Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda, onuň eserleriniň neşir edilşi dogrusynda, magtymgulyşynaslyk ylmy barada söz açylsa bu gürrüňiň bir ýanynda ady tas rowaýata öwrülip giden Mäti Kösäýewiň hem ady agzalýar. Onsuz mümkin hem däl. Megerem bu Mäti aganyň köp ýyllap Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde şahyryň döredijiliginden talyplara ders berenligi üçindir. Megerem şol uniwersitetde Magtymguly muzeýini döredenligi üçindir. Megerem şol uniwersitetde ýetişen ýaş ýazyjy-şahyrlaryň başyny jemleýän Magtymguly adyndaky edebi birleşmäniň ýolbaşçylarynyň biri bolandygy üçindir. Megerem şu zatlaryň hemmesi üçindir. Galyberse-de Magtymguly hakynda ylmy iş, goşgy-gazal, poema ýazanlaryň ilki diňlän leksiýalarynyň Mäti aganyňky bolanlygy üçindir. Dogurdanhem biz Gurbannazar Ezizow dagydan soň, şol uniwersitetde okap, Mäti agadan Magtymgulynyň döwri, ömri hakynda leksiýa-da diňledik, ýokary baha-da aldyk. Mäti Kösäýew geçen asyryň 60-njy ýyllaryň aýaklarynda Magtymguly adyndaky uniwersitetiň edebiýat kafedrasynyň müdiridi. Öz döwründe bu oduň-suwuň içinden geçen, köp kynçylyklary gören adamyň özünden birhili biziň göz öňüne getirýän Magtymgulymyzyň keşbine meňzeşlik bardy. 1968-nji ýylyň güýzünde bize uniwersitetiň otagynda Mäti aga leksiýa berip durdy. Gündiz sagat 11-di. Ine şonda Aşgabatda ýer titiredi. Ýer birinji gezek titiräp eýmenç ses edeninde, talyplar ýerlerinden turup, gapa ýönelmäge başlady. Şonda Mäti aga gapynyň agzynda durup: “Gorkmaň, hiç zat bolasy ýok, Hudaý bardyr!” diýip bizi köşeşdirýärdi. Ýer ikinji gezek hem silkdi-de köşeşdi. Giden gitdi, galan galdy. Men şonda Mäti aganyň gorky-hesersiz öz talyplarynyň yzyndan seredip duranyny we soň hem kitap-depderlerini arkaýyn salyp daşaryk tarap howlukman ýöräp barýarka: “Kyrk ýylda gyran geler, içinde ajaly ýeten öler” diýip barýandygynyň şaýady boldum. Kysmata kaýyllyk zandynda bar bolsa-da bardyr, ýöne onuň professor mugallymyň ýany bilen barýan talyplara – bize: -Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,// Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat – diýip, Magtymgulynyň setirlerini ýatdan okap barýanlygy ýadyma düşýär. Megerem Magtymgulyň goşgulary onuň hemme zada – ýaşaýyşa, ömre-ölüme, şatlyga-gussa, kynçylyga, galplyga, hakykata filosofik nukdaýnazar bilen seretmek ukybyny berendir.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir