Musa Jelil (Tatar şahyry) Iň soňký aýdymym Uzaklara seredýärin: Dag-düz, asman - giden giňlik, Meniň weli ýatan ýerim Hem aňkap dur Hemem tümlük. Ak ganatly bir guşjagaz Pasyrdap ýör al-asmanda. Men weli elim gandally Ýatyryn porsy zyndanda. Gyzylja gül gök meýdanda Atyr ysyn saçyp otyr. Musa bolsa çyg zyndanda Läbikli suw içip otyr. Ýaşamak nähili süýji! Ne ajap ömri adamyň! Men weli häzir ölmeli, Bu aýdym - Soňky aýdymym. Awgust, 1943 ý. (sah. 280)

Köneler, Tourist tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir