzarlama häsiýeti; gormonal üýtgemeler (meselem, galkan şekilli mäziň işiniň ýetmezçiligi); göwrelilik; uzaga çekýän stress ýagdaýy; uzak wagt berhiz tutma ýa-da açlyk çekme; saçlara ýaramaz faktorlaryň täsir etmegi (himiki boýaglar, antibiotikleri uzak wagt kabul etmek, gormonal serişdeleri nädogry ulanmak, radioaktiw şöhleleriň täsiri, himiýa serişdeleri bilen bejergi almak, güýçli zäherleriň täsiri); bedeniň tapdan düşmegi (uzaga çeken dowamly we ýokançly kesellerden soň). Eger saçlaryňyz gün-günden inçelip, düşmesi köpelýän bolsa, onuň sebäbini bilip, dogry bejergi almak üçin triholog lumana ýüz tutmalydyr. Gerek bolan ýagdaýlarda ol goşmaça baraglary geçmegi hem maslahat berip biler. Saçyň düşmegi babatda alada galmazdan öň, ýörite synag edip görmek ýerliklidir. Irden, ukudan turanyňyzdan soň, ýere ak mata ýa-da kagyz ýazyň. Şonuň üstüne saçyňyzy darap, gaçan saçlary we darakda galanlary sanaň. Eger Siziň gaçan saçlaryňyzyň sany 30-50 gyla deň bolsa, alada galmagyň zerurlygy ýokdyr. Saçlaryň bir böleginiň düşüp, olaryň ýerine başgalaryň ösüp täzelenip durýanlygy tebigy ýagdaýdyr. Ýöne, Siz 60-120 gylyň gaçandygyny sanan bolsaňyz, onda bu ýagdaý bir sebäbiň barlygyndan habar berip, çäre görülmelidigini aňladýandyr. Saçyň düşmegi (latynça-alopesiýa – saç düşme, kellik) – kelläniň we göwräniň belli bir böleklerinde, saçlaryň selçeňleşmegine we aýrylmagyna getirýän saçlaryň düşme keselidir. Täsir ediş sebäplere we ýüze çykyş alamatlaryna baglylykda ol birnäçe görnüşde bolup biler: I. Androgenetiki saç düşme – bu görnüşiň ýüze çykmagynyň sebäpleri gen üýtgemeleri bilen düşündirilip, erkeklik gormony testosteronyň işjeň görnüşi bolan digidrotestosteronyň saç haltajyklaryna (follikullara) edýän şikeslenmeginiň täsiri bilen ýüze çykýandyr. Saç haltajyklarda saklanýan 5-alfa reduktaza fermenti bu işjeň görnüşiň emele gelmegine kömek edýändir. Digidrotestosteron saç haltajyklaryna aralaşyp, olaryň iýmitlenmeginiň bozulmalaryna getirýändir. Kellede saçlar saklanýar, ýöne olar gysgadan inçe we reňksiz bolup, kelläni doly örtüp bilmeýär. Netijede, kellede saçsyz ýerler döreýär. 10-12 ýyldan soň, saç haltajyklarynyň içi birleşdiriji dokuma bilen dolup, olardan hatda gysga, inçe saçlar hem ösmeýär. Bu görnüşde saçyň düşmegi erkek adamlarda, esasan depeden we kelläniň maňlaý böleginde ýüze çyksa, aýallarda saçlary iki tarapa bölýän kelläniň alyn çyzygynyň ýanynda ýüze çykyp, ondan gapdallaryna ýaýraýandyr. Androgenetiki saç düşme, erkek adamlarda duş gelýän saç düşmäniň 95%-ni tutýandyr. Aýallaryň bedeninde hem testosteronyň we 5-alfa reduktazanyň barlygy sebäpli, saç düşmäniň bu görnüşi erkek adamlaryňka kybapdaş bolup, olarda bu sebäp hemme ýagdaýlaryň 20-80%-ni düzüp biler. Häzirki zaman lukmançylykda androgenetiki saç düşmäniň bejergisi, esasan, üç ugur boýunça alnyp barylýandyr. 1. Şu güne çenli derman serişdeleriniň ikisi öz peýdalylygy we howpsuzlygy bilen bellidir. Ol derman serişdelerine saç haltajyklarynda kaliý kanallaryny işjeňleşdirýän minoksidil (regeýn, rougeýn) hem-de finasterid (propesiýa atly söwda markasy bilen belli) degişlidir. Ýewropada tebigy trikosaharidlerden ýasalan foltene-farma serişdesi hem giňden ulanylýar. 2000-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan GDA ýurtlarynda minoksidiliň täsirine meňzeş aleran we minoxidin serişdeleri öndürilip başlandy. Agzalan serişdeler saçlaryň birsydyrgyn ösüşine ýardam berse-de, androgenetiki saç düşmäniň sebäbini aradan aýyrmaýar. Finasterid serişdesi diňe erkek adamlarda ulanmaga maslahat berilýär. Geçirilen barlaglardan soň, dermanyň mukdaryny we kabul ediş dowamlylygyny lukman bellemelidir. 