Adamsyň, ýagşyň-da, ýamanyň-da bor, käte mamla borsuň, käte bimamla; Kä gülersiň gözüň ýaşlap şatlykdan, käte gowzamaly bolarsyň aglap... Adamsyň, bazardyr durmuş bir ýandan, satmagyň-da mümkin, satylmagyň-da; Bir ýanyň uruşdyr, bir ýanyň baryş, atmagyň-da mümkin, atylmagyň-da. Adamsyň, ozaly özüňden, soňra gypynç etmän çalt öwýänden çekin. Sebäp çalt söýen çalt ýigrener, hemem çalt sögüp gyzdyrar çetiň. Bu-da hiç diýersiň, emma çalt sögýän çalt gelip yzdan urubam biler; Geçirseň ýa gezseň bilmedik bolup, ýaralap, öňüňde durubam biler. Diýmek, çalt öwýän, çalt sögýänden, hemem çalt urýandan ägä bol gaty. Sebäbi çalt urýan çalt ýaralap, öldüribem biler ýetip ýa atyp... Dogry, çalt öwýän, çalt ýigrenýän çalt ökünibem biler edenne. Ýöne öldürleňden, gömüleňden soň, tentek tobasyndan ne peýda saňa?
HALYPA 13 years ago- calt sozuni kan gaytalayan, hemde kapiylerine seretmeli