Ozal Mekgäň ýerne Meskewe sürüp, Hudaýsyz kommunist etdiler ony. Soň metjit görkezip, namazlyk berip, Hak ýoluna tarap itdiler ony. Arakhordy, goýdy piwe-şeraby, Hatda nas-çilimden açdy arasyn. Ýetime, ýesire seçdi, dargytdy, Başlyk bolup, haram toplan parasyn. Sary gulpak gelinlerden daşlaşdy, Terk etdi dostlaryn meslige hemra. Öý-iş hemem metjit ara zygyrdap, Begendi hak ýolda bolanna gümra. Ýöne bir gün, aýdyşy deý Pyragyň, “Eý, agalar, gözi bir ýaman gördi.” Metjidiň töründe tanalýan biri, Gurhany basalap, ýalaňaç durdy. Düýşümi, huşumy, aksakgal bary, Çyplagyň öňünde çöküpdir dyza. Ol ýaňy işikden ätläpdi çala, Ýyldyrym uran dek serpildi yza. Şondan bäri hiç çykmaýar öýünden, Ýeke-täk mydary çanak antenna. Günde "Azatlyga" dikýär gulagyn, Hemem uka gidýär TV-niň ýanda...

Köneler, garypjan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir