Bruklinde bir garry adam
nähoşlap, ýoldan beýleki
tarapa geçeninde büdräp
ýykylypdy. Garry adamy
derrew „Tiz kömek“ bilen
hassahana ýerleşdirdiler.
Ol adam hassahanada
beýhuş bolup ýatyrka
oglunyň adyny agzap,
samrap başlaýar.
Hassahanadaky
nobatçylar garry hassanyň
jübüsinden tapylan bir hat
esasynda ol adamyň
oglunyň deňizçidigini we
Demirgazyk Karolinada
esgerlik
gullugyndadygyny
bilýärler.
Ýagdaý Bruklin
„Gyzyl haç“ merkezine
bildirilýär. Olar hem
habary Demirgazyk
Karolina „Gyzyl haç“
merkezine ýetirýärler.
Hassanyň ýagdaýy agyr
bolandygy üçin habaryň
haýal etmän harby
bölüme ýetirilmegi
hökmandy. „Gyzyl haçda“
işleýän işgärleriň biri bilen
serkerde maşyna münüp,
ýigidi gözlemäge
gidýärler we ony
türgenleşikde gezip ýörkä
palçygyň içinden
tapýarlar. Wagt ýitirmän
maşyna münüp howa
menziline alyp gidýärler.
Ýaş ýigit hassahananyň
gapysyndan ätläninde
iňrik gowy garalypdy.
Tolgunmaklygy
ýadawlygyndan hem
üstün çykýardy. Şepagat
uýasy ony hassanyň
ýanyna eltýär we ol
adama:
– Ynha, ogluňyz geldi –
diýýär.
Şepagat uýasy hassa
gözlerini açýança bu
sözleri birnäçe gezek
gaýtalamaly bolýar.
Dermanlar bilen ukuly
ýagdaýa gelen hassa
gabadyndaky esger eşikli
ýigidi gözi ümezläp
duransoň, zordan görýär.
Garry elini näme üçindir
ýigide tarap uzadýar.
Esger kuwwatly
barmaklary bilen garrynyň
titreýän ellerini kuwwat
bermek isleýän ýaly mähir
bilen gysýar. Soňra hassa
seredýäniň getiren
oturgyjyny krowatyň
ýanyna çekýär.
Hassahanada gijeler
wagty bilen geçmeýärdi;
onsoň hem deňizçi entek
hem ýarym garaňky
otagda otyrdy, ellerini
aýasynda saklap duran
hassasyna biraz umyt,
biraz kuwwat bermäge
synanyşýardy. Hobatçy
lukman haçan otaga girse,
ýigidi şol bir ýagdaýda
görýärdi. Ol birnäçe
gezek ýaş ýigidiň biraz
daşary çykyp dynç
almagyny haýyş edipdi,
emma oňa sözüni diňledip
bilmändi. Ýaş esger
garrydan gözüni
aýyrmaýardy. Ne giren
şepagat uýasyna
seredýärdi, nede
hassahananyň içinden
gelýän gohlara gulak
salýardy.
Hassa bütin gijäni esgeriň
ellerini gujaklap ýatdy we
gün doganynda jan berdi.
Şol wagt ýaş ýigit
garrynyň elini krowatda
goýdy we gidip hassa
seredijini çagyrdy. Soňra
hem garaşylýan otaga
geçdi.
Nobatçy lukman gerek
bolan işleri ýerine
ýetireninden soňra
esgeriň ýanyna gelip,
hassa başsaglygyny
dilemek isläninde, ýaş
ýigit onuň sözüni kesdi
hem-de:
– Bu adam kimdi – diýip
sorady.
Nobatçy lukman haýran
galmak bilen:
– Ol siziň kakaňyz dälmidi
näme – diýip sorady.
Ýaş ýigit:
– Ýok. Men-ä ony
ömrümde ilkinji gezek
görýärin– diýdi.
– Sizi onuň ýanyna
äkidenimde näme üçin bu
barada maňa hiç zat
aýtmadyňyz?
- Palata giren badyma bu
işde bir ýalňyşlygyň
bolandygyny duýdum.
Emma garry ogluna
sabyrsyzlyk bilen
garaşýardy ahyry.
Ölmezinden öň ogluny iň
soňky gezek görmek
isleýändigi bellidi. Görgüli
adam şeýle bir gynançly
ýagdaýdady welin, öz
ogly däldigimi aňşyryp
biljek däldi. Şeýle
ýagdaýda ol adamyň
oglunyň ýerine bolup
bilerin we iň soňky
sagatlaryny arkaýynlykda
geçirmegine kömek edip
bilerin diýip pikir etdim we
hiç bir zat aýtman onuň
ýanynda boldum.
Ýaş deňizçi sözüni
tamamlanyndan soňra
yzyna dolanyp gitdi. Iki
günden soňra ol adamyň
hakyky ogly kakasynyň
jynazasyny okatdyrmak
üçin esgerlik gullugyndan
gaýdyp gelýär.
Ýalňyşlygyň sebäbi örän
ýönekeýdi. Şol bir
goşunda gulluk edýän iki
esgeriň atlarynyň
meňzeşligi kadrlar
bölümini ýalňyşdyrypdy.
Soň bu ýalňyşlyk bilinipdi
we garrynyň ogluny ýola
salypdyrlar.
Emma bu ýalňyşlyk
dünýäde nähili gowy
ýürekli adamlaryň
bardygyny ýene bir gezek
görkezmeýärmi näme!?
Gijeki nobatçy
-
Bilgi
13 years ago
- gaty gowy yazlypdyr,yuregim ezildi. Sag bolun,ellernize saglyk!
-
muzazzi
13 years ago
- gowy adamlar bar.sanada sag bol dost yazanyn ucin.
Bahbit 13 years ago- Орэн гынанчлы хем тэсирли екен