2. Pes güýçli lazer şöhlelenmesi – öý şertlerinde lazer daraklary görnüşinde ulanylyp bilner. Lukmançylyk merkezleriniň şertlerinde has güýçli lazer enjamlaryny ulanýarlar. Lazer daraklary bilen deňeşdirlende, uly kuwwatly lazer enjamlary ýokary peýdalylygy bilen tapawutlanýar. Derman serişdeleri bilen bejergide bolşy ýaly, lazer şöhleleri hem saçyň wagtlaýyn ösmegine ýardam berip, saç düşmäniň düýp sebäbini aradan aýyrmaýar. Lazer bilen bejergi tamamlanandan soň, saçlaryň ösüşi öňki ýagdaýyna gaýdyp gelip biler. 3. Adamyň öz saçlaryny alyp oturtma (transplantasiýa) – bu saç düşmäniň hirurgiki bejergisidir. Lukman digidrotestosteronyň täsirine duçar bolmaýan, ýeňseden ýa-da kelläniň gapdal tarapyndan alnan saç haltajyklaryny saçsyz ýere oturdýar. Oturdylandan soň, haltajyklardan kadaly sag saçlar ösüp, ömrüň ahyryna çenli saklanýarlar. Ýöne bu bejergä dalaşgärleriň hemmesine bu operasiýa görkezilen däldir we bejerginiň uzak möhletleýin netijeleriniň hemişe kanagatlanarly bolmaýan halatlary hem duş gelýär. II. Saç düşmäniň ýaýraň (diffuz) görnüşi – saçlaryň düşüp täzeden ösme aýlawynyň bozulmagy netijesinde, kelläniň saçly böleginde saçlaryň deň derejede güýçli düşmegi bilen häsiýetlendirilýär. Saçyň düşmeginiň bu görnüşi androgenetiki görnüşden soň ikinji ýerde durýandyr. Bu görnüşiň ýüze çykmagy bedende ýüze çykan näsazlyklara bagly bolup, olaryň aradan aýrylmagy gaçan saçlaryň 3-9 aýdan täzeden dikeldilmegine getirip biler. Saç düşmäniň sebäbi aýrylandan soň, saçlaryň çalt ösmegini gazanmak üçin ösüşi tijendiriji dürli usullary ulanyp bolar: saçyň ösmegine kömek edýän dermanlar, bejeriş melhemler, fizioemleri. III. Saçlaryň çogdamlaýyn düşmegi – kelläniň saçly böleginde bir ýa-da birnäçe dürli ululykdaky saçyň düşen ojaklarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň ýaly saçyň düşmegi gaşlarda, sakgalda, kirpiklerde hem ýüze çykyp, käwagtlar saçyň bölekleýin düşen ýerleri özara birleşip hem bilýärler. Saçyň şeýle görnüşde düşmegi birden ýüze çykyp, köplenç saçlaryň özbaşdak dikeldilmegi bilen hem tamamlanyp biler. Oňa garamazdan, 30% ýagdaýlarda kesel ýitileşip ýa-da saçyň ösüp, ýene düşmegi bilen dowam edip biler. Bu görnüşiň bejergisinde ýörite derman serişdeleri ýa-da bejeriş usullary ýokdur. Bejergide kortikosteroidler (gerdejikler, sanjymlar, melhemler görnüşde) giňden ulanylýar. Kortikosteroid gormonlary şikeslenen ýerlerde täze saçyň ösmegine ýardam berseler hem keseliň özüni bejerip, saçyň düşmegine getirýän sebäpleriniň öňüni alyp bilmeýärler. IV. Tyg emele gelme bilen gutarýan saç düşme – saç düşmäniň hemme görnüşleriniň 1-2%-ni tutýandyr. Tygly saç düşme, esasan dürli ýokançlyklaryň (wiruslar, kömelekler, bakteriýalar) täsiri bilen saçly haltajyklarda döreýän şikeslenmeler netijesinde ýüze çykýar. Eger bejergi wagtynda geçirilse, saçlaryň düşmeginiň öňüni almak mümkindir. Ondan başga-da, saçyň düşmeginiň bu görnňşi, kelle derisiniň şikeslenmegi, ýylylyk we himiki täsirleriň netijesinde dörän ýanyklardan soň hem döräp biler. Saç düşmäniň bu görnüşi diňe hirurgiki ýol bilen bejerip bolýandyr. Saç düşen ýerler, eger olar juda uly bolmasa kesilip aýrylýandyr ýa-da şikeslenen saçsyz ýerlere bedeniň sag ýerlerinden saçly haltajyklar göçürilip goýmak bilen bejerilýär. Saç haltajyklarynyň geçirilmegi iki usul bilen amala aşyrylýar: Strip usuly oturtmak üçin ýeňseden alnan deri bölegi ulanylýar. Bölekler 1-3 sany saç haltajygyny saklaýan graftlara bölünip oturdylýar. Tikinsiz (follikulýar) usuly täze usullaryň biri bolup, sagdyn ýerlerden saç haltajyklary ýörite gu- ralyň kömegi bilen alynýar. Eger ýeňse bölekden saçlaryň ýeterlik sany alnyp bilinmese, bu maksat üçin eňekden, döşden, aýaklardan alnan saç haltajyklary ulanylyp bilner. Häzirki wagtda düşen saçlary dikeltmekde we saçsyz ýerleri bejermekde saçlary oturtmak ýeke-täk netijeli usul bolup durýandyr. Oturdylan saçlaryň täze ýerde ösme ukybynyň ähtimallygy 95%-den hem ýokarydyr

Köneler, muzazzi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir