Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gszgin, Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin, Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin, Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ol birins al berme, Owwal adamdan gaçma, gaçsaň, asla el berme, «Jan aga, özüň bil» diýp, hor näkese ýalbarma, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Nepes, hiç bir kem durma deňi- duşu, dost-ýardan, Pul tapmasaň, göterme näkes bilen süthordan, Her diläňde, gam basar, köňlüň dolar gubardan, Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Köneler, Tourist tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir