Eý ýaranlar, dünýä geldiň-gelmediň, Bu şirin jan azyz läşden aýrylsa, Ýalançyda bäş gün gezdiň-gezmediň, Wagt ýetişse, käse huşdan aýrylsa. Garrylyk bir gyşdyr, köňlüň oýanmaz, Ýürek gaýnap, yşkyň ataşy ýanmaz, Bil büküler, iki dyzyň daýanmaz, Kuwwatdan, mydardan, güýçden aýrylsa. Ýer bile asman parhy adam adamdan, Kimiň sözi zäher – bal damar kimden, Ýüz müň elwan dürli her bir tagamdan, Lezzet gider dahan dişden aýrylsa. Her ne hajatyňy dilegil Hakdan, Gudraty güýçlüdir, bar etdi ýokdan, Goç ýigit kem görner guldan gyrnakdan, Gallaç bolup, maldan-başdan aýrylsa. Biwepaga köňül berme, üzewer, Haýyr gazan günä işden ýazawer. Magtymguly, bäş gün mestan gezewer, Joşgun geçer, ýigrimbäşden aýrylsa

Köneler, Ennio tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir