Aldandyñ, ezizim, ýalñyshdyñ chensiz, ýöne soñra biljegiñi unutma! Saña durmush juda kyn düsher mensiz, günleñ agyr geljegini unutma! Me£nunyñ leýlini söýshünden zyýat söýüpdim men seni, wah, özüñ shaýat. Sen sheýle söýgüni bilmediñ aýap, ahmyr bolup dömjegini unutma! Hosh gal, gidýän, ömür saña lak atman gezjek borun, "oýlan" diýip ýatlatman. Emma öpüshlermi ýatlap, dodaklañ lowlap-lowlap ýanjagyny unutma! Ähdiñ, wepañ, gör, dashlashyp señ bile gachyp barýar, bir näbelli menzile. Ýashlyk arzuwlañam gider meñ bile, bir bosh göwrä dönjegiñi unutma! Shat günleñde, belkem, biri gashyña gonup, meni getirmez señ hushuña. Kyn günleñde welin girip düýshüñe, ýalñyz hossar boljagymy unutma! Hosh gal, peýda gelmez soñky "belkemden..." gan bilen girmedik chykarmysh tenden. Bu ýüregim dash däl, sowap kem-kemden, ahyr bir gün sönjegini unutma!
Unutma!
-
def
13 years ago
- puff bet
-
Friendship
13 years ago
- Spasibo!:-)
History 13 years ago- :-)